19.10.2017 | Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onuň gün tertibine halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary girizildi, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem 2022-nji ýylda ýurdumyzda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň nobatdaky uçdantutma ýazuwynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Bu çäre 2015-nji ýylyň 10-njy iýunynda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň kabul eden “Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň 2020-nji ýyldaky ýazuwynyň Bütindünýä maksatnamasynyň” kararnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylar.

Bu çäräniň geçirilişine düýpli taýýarlyk görmek, guramaçylyk meselelerini wagtynda çözmek hem-de öňde boljak çäräni degişli derejede ugrukdyrmak maksady bilen döwlet toparyny döretmek göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu çäräniň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Onuň netijeleri döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny kämilleşdirmek, möhüm milli maksatnamalary işläp taýýarlamak, ilatyň demografiýa ýagdaýyna baha bermek üçin wajyp bolup durýar.Milli Liderimiz ilat ýazuwynyň maglumatlarynyň jemlenilmeginiň durmuş we ykdysady ulgamlarda ýerine ýetirilmeli çäreleri kesgitlemekde möhüm esas bolup durýandygyny belläp, ähli derejedäki býujetleri, ilkinji nobatda bolsa, Döwlet býujetini meýilnamalaşdyrmakda statistiki maglumatlaryň peýdalanylmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bu çäreleriň möhüm meselelerine ünsi çekip, wise-premýere degişli düzümler bilen bilelikde bu meseleleri ýene bir ýola işläp taýýarlamagy we şu ugurdaky milli tejribä hem-de öňdebaryjy ýörelgelere laýyklykda taýýarlyk işlerini alyp barmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, “şäher” bilen “obanyň” ýaşaýyş-durmuş tapawudyny aradan aýyrmak içerki syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.Milli Liderimiz bu meseleleriň sebitlerde döwrebap düzümiň kemala getirilmeginde giň möçberli gurluşyk işleriniň ösmegi arkaly çözülmelidigini aýdyp, welaýatlaryň ösüş maksatnamalarynda hut şu ugurlaryň göz öňünde tutulmagynyň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de degişli edaralaryň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny giňeltmek, kuwwatyny hem-de milli ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge goşýan goşandyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda we telekeçilik işini kämilleşdirmek, işewürligi işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmek hem-de ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply senagat toplumyny döretmekde hususy başlangyçlary höweslendirmek, bu ulgama öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew şu ýylyň 2-4-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2017” atly XXII halkara maslahaty hem-de sergini guramaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ykdysady gözden geçirilişe dünýäniň köp ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda nebitgaz kompaniýaniýalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.Halkara maslahatynyň gün tertibine dünýäniň,sebitiň we ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň hem-de bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşi, pudaga daşary ýurt maýa serişdelerini çekmek, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler giriziler.

Türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly meselelerine, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamalaryna aýratyn üns berler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalarda göz öňünde tutulan taslamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz nebitgaz sergisiniň we maslahatyň döwletimiziň ýangyç-energetika toplumynyň serişde hem-de senagat kuwwatyny doly derejede görkezmäge, ýurdumyz bilen öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň arasyndaky özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam bermäge gönükdirilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygy barada aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Häzirki güne çenli 735 müň 787 gektar meýdana bugdaý ekildi. Şunuň bilen birlikde, agrotehniki kadalara laýyklykda ak ekinlere ideg etmek, şol sanda ösüş suwuny tutmak, haşal otlara garşy göreşmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň pagtaçylary golaýlaşyp gelýän ajaýyp baýramçylygy Garaşsyzlyk gününi zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar.

Häzirki güne çenli Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryldy. Ýygnalan pagta hasyly kabul ediş bölümlerine hem-de pagta arassalaýjy kärhanalara bökdençsiz ýetirlýär, tabşyrylan hasyl üçin pagtaçylar bilen öz wagtynda hasaplaşyklar geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edermen pagtaçylarymyzy ajaýyp üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, täze zähmet ýeňişlerini arzuw etdi.Milli Liderimiz meýdanlarda galan hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin işleri ýokary depginde dowam etmegiň, ýygnalan hasyly harmanlarda talabalaýyk saklamagyň şertlerine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dokma senagaty üçin zerur bolan paýy seljermek, hasylyň özümizden artýan bölegini Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna çykarmak boýunça hem degişli görkezmeleri berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň himiýa we dokma toplumynyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna karbamide barabar zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada-da hasabat berdi.

