1992-nji ýylyň Toyota Camry-sy iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawynda lider boldy

1992-nji ýylyň Toyota Camry-sy iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawynda lider boldy

CarBuzz portaly onlarça ýyllaryň dowamynda işläp bilýän awtoulag modelleriniň sanawyny düzdi. Reýtinge biznes-sedanlar, ykjam modeller we hatda ýönekeý gurluşy, ygtybarly hereketlendirijileri we hyzmat etmekde ýönekeýligi bilen tapawutlanýan ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply bir awtoulag hem girdi. Şeýlelikde, bu sanawda birinji orny 30 ýyl mundan öň çykan Toyota Camry eýeledi diýip, vonauto.ru habar berýär.

Awtoulag hiç hili döwülmezden 500 000 kilometr ýoly geçip bilýär. Şol bir wagtyň özünde, oňa bildirilýän ýeke-täk talap ýagyň çalşylmagydyr.Ikinji we üçünji orunlary 1989-njy ýylyň Honda Accord we 1996-njy ýylyň Volvo P1800 awtoulaglary eýeledi.

Dördünji orunda 1950 1979-njy ýyllarda çykan Volkswagen Beetle ýerleşdi.Düýpli näsazlyk bolmasa, bu sedan, gürrüňsiz, 800 müň kilometri geçip biler.Liderleriň bäşligini dizel hereketlendirijisi bolan Mercedes-Benz 240D/300D jemleýär.

Onuň yzyndan bolsa Ford Crown Victoria, Jeep Cherokee XJ 1987 2001 we Toyota Sprinter gelýär.Portalyň belleýşi ýaly, bu awtomobiller döwülmezden millionlarça kilometr ýoly geçip bilýärler.Mysal üçin, Volvo P1800 üç million mil ýa-da 4,9 million kilometr ýoly geçmek bilen, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi
Dünýäde iň köp satylýan awtoulaglaryň onlugy yglan edildi
Alymlar arylaryň kömegi bilen koronowirusy sanlyja sekuntda anyklamagyň ýoluny tapdylar