2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar

6-njy maýda Westminster abbatlygynda geçiriljek Beýik Britaniýanyň Koroly Karl III täç geýdiriliş dabarasyna 2,2 müňden gowrak adam gatnaşar. Bukingem köşgi tarapyndan ýaýradylan beýanata görä, olaryň arasynda 203 ýurduň wekilleri, döwlet baştutanlary we daşary işler ministrleri, dini wekiller, Nobel baýragynyň eýeleri we jemgyýetçilik işgärleri bolar. Maglumatlara görä, 100 töweregi döwletiň wekilleri ýokary derejede kabul ediler.

Karl III täç geýdirilişi Ýelizaweta II aradan çykandan sekiz aý soň guralýar. Beýanata görä, Wengriýanyň, Irlandiýanyň, Polşanyň, Filippinleriň, Fransiýanyň döwlet Baştutanlary, Ispaniýanyň we Şwesiýanyň Korollary, Monakonyň knýazy, Ýaponiýanyň Imperatory, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary we Beýik Britaniýanyň syýasy ýolbaşçylaryna çakylyk ugradylypdyr.

Karl III täç geýdiriliş dabarasy, gerimine görä, Şa zenan Ýelizaweta II 1953-nji ýylda guralan täç geýdiriliş dabarasyndan pes bolar. Şol dabara 8,2 müňden gowrak myhman gatnaşypdy. Karl III täç geýdiriliş dabarasynda guraljak ýörişi Ýelizaweta II geçen sekiz kilometr ýörişinden dört esse gysga bolup, onuň üçin iki dürli kareta ulanylar.

Bukingem köşgünden Westminster abbatlygyna çenli ýoly, Korol Karl III we aýaly Kamilla häzirki zaman karetasynda geçerler.Bu abbatlykda Karl III täç geýdiriler.Korol Karl III we aýaly yza gaýdyşyn 1762-nji ýylda ýasalan altyn karetada ýola düşerler.

Sekiz ata goşulan dört tonnalyk kareta monarhlar tarapyndan iň möhüm wakalarda, şol sanda 1953-nji ýylyň 2-nji iýunynda häzirki Korolyň ejesi Ýelizaweta II täç geýdiriliş dabarasynda ulanylypdy.Monarh tagta geçenden soň, oňa 2,2 kilogram agramly keramatly Eduard täji geýdiriler.

Ýene degişli makalalar

2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
Täç geýdiriliş dabarasy guralar
Karl III şekillendirilen şaýylyklar hödürlendi
Karl III doglan gününi belledi
Beýik Britaniýanyň Koroly 4 gün dowam etjek Keniýa saparyna başlady
Karl III täç geýdirildi