Täze gazhimiýa toplumynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda taslamada göz öňünde tutulan möhletlerde gurulýandygy hem-de dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilýändigi habar berildi.Häzirki wagtda desgada gurluşyk-gurnama işleri çalt depginde alnyp barylýar.

Zawodyň baş elektrik üpjün ediji bekedinde kabelleri gurnamak, deňizden suw alyş bekedinde nasoslaryň we enjamlaryň gurnama işleri alnyp barylýar.Suwy himiki taýdan arassalamak bölüminde, bug gazanlaryny suw geçiriji we beýleki bug geçiriji turbalarynda, gaztrubina generatorynda orta hem-de pes basyşly synag işleri geçirilip, ilkinji sazlaýyş-goýberiş işlerine taýýarlyk görülýär.

Garabogaz şäherindäki “Bekdaş” gämi duralgasynyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň Dokma senagaty ministrliginiň işini kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu maksatlar bilen ministrligiň täze düzgünnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagaty ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek wezipelerini çözmäge, bu ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri hem-de eksport ugurly harytlary öndürýän önümçilikleri döretmäge ýardam etmelidigini belledi.

Umuman, munuň özi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna hyzmat eder. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň okgunly ösýän gazhimiýa pudagyny pugtalandyrmak üçin karbamid öndürýän täze zawodyň gurluşygynyň strategiki ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz önümçilik desgalar ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalary we iň täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň, ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere gazhimiýa kärhanasynyň hem-de Garabogazdaky deňiz portunyň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýeňil senagatynda amala aşyrylýan düzümleýin özgertmeleriň dokma pudagynyň kuwwatyny artdyrmaga, ýokary hilli haly önümleriniň önümçiligini ýola goýmaga, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini we görnüşini artdyrmaga ýardam etmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz bu ugurda gaýragoýulmasyz meseleleriň birnäçesine ünsi çekip, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde bina edilen medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk we şanly wakalar mynasybetli işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.

Bu tapgyrda ýurdumyzyň dürli ministrlikleri we pudak edaralary, Aşgabat şäher häkimligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu binalaryň buýrujylary boldular.Häzirki döwürde täze binalaryň gurluşyk işleri doly tamamlanyp, olaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň ýokary derejesine laýyklykda ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmalydygyny belledi.Aşgabat sazlaşykly ösýän şäheriň köpugurly ulgamlaryny özünde jemlemek bilen, gözelligiň, amatlylygyň, täzeçil usullaryň we binagärlik çözgütleriniň öňdebaryjy meýilleriniň hem-de milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşygyny döretmelidir. Şunda adamlaryň abadan ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi Aşgabatda amala aşyrylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugruna öwrülmelidir.

Milli Liderimiz döwletmiziň türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meslelelere mundan beýläk-de yzygiderli üns berjekdigini aýdyp, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk şanly senesine gabatlanyp ulanylmaga berilýän medeni-durmuş maksatly täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda D.Täşliýewi başga işe geçmegi sebäpli Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkimi wezipesinde işlän R.Annaberdiýewi bellemek hakyndaky Permanlara hem-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary A.Gyşykowyň üstüne ýüklemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, Bereket lokomotiw deposynyň açylyşyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman yklymara ýollarynyň çatrygynda ýerleşen bilen, Türkmenistanyň häzirki döwürde ägirt uly üstaşyr kuwwatyny sebitiň hem-de tutuş dünýäniň abadançylygynyň we durnukly ösüşiniň bähbidine laýyk gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirýändigini belledi. Ýurdumyz döwrebap ulag düzümini döretmäge ägirt uly serişdeleri gönükdirip, milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin onuň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak babatda ygtybarly esasy döredýär.

