2,5 ýyldan soňky ilkinji çempionlygy

Hytaýyň Tianžin şäherinde zenanlaryň arasynda geçirilen Açyk çempionatda russiýaly Mariýa Şarapowa ýeňiş gazandy.Ol finalda belarusly Arina Sobolenkony 2 setiň dowamynda ýeňlişe sezewar etdi. 2 setde-de az-owlak kynçylyk çeken Şarapowa WTA-nyň sanawynda 102-nji hatarda barýan Sobolenkony 7:5, 7:6 hasaplary bilen utmagy başardy. Şeýlelikde, 15 aýlyk doping sebäpli jerime alan Şarapowa 2015-nji ýylyň maýyndan bäri ilkinji kubogyny gazandy. 5 “Uly tuwulganyň” eýesi 30 ýaşly Şarapowa karýerasyndaky 36-njy çempionlygyna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Şarapowadan soň Gauff
15-nji noýabr
Britaniýaly Radukanu US Open-iň ýeňijisi boldy
Şarapowa tennis bilen hoşlaşdy
Eşli Barti Australian Open ýaryşynda ýeňiji boldy
Korrupsiýa aýyplamalarynda ýene-de ençeme resmi wezipesinden boşadyldy