Paýtagtymyzyň günorta bölegindäki Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda gurlan täze köp gatly jaýlaryň ikisi umumymilli baýramçylygyň — ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda aşgabatlylara ajaýyp sowgat boldy. Şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň hem-de bagtly öý eýeleriniň gatnaşmagynda täze jaýlaryň açylyş dabarasy uly baýramçylyga öwrüldi.
Aşgabat günsaýyn gözelleşip, dünýäniň owadan paýtagtlarynyň biri hökmünde okgunly kemala gelýän megapolisiň çäklerini giňeldýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow raýatlaryň oňaýly ýaşamagy hem-de döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şäher gurşawyny döretmek, göwnejaý dynç almak we wagtyňy peýdaly geçirmek üçin hyzmatlary hödürlemek wezipelerini paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.
Soňky ýyllarda tutuş etraplaryň durky täzelendi, zerur bolan ähli düzümi, bag-seýilgäh toplumlary bolan täze ýaşaýyş toplumlary peýda boldy, desgalaryň ýüzlerçesi guruldy, şolaryň arasynda abraýly halkara bäsleşikleriň sylaglaryna mynasyp bolan binagärlik we inženerçilik-tehniki pikiriň desgalary az däldir.
Paýtagtymyzyň günorta-gündogar böleginde ýerleşen Parahat-7 etrapçasy üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn ýaşaýyş jaý gurluşyk maksatnamasynyň aýdyň mysalydyr, bu ýerde aşgabatlylaryň müňlerçe maşgalasy ajaýyp öýlere göçüp bardylar.Täze Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumy etrapçany gurmagyň bir bölegi hökmünde batly depginler bilen bina edilýär.
Bu toplum Ýunus Emre, Alty Garlyýew, Baba Annanow hem-de “10 ýyl abadançylyk” köçeleriniň çäklerindäki umumy meýdany 30 gektardan gowrak bolan ýerde gurulýar. Şu ýerde eýýäm gurulmagy meýilleşdirilen 9 gatly jaýlaryň 27-sinden 8-si, 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep hem-de 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi we söwda merkezi ulanmaga berildi.
Geljekde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça bu ýerde ýene-de bir mekdebi we çagalar bagyny gurmak bellenildi. Şu gün bagtly jaý eýeleri köp gatly jaýlaryň ikisinde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýleriň 144-siniň açaryny aldylar.
Birmeňzeş jaýlar binýatlarynyň, üçekleriniň, örtükleriniň, diwarlarynyň netijeli çözgütleriniň esasynda taslanyldy, şolar timarlananda döwrebap ýylylyk saklaýjy serişdeler ulanyldy.Jaýlaryň biri bir, iki, üç hem-de 4 otagly öýleriň 108-sinden ybarat bolup, ikinji jaýda dört we bäş otagly öýleriň 18-si bar, olaryň uly ýaşaýyş meýdany bar.
Aşhana, eýwan — bularyň hemmesi ýokary amatlylygyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Öýlerde oturdylan ýokary hilli mebeller ýurdumyzyň önümleri bolup, döwrebap bezege eýedir.Dürli-dürli durmuş tehnikalary bolsa, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň öndüren täze nusgalaryna kybap gelýär.
Täze jaýlaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy, şol ýerde çagalaryň oýnamagy, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülikleýin çäreleri we dabaralary geçirmek üçin meýdança göz öňünde tutuldy.Jaýlaryň töwereginde gül ekilen aýmançalar, gülçanaklar, ýol yşyklarynyň oýlanyşykly ulgamy gözüňi dokundyrýar.
Dükanlary bolan söwda bazary hem ýakynda ýerleşýär.Açylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň derejesine çykarylan mähriban halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak hakyndaky aladanyň ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça ägirt uly durmuş taslamasynda öz beýanyny tapýandygyny, munuň ähli ugurdaş düzümi kemala getirmekde ulgam — toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün edýändigini bellediler.
Ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işleri üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildiren dabara gatnaşyjylar milli Liderimizi ýetip gelýän şanly sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk hem-de “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary öňe sürýän syýasaty alyp barýan hormatly Prezidentimize giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. *** Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde täze desgalaryň birbada ikisi — aş önümlerini öndürýän zawod hem-de ýyladyşhana toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.
Olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde bina edildi. Şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen dabaralaryň barşynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.
Gaýtadan işleýän pudagy hem-de azyk senagatyny çalt depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi, ýurdumyzyň haryt öndürijilerine döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzyň her welaýatynda iri bugdaý üweýän, maldarçylyk, guşçulyk we ýyladyşhana toplumlary ulanmaga berildi. Şunda öňdebaryjy tejribe esas hökmünde ulanylyp, döwrebap tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar.
Azyk harytlarynyň dürli görnüşlerini çykarýan kärhanalaryň onlarçasy bina edildi.Bu giň gerimli işlere ykdysadyýetiň hususy pudagynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar, olar bu pudaklarda iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýarlar.
Balkanabatda gurlan aş önümlerini öndürýän täze zawod munuň aýdyň mysaly bolup durýar.Ol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan köpugurly hususy kärhana tarapyndan “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň beren karzynyň hasabyna bina edildi.
