19.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynyň öňünde anyk wezipeler goýdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky meselelere ünsi çekdi.Hünär bilimi hemişe döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň şertleriniň biri boldy.Häzir ol zähmet bazarynyň isleglerine has laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz döwletiň, iş berijileriň we okuw mekdepleriniň tagallalaryny birleşdirmegiň hem-de şolary Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasyny amala aşyrmaga gönükdirmegiň möhümdigini belledi. Ähli derejelerde okuw sapaklaryny sanly ulgama geçirmek häzirki şertlerde möhüm orun eýeleýär.

Bu ugur milli bilim ulgamyny özgertmegi dowam etmekde esasy ugurlaryň biri bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmegi, ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesini giňden ornaşdyrmagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe we şu günki mejlise çagyrylan Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowa ýüzlenip, Halk Maslahatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmek boýunça birnäçe wajyp çözgütleriň kabul edilendigini belledi.

Bu ýokary okuw mekdebiň alymlarynyň we mugallymlarynyň netijeli tekliplerini taýýarlamak boýunça işleri çaltlandyrmak gerek diýip, milli Liderimiz belledi.Hormatly Prezidentimiz soňky wagtlarda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi babatda görülýän çäreler barada aýdyp, bu ugurda öňde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi.

Häzirki döwürde ýerlerde haýsy ugra degişli hassahananyň gurulmagy, şeýle hem arassaçylyk we keselleriň öňüni almak boýunça degişli gulluklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin çäreleri görmek barada wise-premýer P.Agamyradowa we Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory A.Orazalyýewa birnäçe tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz dünýäniň dürli ýurtlarynda bolup geçýän ykdysady üýtgeşmeleri nazara almagyň gerekdigini belläp, wise-premýer G.Myradowa hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory S.Ataýewa bazar gatnaşyklarynyň esasy görnüşlerini öwrenmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklar berdi.

Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly we köpugurly esasda ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Çakyýewe hem-de Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň rektory N.Kulyýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň ulag hem-de üstaşyr geçelgeleriniň has-da ösdürilmegi, awtomobil we demir ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly degişli teklipleri taýýarlamak boýunça tabşyryklar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ugruň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna giň ýol açar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Tbilisidäki ilçisi Gruziýanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary täzelendi
Türkmenistanda birnäçe ýokary okuw mekdebiniň rektory çalyşdy
19.10.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Berdimuhamedow rektorlara “durmuşyň hilini gowulandyrmak” boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy
Berdimuhamedow ÝOJ-laryň rektorlaryna ýurtdaky durmuşy gowulandyrmak üçin programma taýýarlamagy buýurdy