Kosmetika serişdelerini öndürýän “Estée Lauder” kompaniýasy 2,8 milliard dollarlyk şertnama bilen “Tom Ford” moda brendini satyn alar.Kompaniýalaryň ýolbaşçylary bu ylalaşygyň “Estée Lauder”-iň häzire çenli gol çeken iň uly geleşigidigi bellenildi.
Ylalaşyga görä, “Estée Lauder” 2,3 milliard dollar tölär. Şeýle hem “Tom Ford” bilen aýratyn şertnamasy bolan italýan äýnek öndüriji şereketi “Marcolin SpA” 250 million dollar tölär.Puluň nagt we bergileriň berilmegi görnüşinde tölenjekdigi mälim edildi. Şertnamanyň 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda tamamlanmagy garaşylýar.
1946-njy ýylda esaslandyrylan “Estée Lauder” kompaniýasy lýuks kosmetika önümlerini öndürýär. Dünýäniň dürli ýerlerinde dükanlary bolan kompaniýanyň 48 müň töweregi işgäri bar. Italiýanyň “Marcolin SpA” kompaniýasy bolsa her ýylda dürli äýnekleriň millionlarçasyny öndürýär.
Bägül Hanowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby