Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlary dowam edýär. Şu gün sportuň 11 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi we olaryň bäşisinde medallar ugrundaky göreşler ýaýbaňlandyryldy.Bu gün biziň ýygyndy toparymyz sportuň guşakly göreş, jiu-jitsu we agyr atletika boýunça jemi 27 medala, şol sanda 14 altyn medala eýe boldy.
Bu bolsa ýurdumyzyň toparyna umumy hasap boýunça öňdeligi saklamaga mümkinçilik berdi.Oýunlaryň ähli günleri boýunça ýygyndy toparymyz jemi 89 medala - 43 altyn, 28 kümüş we 18 bürünç medala eýe boldy.
Guşakly göreş boýunça ýaryşlara badalga berildi.Sportuň bu görnüşinde Türkmenistanyň toparynyň oňat mümkinçilikleri bar, muny birinji oýun güni tassyklady, şunda erkin görnüşde tutluşyklar geçirildi. Şonda türkmen pälwanlarynyň on bäşisi finala çykdy, olaryň dört tutluşygynda diňe türkmen türgenleri çykyş etdiler, bu bolsa Türkmenistanyň ýygyndy toparyna hem altyn, hem kümüş medallary kepillendirdi.
Erkin görnüşdäki guşakly göreş boýunça guralan final bäsleşikleriniň jemleri boýunça erkekleriň arasynda Myrat Jumaýew (100 kg. ýokary), Seýdi Batyrow (100 kg.), Tagantäç Güýçmämmedow (55 kg.), Arslan Aşyrgeldiýew (60 kg.), Begenç Ýagmyrow (65 kg.), Ýagşymyrat Annamyradow (70 kg.), Silapberdi Nuryýew (80 kg.), Arslan Imbraimgulyýew (90 kg.) altyn medallary aldylar.
Zenanlaryň arasynda Laçyn Badaglyýewa (50 kg.), Zarina Abdyrahmanowa (55 kg.), Zuhra Madraimowa (60 kg.), Dinara Hallyýewa (65 kg.), Nasiba Surkiýewa (70 kg) hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykmaga hukuk gazandylar.
Erkekleriň arasynda Hoşgeldi Hanaýew (100 kg.), Mälik Annabaýew (55 kg.), Agageldi Tagandurdyýew (60 kg.), Tirkişgeldi Aýazow (65 kg.) kümüş medallara mynasyp boldular.Zenanlaryň arasynda Roza Taşpulatowa (60 kg.), Gülnar Haýytbaýewa (65 kg.) kümüş medallary eýelediler. Şeýle hem guşakly göreşde iki bürünç medala türkmen türgenleri mynasyp boldy.
Olaryň birini Gylyç Jumaýew (90 kg.), beýlekisini bolsa Rozymyrat Medow (70 kg.) eýelemegi başardy.Jiu-jitsu boýunça geçirilen ýaryşlarda hem türkmen toparynyň türgenleri medallaryň ähli görnüşlerine mynasyp boldular. “Ne-waza” görnüşi boýunça medallar ugrundaky ýaryşlar bolsa dowam etdi. 70 kilogramdan ýokary bolan agram derejede zenanlaryň arasynda geçirilen final bäsleşigi tutuşlygyna türkmen türgenlerine degişli boldy.
Onuň dowamynda Aýsoltan Garçowowa Sabina Agajanowadan üstün çykyp, altyn medaly eýeledi.S.Agajanowa bolsa bäsleşigiň jemleri boýunça kümüş medala mynasyp boldy.Jiu-jitsunyň “Ne-waza” görnüşiniň bürünç medal ugrundaky iki bäsleşiginde hem türkmen türgenleri saýlandylar.
Netijede, hormat münberiniň üçünji basgançagyna 49 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Ulýana Nazarowa çykdy.Ol Gülbahar Mädreýimowany ýeňmegi başardy. 45 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edýän Dinara Jumadurdyýewa Amina Halyllaýewadan üstün çykyp, bürünç medaly eýeledi. Şu gün agyr atletika boýunça ýaryşlarda türkmen türgenleri baýrakly orunlara eýe boldular. 62 kilogram agram derejede agyr atletikaçy Meretguly Sähetmyradow silkip we itekläp götermegiň jemleri boýunça 287 kilogram netije görkezip, HHR-den we Wýetnamdan gelen türgenlerden soň üçünji orny eýeledi. 53 kilograma çenli agram derejesinde Kristina Şermetowa silkip we itekläp götermegiň jeminde 196 kilogram göterip, bürünç medala eýe boldy, şunda ol HHR-den we Filippinlerden gelen türgenlerden 12 we 8 kilogram asgyn gelip, olara birinji we ikinji orunlary bermeli boldy.
Bilýard boýunça dürli ugurlarda ýaryşlar badalga aldy.Oňa Türkmenistanyň ýygyndy topary gatnaşýar. Şu güniň jemleri boýunça ildeşlerimiziň dördüsinden üçüsi “rus piramidasy” görnüşde ýekelikdäki ýaryşlarda ýarym finala çykdy.Olar Annamämmet Annamämmedow, Begenç Aýdogdyýew we Ibabekir Bekdurdyýewdir. Ýaryşlar dowam edýär.
Erkekleriň arasynda futzal boýunça bäsleşikler dowam etdi.Türkmenistanyň ýygyndy topary “A” toparçada öňde barýan Solomon adalarynyň topary bilen duşuşdy.Biziň türgenlerimiz oýnuň birinji ýarymynda iki pökgi geçirip, soňra bäsdeşlerine hasaby gysgaltmaga mümkinçilik berdiler.