Bu ugurda amala aşyrylýan ähli çäreler ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa düzümine işjeň goşulyşmagyna, ýurdumyzda multimodal gatnawlaryň utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistiki merkezleriniň döredilmegine ýardam edýär.Milli Liderimiz täze desganyň ähmiýetini belläp, wise-premýere lokomotiw deposyny ulanmaga bermek dabarasyny ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, häzirki zaman awtoulag kärhanasynyň we okuw-türgenleşik merkeziniň gurluşygynyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.Häzirki wagtda Awtomobil ulaglary ministrligi we Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimize gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamasy hem-de gurulmagy teklip edilýän ýeriň çyzgysy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz awtomobil ulag ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň, onuň tehniki parkynyň üstüni ýetirmegiň, gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň ulgamy ösdürmegiň gaýragolulmasyz wezipeleri bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz täze desga gurlanda ähli degişli meseleleri, şol sanda göz öňünde tutulýan işleriň hilini, degişli gurluşyk serişdeleriniň ulanylyşyny, işleriň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny, ulag serişdelerini hem-de olara tehniki taýdan hyzmat ediş we abatlaýyş serişdeleriniň alynmagyny, awtoulag serişdelerine edilýän hyzmatlaryň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini nygtap, hödürlenen taslamany makullap, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra wise-premýer “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy” esasynda işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary pudagyny 2018-2021-nji ýyllar aralygynda ösdürmegiň esasy ugurlarynyň makstanmasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.

Hödürlenilýän maksatnamanyň çäklerinde, bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar.Milli Liderimiz bu pudagy kämilleşdirmegiň döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Soňky ýyllarda işe girizilen polat ýollar Türkmenistana goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi, milli baýlyklary çalt depginler bilen özleşdirmäge hem-de rejeli peýdalanmaga ýardam etdi, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde möhüm orun eýeledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demrr ýol ulaglary ulgamyyň işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, degişli edaralar bilen bilelikde teklip edilýän çäreleriň netijeliligini seljermegi, meýilleşdirilýän taslamalaryň ykdysady netijeliliginiň hasabatlaryny düzmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew şu ýylyň 10-12-nji noýabrynda Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň meýilnamasy barada hasabat berdi.Döredijilik çäresiniň dowamynda ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň eserleriniň sergisi, belli aýdymçylaryň, bagşy-sazandalaryň, “Galkynyş” folklor-tans toparynyň çykyşlary, türkmen hem-de ýapon artistleriniň bilelikdäki konserti guralar. Ýaponiýada geçiriljek Türkmenistanyň Medeniýet günleri 2015-nji ýylyň oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda guralýar.

Medeni çäreler türkmen-ýapon köpugurly hyzmatdaşlygynyň ruhy taýdan baýlaşmagyny, iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyny şertlendirer hem-de özara düşünişmek we dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmedigine ýardam berer.Soňra wise-premýer Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyzlyk güni mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, Ýaponiýada geçiriljek medeni çäreleri degişli derejede guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.Nobatdaky medeni çäre türkmen sungatyny, halkymyzyň däp-dessurlaryny hem-de baý milli mirasyny we Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten derejesini giňden beýan etmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Tehnologiýalar merkezinde geçirilen “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly birinji Türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, oňa HHR-niň Ylym we tehnika minisrtliginiň, Hytaýyň Hubeý hem-de Guandun welaýatlarynyň Ylym we tehnika departamentleriniň “Aziýa-Ýewropa” forum guramasynyň, şeýle hem Hytaýyň ylmy-barlag institutlarynyň 11-siniň, ýokary okuw mekdepleriniň 4-siniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistana ýurdumyzyň ylym we biim edaralarynyň 57-siniň hünärmenleri, 468 alym wekilçilik etdi.Maslahatyň dowamynda ylmyň we tehnikanyň dürli ugurlary boýunça täzeçil işläp taýýarlamalara garaldy mowzuklaýyn ugurlar boýunça “tegelek stoluň” başyndaky pikir alyşmalar boldy.

