Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda nobatdaky döredijilik bäsleşigi yglan edildi, alpinistler Gimalaý dagynyňy Manaslu gerşinde Türkmenistanyň baýdagyny dikdiler, Türkmenistanda Gün we ýel energiýasy bilen işleýän köpugurly elektrik stansiýasy açylar we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow öz zähmeti bilen tapawutlanan raýatlaryň sylaglanyljakdygyny aýtdy. Dabaraly çäre şu ýylyň ahyrynda geçiriler. Döwlet Baştutany akyldar şahyryň ýubileýi bilen bagly çäreleriň dowam edýändigini aýtdy. Ol döredijilik işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň bu ugurda uly işleri bitirýändigini nygtady.
2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Edebiýat we sungat gazetinde dolulygyna çap ediler.
3. Türkmenistanda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. Elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy Türkmenistanda 3-nji noýabrda bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriler. Şeýle hem bu şanly senä gabatlanyp Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki önümler kärhanasy açylar.
4. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda nah ýüplük, nah we tüýjümek matalary, taýýar tikin önümlerini öndürýän dokma toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu täze toplumyň gurulmagy importyň ornuny tutýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümlerini öndürmäge, olary eksport etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
5.Puşkin adyndaky Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň wekiliýeti hyzmatdaşlygy we sergileri guramagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi.Hyzmatdaşlyk üçin gyzyklanma bildirilýän mowzuklaryň biri hem Baktriýa medeniýetidir. 1980-nji ýyllaryň ahyrynda Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky Merw oazisinde Wiktor Sarianidi 200-den gowrak ilatly nokadyň üstüni açdy, olaryň merkezi Goňurdepe şäheri bolupdyr.
Bu gazuw-agtaryş işleri Gadymy Gündogaryň ozal mälim bolmadyk medeniýet merkeziniň Merkezi Aziýada bürünç asyryna degişli Baktriýa-Margiana arheologiki medeniýetiniň bolandygyny subut etdi.
6. 2024-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda 14 ýurtdan alymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda Türkmenistanda üç sany iri halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Çäreler himiki tehnologiýalar, daşary ýurt dillerini öwretmek we oba hojalygynda biotehnologiýany ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleleri öz içine alar.
Maslahatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmammet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda we Türkmen oba hojalyk institutynda geçiriler.
Dünýäde
7. ABŞ-nyň Ýuta ştatynda adaty bolmadyk abadanlaşdyryş taslamasy jemgyýetçiligiň ünsüni çekdi. 11 ýaşly ýerli ýaşaýjy Rosili Olsonyň çeken suraty çagalar meýdançasynyň durkuny täzelemek taslamasy üçin esas döretdi. Bu başlangyç gyzyň ejesi oýun meýdançasyny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýän şäher häkimligine gyzynyň suratyny hödürläninden soň işlenip düzüldi. Şäher häkimligi ýaş suratkeşiň döredijilikli çemeleşmesine haýran galyp, onuň pikirlerini hakykata öwürmek kararyna geldi.
8.Hytaýyň Robot Era kompaniýasy iki aýakly robot işläp düzmekde täsirli netijeleri gazandy.Olaryň soňky taslamasy bolan Star1 gumanoid roboty ajaýyp ylgaw ukyplaryny görkezdi.Gobi çölünde geçirilen synaglarda ýörite krossowka geýen robot ylgan wagty sekuntda 3,6 metr tizlige ýetdi we bu tizligi 34 minut saklady.
Ylgaw aýakgaplaryň bolmagynyň aýakgapsyz synaglar bilen deňeşdirilende, Star1-iň öndürijiligini ep-esli gowulandyrandygyny bellemek gerek.Boýy 1,71 metre we agramy 65 kilograma deň bolan gumanid öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Onuň gurluşynda güýçli hereketlendirijiler ulanylýar, emeli aň bolsa robotlaşdyrylan agzalaryň hereketine gözegçilik edýär.
Sport täzelikleri
9. Türkmenistanly alpinistler topary dünýäniň sekizinji iň belent nokadyna Gimalaý daglarynda ýerleşýän beýikligi 8 müň metrden gowrak bolan Manaslu gerşine çykdylar. Dagyň depesinde ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dikildi. Ekspedisiýa Türkmenistandan tejribeli alpinistler we beýleki ýurtlaryň raýatlary gatnaşdy.
10. Gonkongda ýerleşýän Aziýanyň Tennis federasiýasynyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Aziýanyň iň depginli ösýän guramalarynyň biri hökmünde ykrar edildi. ATF-niň prezidenti Ýuriý Polskiý guramanyň 60 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilenn çärede türkmen federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletowa ýadygärlik baýragyny gowşurdy.