Oýnuň ikinji ýarymynda türkmen futzalçylary iki pökgi geçirip, ýene öňe saýlandylar.Netijede, 4:2 hasaby Türkmenistanyň toparyna “A” toparçada Solomon adalarynyň ýygyndysyndan geçip, öňdeligi eýelemäge mümkinçilik berdi.Wýetnamyň topary toparçada üçünji orna çykdy, wýetnam futzalçylary Gonkongyň ýygyndysynyň derwezesine jogapsyz sekiz pökgi geçirdiler. Şu güniň jemleri boýunça “B” toparçada Özbegistanyň, Owganystanyň we BAE-niň ýygyndylarynyň hersi alty utuk toplady.
Maldiwiň we HHR-iň türgenleri heniz utuk toplamadylar. “C” toparçada Tailandyň ýygyndysy utuklar boýunça Ýaponiýanyň yzyndan ýetdi. 21-nji sentýabrda geçiriljek duşuşykda öňdebaryjy kesgitleniler.Eýranyň topary Iordaniýanyň ýygyndysyndan 7:3 hasabynda üstün çykyp, 6 utuk bilen “D” toparçada birinji orny eýeledi.
Gyrgyzystanyň ýygyndysy Taitiniň futzalçylaryndan 4:2 hasabynda üstün çykyp, Iordaniýanyň toparynyň yzyndan ýetdi. Ýeňil atletika boýunça üçürdikläp bökmek we uzynlygyna bökmek hem-de dürli aralyklara ylgamak boýunça medallar ugrundaky bäsleşikler geçirildi.
Bu görnüşlerde Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşlaryň finalyna çykdy, emma hormat münberindäki orna ýetip bilmedi. Şeýle hem ýedi görnüş boýunça ýaryşlar geçirildi.Tennis kortlarynda birinji aýlawyň bäsleşikleri dowam etdi.
Ol örän çekeleşikli geçdi.Türkmen tennisçi zenany Jahan Baýramowa bilen EYR-dan Mahta Khanlu bäsleşdi.Jahan birinji torda 3:6 hasabynda utulyp, taý-breýkde 7:6 hasabynda ýeňiş gazandy. Üçünji torda hemme zat mälim boldy, onda J.Baýramowa 7:5 hasabynda utup, tennis bäsleşiginde göreşi dowam etdirmäge hukuk gazandy.
Biziň tennisçimiz Ýuriý Rogusskiý birinji aýlawda iki torda Indoneziýadan gelen Dawid Susantodan ýeňildi we medallar ugrundaky göreşini tamamlady.Ertir jübütleýin tennis ýaryşlary başlanar.Onda türkmen türgenleri Anastasiýa Prenko we Isa Mämmetgulyýew Tuwaludan gelen türgenler Gewin Ýakoponyň we Saýntli Molotiniň garşysyna göreşerler.
Taýboksy boýunça çärýek final bäsleşikleri boldy.Olaryň jemleri boýunça erkekleriň arasynda ýarym finala Rüstem Baýramdurdyýew (57 kg.), Adylbek Nurmetow (60 kg.), Nurgeldi Ataýew (63,5 kg.), Mustafa Saparmyradow (67 kg.), Ýusup Bäşimow (75 kg.), Kuwatmyrat Ilmyradow (81 kg.) we Döwletmyrat Güýjow (81 kg.) ýarym finala çykdylar.
Zenanlardan Selbi Jumaýewa (51 kg.), Ýaňyl Kawysowa (54 kg.), Gülşat Gylyjowa (57 kg.) ýarym finala çykdylar.Basketbolyň 3x3 görnüşi boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary “A” toparçada ikinji orny eýeläp, çärýek finala çykdy.
Mongoliýanyň ýygyndy toparyndan gazanylan üstünlik aýgytlaýjy häsiýete eýe boldy.Komandalar ilki deň derejede oýnadylar, aýgytlaýjy pursatda biziň basketbolçy gyzlarymyz 19:17 hasapda üstün çykdylar. “A” toparçada Siriýanyň ýygyndysy Türkmenistanyň we Mongoliýanyň toparlaryndan üstün çykyp, birinji orny eýeledi. Şu gün erkekleriň arasynda basketbol boýunça ýaryşlar badalga aldy. “A” toparçada Mongoliýanyň ýygyndysy iki ýeňiş bilen çärýek finala çykdy.
Ikinji topar Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň ýygyndylarynyň duşuşygynda belli bolar. “B” toparçada Tailandyň we Hytaý Taýpeýiniň ýygyndylary Indoneziýanyň we Guamyň toparlaryny ýeip, öňdeligi eýelediler.Taekwondo boýunça geçirilen ýaryşlarda erkekleriň arasynda 63 we 87 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän, zenanlaryň arasynda bolsa 53 we 73 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän ýeňijiler kesgitlendi.
Gynansak-da, türkmen türgenleri hormat münberine çenli bolan ýoly geçip bilmediler.Welotrek boýunça guralýan ýaryşlaryň çäklerinde erkekleriň arasynda sprint we yzarlamak ýaryşy boýunça adaty tapgyrlar guraldy, oňa biziň toparymyz hem gatnaşdy. Şu günüň jemleri boýunça türkmen welosipedçileriniň dörtlügi ýaryşlara gatnaşmagy dowam edýär.