Seýsmologiýa, himiýa, maldarçylyk, weterenariýa gullugy, gün energiýasy, biologiýa, agrotehnologiýa ýaly ugurlaryň ösüşi bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.Maslahata gatnaşyşyjlar möhüm ylmy wezipeleri çözmekde netijeli gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.

Hususan-da, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk esaslaryny giňeltmek, ylym we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara toparyny döretmek babatda teklipler öňe sürüldi.Gepleşikleri yzygiderli dowam etmek maksady bilen, 2018-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda şunuň ýaly ikitaraplaýyn forumy geçirmek, şeýle hem türkmen hünärmenleriniň HHR-niň ylmy edaralarynda tejribe geçmegini guramak, özara alyşmalary we ylym hem-de innowasion tehnologiýalar babatda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan bilelikdäki maglumat taslamasy bolan web-saýtlary guramak teklip edilýär.

Tejribe alyşmak, iş ýüzündäki gatnaşyklary ýola goýmak, Hytaýyň işjeň seýsmiki zolaklarynda kiçi etraplaşdyrmak boýunça işleri geçirmek üçin türkmen hünärmenleri çagyryldy.Hytaý alymlary bolsa Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynda senagat ugurdaş suwlardan seýrek deş gelýän serişdeleri (litiýa rubidiýa, seziýa we beýlekiler) almak boýunça tehnologiýalary bilelikde işläp taýýarlamaga çagyryldy.

Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň binýadynda tohumçylyk-seçgi işleri babatda mallaryň ýokanç kesellerine garşy waksinalary taýýarlamak we olary ornaşdyrmak boýunça iki ýurduň hünärmenleriniň gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary kesgitlenildi.Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça birnäçe anyk teklipler öňe sürüldi.

Munuň özi nano düzümli ýarym geçiriji organiki we organiki däl fotoelementleri, fotodetektorlary taýýarlamakdan, gün energiýasynyň hasabyna mikrosuwotularyny senagat möçberde ösdürmegiň innowasion tehnologiýasyny işläp taýýarlamakdan hem-de önümçilige ornaşdyrmakdan, galyndysyz, özbaşdak işleýän geliobiologik innowasion toplumy işläp düzmekden we önümçilige ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Derman ösümliklerini ösdürip ýetişdirmegiň hem-de olary gaýtadan işlemegiň täzeçil tehnologiýalaryny taýýarlamak, azyklyk we dermanlyk üçin niýetlenen kömelekleri ösdürip ýetişdirmegiň innowasion usullaryny özleşdirmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça netijeli teklipler öňe suruldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täzeçil tehnologiýalaryň döwletimiziň ösüşi üçin oňyn binýat bolup durýandygyny, adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýändigini, senagaty, oba hojalygyny ösdürmek üçin täze mümkinçiligi açýandygyny we ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny berkidýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň dowam etdirilmeginiň hem-de onuň üçin degişli hukuk, guramaçylyk binýadynyň döredilmeginiň, bilelikdäki taslamalara işewür düzümleriň çekilmeginiň we ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmeginiň, iň esasy bolsa olara döwlet goldawynyň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belläp, wise-premýere teklipleri seljermegi we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler we şunuň bilen baglylykda, 1415-nji noýabrda Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyny (RECCA VII) geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Goňşy döwletler, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasy bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz doganlyk döwletiň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna goşulyşmagyna ýardam etmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalary amala aşyrmaga çekmek arkaly Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine yzygiderli goldaw berýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan owgan meselesiniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz ençeme ýyllaryň dowamynda 2011-nji ýylda döredilen “Stambul prosesiniň” çäklerinde “Sebit düzümleri” atly çärelere baştutanlyk edip gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir.

Häzirki wagtda iki goňşy döwletiň daşary syýasat edaralary tarapyndan bu maslahata taýýarlyk görmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar.Guramaçylyk we beýleki degişli meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde ýörite utgaşdyryjy topar döredildi.

Garaşylyşy ýaly, forumyň işine dünýäniň ençeme ýurdunyň we halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň wekilleri gatnaşar.Maslahatyň gün tertibiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.Gatnaşyklary ösdürmek hem-de ykdysadyýet babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek onuň esasy meseleleriniň biri bolar.