Kärhana döwrebap italiýan enjamlary bilen üpjün edildi.Awtomatlaşdyrylan tehnologiýa ulgamynyň kuwwaty ýylda 270 tonna önüme deňdir.Häzirki wagtda bu ýerde aş önümleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligi özleşdirilip, 0,5 we 5 kilogram bolan gaplara gaplanan hem-de “PG” harytlyk nyşany astynda ýerlenilýär. Ýyladyşhana toplumy bolsa tutuş ýylyň dowamynda ilaty gök önümler bilen üpjün eder.
Onuň üçin günbatar sebitiň dolandyryş merkeziniň golaýynda ýer bölegi berildi.Bu desga hem ýerli hususy kärhananyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.Ilkibaşda bu ýerde 0,5 gektar ýerden ýylda ýokary hasylly ýerli we daşary ýurt sortlaryndan bolan pomidoryň 200 tonnasyny ýygnap almak meýilleşdirilýär. Ýakyn geljekde onuň ýanynda birmeňzeş kuwwatlykdaky ikinji ýyladyşhanany gurmak hem-de nebitçiler şäheriniň we ýakyn şäherçeleriň söwda ulgamyna iberilýän ýokumly önümleriň görnüşlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Bu täze desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň harytlyk teklipleriniň ulgamyny giňeltmek hem-de uly isleg bildirilýän önümleriň önümçiligini özleşdirmek, ýurdumyzyň bazaryny bu önümler bilen doldurmak, ýerli serişdeleriň hasabyna azyk bolçulygyny döretmek babatda telekeçileriň işjeňligini artdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmegiň nobatdaky mysalyna öwrüldi. *** Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ýaşaýjylary şanly baýramçylyga — ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe ajaýyp sowgat aldylar. Şu gün bu ýerde täze ýaşaýyş toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.
Ol 4 gatly jaýlaryň dördüsinden ybarat bolup, olaryň her birinde dört we üç otagly öýleriň 24-si bar.Gurluşygyň barşynda öňdebaryjy tehnologik enjamlar we timarlaýyş serişdeleri ulanyldy. Ýurdumyzyň döwrebap şäher gurluşygynyň talaplaryny nazara almak bilen, taslamasy ýerli hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanan ýokary amatlykly jaýlar A.Nyýazow köçesiniň binagärlik görküne görk goşdy.
Toplumyň gurluşygyna Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň Türkmenabat gurluşyk önümleri zawody hem-de Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasy gatnaşdylar.Häzir bu kärhana ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň binýadynda toplumlaýyn durky täzelenenden hem-de döwrebaplaşdyrylandan soň, şäher gurluşyk desgalaryna ýokary hilli gurluşyk önümlerini hem-de jaý gurluşyk serişdelerini esasy iberýän kärhana öwrüldi.
Bu ýerde döwrebap enjamlar we tehnologiýa ulgamlary işleýär, şolar Germaniýadan, Italiýadan, Türkiýeden ugurdaş tehnikalary öndürýän daşary ýurtly belli önüm öndürijilerden satyn alyndy.Täze ýaşaýyş toplumynyň öýlerinde ýaşaýjylar üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutuldy. Üçekleri beýik we oňat timarlanan giň ýagty otaglar, ajaýyp enjamlaşdyrylan aşhana hem-de eýwan täze jaý eýeleri üçin oňaýly şertleri döreder. Ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi, şol ýerde giň çagalar meýdançasy enjamlaşdyryldy.
Toplumyň çäginde toý we beýleki çäreleri geçirmek üçin 300 orunlyk bina göz öňünde tutuldy.Toý lybasyna beslenen täze ýaşaýyş toplumy jaý eýelerini gujak açyp garşylady, artistleriň aýdym-sazly we tansly çykyşlary baýramçylygyň şowhunyny artdyrdy.
Açylyş dabarasyna welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, türkmenistanlylary ýokary amatlykly jaýlar bilen üpjün etmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi.
Olar amala aşyrylýan özgertmeler, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleri üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şol özgertmeleriň esasynda bolsa adam hakynda alada durýar. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän şu ýyl Amyderýanyň boýundaky şäheriň taryhyna ajaýyp sahypa hem-de ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň we ulanmaga bermegiň ýokary görkezijiler ýyly hem-de nobatdaky şäher gurluşyk taslamasynyň amala aşyrylmagy hökmünde hemişelik girer.
Bu ýerde ýakynda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi üstünlikli geçirilip, Türkmenabat şäheriniň günortasynda, gadymy Amul galasyndan badalga aldy.Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň tomsunda Türkmenabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň golaýynda her biri 32 öýden ybarat dört gatly jaýlaryň 17-sinden hem-de iki gatly kottejleriň 170-sinden ybarat ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem bu ýerde 600 orunlyk orta mekdep, söwda merkezi, çagalar bagy, durmuş hyzmatlary öýi we durmuş-jemagat ulgamynyň beýleki desgalary bina ediler. Şol gün milli Liderimiziň gatnaşmagynda her biri 40 maşgala niýetlenen dört gatly jaýlaryň 22-sinden ybarat täze ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şu ýylyň iýulynda Türkmenabat şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem ajaýyp sowgat aldylar.
Merkezi Aziýa sebitinde iri döwrebap, 830 orunlyk welaýat hassahanasy hem-de 40 öýli jaýlaryň 6-syndan ybarat saglygy goraýyş işgärleriniň ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şu günki dabaralaryň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan işde tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.