19-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

19-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna BMG-niň Baş sekretarynyň hatlary gelip gowuşdy, Turkish Airlines Aşgabat Stambul Aşgabat ugry boýunça uçuşlarynyň bahasyny arzanladýar, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň Brýussele amala aşyran sapary halkara neşiriň üns merkezinde boldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk hatyny iberdi.Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna we pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn hem-de şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek Geljegiň sammitinde Türkmenistanyň möhüm orun eýelejekdigine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn diýip, Antoniu Guterriş hatynda belleýär. 2.

Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat Stambul Aşgabat ugry boýunça petekleriň bahalarynyň arzanladylandygyny yglan etdi.Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, ýörite teklip şu ýylyň 31-nji awgustyna çenli hereket eder.Aksiýanyň çäklerinde ýolagçylar ekonom klasynyň peteklerini 525 ABŞ dollaryndan başlaýan bahadan satyn alyp bilerler. 3.

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatynda kabul edilen kanunlaryň we kararlaryň birnäçesini tassyklady.Tassyklanan resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda Kodeksine girizilen üýtgetmeler bar.

Ol pensiýalary we kömek pullaryny alyjylaryň bank kartlaryna geçimäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýurduň Ýewraziýa Patent Konwensiýasyna degişli Senagat nusgalaryny goramak hakynda Teswirnama goşulmagy makullandy.Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky Ylalaşyga Teswirnamanyň tassyklanmagy möhüm ädim boldy.

Mundan başga-da, Türkmenistan Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşuldy. 4.Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynda Diplomatic World žurnalynyň ýolbaşçysy Barbara Ditrih neşiriň 74-nji sanyny türkmen diplomatlaryna sowgat berdi. Žurnalyň täze sanynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Ýewropa Bileleşigine hem-de Benilýuks halkara parlamentara guramasyna agza ýurtlar bilen gatnaşyklaryna degişli möhüm wakalary şöhlelendirilýär. Žurnalyň esasy makalasy şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Brýussele amala aşyran saparyna bagyşlanýar. Şeýle hem žurnalda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen guralan söhbetdeşlik hem çap edilipdir.

Ilçi Ýewropa Bileleşiginiň institutlary hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem beýik akyldar we şahyr Magtymguly hem-de ilçihananyň köpçülikleýin diplomatiýa ulgamynda alnyp barýan işleri barada gürrüň berýär.

Dünýäde

5.Hytaýly alymlar ýagyş damjalaryndan elektrik energiýasyny almagyň täze usulyny oýlap tapdylar.Bu oýlap tapyş magnit materiallaryndan peýdalanyp döredilen täsin supergidrofob plýonka esaslanýar.Enjamyň işleýiş usuly damýan damjalaryň kinetik energiýasyny elektrik toguna öwürmekdir. Ýagyş damjalary plýonkanyň üstüne degip, böküp başlanda, materialyň mikrodeformasiýasy ýüze çykýar.

Bu deformasiýa we soňra şekiliň dikeldilmegi elektrik toguny döredýär. 6.Meşhur etnografyň agtyk ýegeni Nikolaý Mikluho-Maklaý-kiçi Papua-Täze Gwineýada garyndaşynyň işini XXI asyryň ruhunda dowam etdirýär.

Ol çetki obalaryň ýaşaýjylaryny kompýuterler we smartfonlar bilen üpjün edýär.Onuň häzirki wezipesi papuaslara döwrebap aragatnaşyk ulgamlaryna birikmäge kömek etmekdir.Bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin Mikluho-Maklaý-kiçi ýörite gazna döretdi.

Bu serişdeler obanyň ýaşaýjylaryna internete, telelukmançylyga we beýleki möhüm häzirki zaman tehnologiýalaryna elýeterliligi üpjün edýän smartfonlary we kompýuterleri satyn almak üçin sarp edilýär.Sport habarlary

7. Ýewropa çempionynyň we Amerikanyň kubogynyň tamamlanmagyndan soň Halkara futbol federasiýasy futbol boýunça milli ýygyndylaryň reýting sanawyny täzeledi.Amerikanyň kubogyna mynasyp bolan Argentinanyň milli ýygyndysy birinji, fransuzlar bolsa ikinji ornuny gorap sakladylar. Üçünji orny Ýewro ― 2024-iň çempionlary ― ispanlar eýeledi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy ozalky ornunda ― 144-nji basgançakda galdy. 8.Matç TV teleýaýlymy Ispaniýanyň futbol çempionatynyň duşuşyklaryny görkezmek üçin ýedi ýyllyk şertnama baglaşylandygyny habar berdi.Türkmenistanly futbol janköýerleri üçin bu habar örän möhümdir, çünki Matç TW teleýaýlymyna tomaşa etmegiň birnäçe ýoly bar. Şolaryň biri IP TV gurnamak, Älem TV hyzmatynda tölegli hasaby açmak, şeýle hem Altyn asyryň Mobil TV goşundysy arkaly tomaşa edip bolar.

Türkmenistanda ispaniýanyň çempionatynyň duşuşyklaryna tomaşa etmek üçin başga mümkinçilikler hem bar.Sport döwlet sport teleýaýlymy Setanta Sports ýaýlymy bilen ylalaşyk esasynda La Liganyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezýär.

Ýene degişli makalalar

“Turkish Airlines” Aşgabat-Stambul-Aşgabat uçuşlary üçin petekleriň bahasyny arzanladýar
Ärdogan: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşy düýpli özgerdilmeli
1-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
BMG-nyň Baş sekretary Türkmenistanda saparda bolar
Guterriş: "Bu elhençlik bes edilmeli" diýdi
Dünýädäki Çaknyşyklarda Asuda Ilatdan Ölenleriň Sany 72 Göterim Artdy