Iki günlük duşuşygyň barşynda Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan energetika we ulag-aragatnaşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek, söwda, hususy ulgamy ösdürmek hem-de telekeçilik ugry boýunça işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýaly ugurlara degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

RECCA VII maslahatynyň çäklerinde şu ýylyň 13-nji oktýabrynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Hytaýyň, Eýranyň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň we ABŞ-nyň wekilleriniň gatnaşmagynda ylmy maslahatyň geçirilendigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen we owgan halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyny hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň baý tejribesine we köpasyrlyk taryhy-medeni umumylyga daýanýandygyny belledi.

Häzirki döwürde däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär.Döwlet Baştutanymyz Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylyk ýoly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň goňşy ýurduň durmuş-ykdysady hem-de medeni taýdan dikeldilmegine netijeli kömek berýändigini, şu maksatlar bilen sebit we dünýä ähmiýetli iri düzümleriň taslamalaryň başyny başlaýandygyny belledi.

Olaryň hatarynda Türkmenistan Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we elektroenergetika ulgamyndaky taslamalar bar. Ýurdumyz owgan halkynyň parahat we abadan durmuşa ymtylmasyny goldamak bilen, Owganystana ýeňillikli nyrhlardan elektrik energiýasyny hem-de suwuklandyrylan gazy iberýär, doganlyk döwletiň çäginde durmuş maksatly, hususan-da, saglygy goraýyş we bilim ähmiýetli desgalary gurýar, dürli hünärler boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga ýardam edýär. Şu ýyl Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazari-Şarif şäherinde “Türkmenistan” bilelikdäki söwda öýüniň açylmagy üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşanlarynyň biri bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Owganystana mundan beýläk-de ýardam berjekdigini hem-de bu ugurda halkara tagallalaryň işjeňleşdirilmegini goldajakdygyny aýdyp, wise-premýere, daşary işler ministrine RECCA VII maslahatyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi we geçirmegi hem-de degişli meseleleriň ählisini öz wagtynda çözmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa şu ýylyň 14-16-njy oktýabry aralygynda ýurdumyzyň parlamentarileriniň toparynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen Parlamentara Bileleşiginiň 137-nji Assambleýasyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň netijeleri hakynda habar berdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy bu forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara Bileleşiginiň agzalygyna kabul edilendigi baradaky şatlykly habary aýdyp, Parlamentara Bileleşiginiň iri halkara parlament guramasydygyny hem-de dünýäniň 173 ýurdunyň we 11 parlamentara guramalarynyň wekillerini özünde jemleýändigini habar berdi.

Wekiliýetiň agzalary Parlamentara Bileleşiginiň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň çagyrmagy boýunça bu giň möçberli foruma gatnaşdy. “Demokratiýa hakyndaky Ählumumy Jarnamanyň 20 ýyllygyna: biziň köp dürlüligimiziň umumylygy” atly kararnamanyň kabul edilmegi Assambleýanyň işiniň esasy netijeleriniň birine öwrüldi. Şeýle hem Mejlisiň ýolbaşçysy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen bolan duşuşyk barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmeginiň we giňeldilmeginiň Türkmenistanyň dünýä giňişliginde halkara düzümleri bilen alyp barýan syýasy-diplomatik çärelerini işjeňleşdirýändigini belledi.Milli Liderimiz deputatlaryň daşary syýasat ulgamyndaky esasy wezipesiniň Bitarap döwletimiziň ählumumy meseleleriň çözgüdi boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny goldamakdan we ony wagyz etmekden ybaratdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Parlamentara Bileleşiginiň düzümine goşulmagynyň möhüm we jogapkärli ädimdigini munuň dünýä ýurtlarynyň parlamentleri bilen oňyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge kuwwatly itergi berjekdigini we kanun çykaryjylyk ulgamynda oňyn tejribeleri öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Obalaryň ösüşini çaltlandyrmaga çagyrdy
13.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Medeniýet Watanymyzy ösdürmegiň möhüm ugrudyr”
11.10.2017 | I türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumy öz işine başlady
I Türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumy öz işine başlady