Şu günler türkmen paýtagtynda bolýan köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda dünýä derejesindäki sport ýyldyzlary, şol sanda köp nesilleriň söýgüsini gazanan meşhur hokkeýçi Wladislaw Tretýak hem-de belli figuryçy Irina Rodnina hem bar.
Indi olar meşhur jemgyýetçilik işgärleri we sportuň wagyzçylarydyr.Olar sportuň ilçileri bolmak bilen dürli ýurtlarda diplomatik wezipäni ýerine ýetirýärler.W.Tretýak we I.Rodnina Türkmenistanda täze hakyky dostlaryny we muşdaklaryny tapdylar. Şoňa görä-de, meşhur “buz ussatlarynyň” Aziada — 2017-niň açylyş dabarasyna gatnaşmaklaryndan başga-da, olaryň paýtagtymyzda bolmagynyň maksatnamasyna ýaş türkmen türgenleri hem-de olaryň halypalary bilen duşuşyklar girizildi. Şeýle duşuşyklaryň biri Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirildi.
Bu ýere biziň ýurdumyzyň myhmanlary, aýratyn hem Wladislaw Aleksandrowiç uly höwes bilen geldi.Ol — XX asyryň iň gowy hokkeýçisi (Halkara hokkeý federasiýasynyň ugry boýunça), ýüzýyllygyň simwoliki ýygyndysynyň agzasy, üç gezek olimpiýa çempiony, dünýäniň on gezek çempiony özüniň çärýek asyrdan gowrak sport durmuşynda Merkezi goşun sport klubuna — SSKA wepaly boldy.
Jübütleýin buzda typmagyň taryhynda iň üstünlikli figuryçy hökmünde ykrar edilen Irina Rodnina hem SSKA wekilçilik etdi.Ol bu klubda sport bilen meşgullanyp başlady hem-de üstünlikler gazanyp, üç gezek olimpiýa çempiony we on gezek dünýäniň çempiony boldy. Şeýlelikde, dünýä ýyldyzlarynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň toparynyň hokkeýçileri bilen duşuşygy sport kärdeşleriniň söhbetdeşligine öwrüldi. “Watançy” hokkeý toparynyň agzalary dünýäniň hem-de Olimpiýa oýunlarynyň ençeme gezek çempionlary Wladislaw Tretýaga hem-de Irina Rodnina sowallary bermek üçin bu ýere geldiler.
Sport ýyldyzlary diňe bir ýaş türgenlere özleriniň üstünliginiň syrlary barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýaryşlara taýýarlyk görmek boýunça gymmatly maslahatlary berdiler.Meşhur myhmanlar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli geçirilen baýramçylyk barada haýran galmak bilen gürrüň berip, ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň hem-de ýokary netijeli sportuň, şol sanda sportuň gyşky görnüşleriniň ösüşiniň geljegi barada öz pikirlerini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de Türkmenistanda iň häzirki zaman sport düzüminiň döredilmeginiň başyny başlan türkmen Lideri--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary aýratyn bellenildi.
Dünýä birinjiliginde dört gezek “Iň gowy derwezeban” diýlip yglan edilen Wladislaw Tretýak özüniň sporta gadam basyşy, hususan-da, 17 ýaşynda bolup geçen waka barada gürrüň berdi. Şonda tälimçi oýunçylary seçip almalydy, onuň kadalaryna laýyklykda, ylgamak boýunça geçirilen ýaryşda pellehana ilkinji gelen dört hokkeýçi esasy topara kabul edilmelidi. Şol gün ýetginjek Wladislaw bar güýjüni gaýgyrman, pellehana dördünji bolup geldi.
Onuň aýtmagyna görä, eger-de, şol gün ol bäşinji bolup gelen bolsa, sportdaky ýeňişlerini hiç haçan gazanyp bilmezdi.Köp gezek çempionyň durmuşyndaky bu waka her bir türgenleşigiň ägirt uly ähmiýete eýedigini görkezýär. “Watançy” toparynyň hokkeýçileri meşhur figuralaýyn typyjy Irina Rodnina sowallar bilen ýüzlenip, Türkmenistanda figuralaýyn tapmagyň hem-de çagalar sportunyň ösüşi baradaky pikiri bilen gyzyklandylar.
Myhman köp sanly ussatlyk sapaklaryny geçmek üçin ýurdumyza ýygy-ýygydan gelýändigini hem-de türkmen sportunyň okgunly ösüşiniň şaýady bolýandygyny belledi.Tehniki elementleriň we maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi düýpli gowulandy, munuň özi milli figuralaýyn typmak mekdebiniň ýokary depginler bilen ösýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem ýaş hokkeýçiler ajaýyp türgenlerden topary geljekki möwsüme ýokary derejede taýýarlamagyň ugurlary we syrlary barada gyzyklandylar.
Dünýä sportunyň ýyldyzlary türgenleriň fiziki ýagdaýyndan başga-da, olaryň psihiki ýagdaýynyň ornuna ünsi çekdiler.Munuň özi her bir oýnunda ýokary derejedäki taýýarlygyň möhüm şerti bolup durýar.Toparyň ýeňşe bolan hyjuwyndan ugur almak bilen, türgenleriň her biri öňdäki oýna özüni ýokary derejede taýýarlamalydyr.
Duşuşygyň ahyrynda Wladislaw Tretýak we Irina Rodnina ýaşlara hemişe çempionlyk ýeňişlerine ymtylmagy arzuw etdi we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdylar hem-de nobatdaky ussatlyk sapaklaryny geçmek üçin şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistana ýene-de gelmäge söz berdiler.