
Türkmenistanda 1995-nji ýyldan bäri 27 500 töweregi bosgun we raýatlygy bolmadyk adamlar ýurduň raýatlygyna kabul edildi. Bu barada BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekili Hans Fridrih Şodder mälim etdi diýip, Trend habar berýär.
Habar berlişine görä, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistandaky ahyrky 13 sany bosgun hem ýurduň raýatlygyna kabul ediler. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekili Hans Fridrih Şodder bu barada şeýle diýdi:
Ýeri gelende bellesek, 2019-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda raýatsyzlyk ýagdaýyny ýok etmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasy, 2021-nji ýylda bolsa Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän kanunçylyk namasy kabul edilipdi.