Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtynyň şaýollary boýunça welosipedli ýörişi amala aşyrdy.Döwlet Baştutanymyzyň iş gününiň öňüsyrasynda başlan 30 kilometrlik welosipedli ýörişiniň ugry Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinden Aşgabadyň merkezindäki Garaşsyzlyk meýdançasyna çenli dowam etdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda barha giň gerime eýe bolýan sport hereketi jemgyýetimizde möhüm ähmiýetli ugra öwrülýär, munuň özi ajaýyp eýýamyň esasy maksatlarynyň biridir.Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem-de wagyzçysy bolan hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyza, ozaly bilen bolsa, ýaşlara şahsy görelde görkezýär.
Ine, şu gün hem milli Liderimiz işiniň juda köpdügine garamazdan, sport bilen meşgullanmak üçin wagt tapdy hem-de ýene-de örän ýokary beden taýýarlygyny görkezdi.Döwlet Baştutanymyz ir bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän Jülge diýen ýere geldi.
Bu ýerde Aşgabadyň ajaýyp görnüşi açylýar, paýtagtymyz Günüň mylaýym şöhlesiniň astynda ak mermerli binalary bilen göwher ýaly ýalkym saçýar.Säheriň tämiz howasy hem-de dag eteginiň täsin görnüşi, dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda pugta orun eýeleýän paýtagtymyzyň täzelenen keşbi haýran galdyrýar.
Bu görnüşleriň ählisi ruhuňy göterýär, gujur-gaýratyňy, keýpiçaglygyňy artdyrýar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişiniň dowamynda daşky gurşawyň gözelliklerini, bu künjegiň täsinliklerini, özboluşlylygyny synlady, tokaý zolaklaryna ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň günorta bölegi hem-de etekleri tanalmaz derejede özgerdi.Köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk ýowarlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabadyň dag etegindäki çäklerde agaç nahallarynyň millionlarça düýbi ekildi, häzirki wagtda olar gür tokaýlyga öwrülýär, amatly howa ýagdaýynyň döremegine oňyn täsir edip, tomsuň yssy günleri salkyn howa eçilýär, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrýar.
Tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, onuň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça tokaý zolaklary döredilýär, seýilgähleriň we seýil baglaryň düýbi tutulýar, şäherleriň hem-de obalaryň daş-töweregini “ýaşyl guşaklar” gurşap alýar.
Hormatly Prezidentimiz bularyň ählisiniň halkymyzyň bähbidine, ilatymyzyň durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini nygtaýar.Bu ugurda geçirilen işler tebigatda gezelenç etmek hem-de dynç almak üçin mümkinçilikleri döretmek babatynda hem möhümdir, paýtagtymyzyň eteklerinde dynç alýanlaryň, şol sanda maşgala bolup gelýänleriň boş wagtlaryny gyzykly geçirmegi üçin amatly ýagdaý döreýär. Şunuň bilen baglylykda, ekologiýa taýdan iň arassa ulag bolan welosipedi işjeň peýdalanmak maksada laýykdyr.
Mundan başga-da, welosiped sürmek syýahatçylygyň giňden ýaýran görnüşidir, ýurdumyzda işjeň durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin bu ulgamyň geljegi örän uludyr.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welosipedli ýörişiniň geçýän ugrunda ýerleşýän Köpetdagyň iň belent dag gerişleriniň birinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdaýar, ýaşyl Tugumyz ata Watanymyzyň garaşsyzlygynyň we berkararlygynyň, onuň oňyn bitaraplyk esasynda alyp barýan daşary syýasatyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli binýatlarynyň mizemezdigini alamatlandyrýar. Ýurdumyzda 18-nji maýda milli senenamamyzyň iň şanly seneleriniň biri — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda guralan dabaralar türkmen halkynyň agzybirligini, parahatçylygyň hem-de döredijiligiň beýik taglymlaryna ygrarlylygyny ýene bir gezek görkezdi.Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň ugruny tizlik bilen geçip, Saglyk ýolunyň tamamlanýan ýerine gelýär.
Täsin dag gerişleriniň üsti bilen çekilen pyýada gezelenç ýoly aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň ýygy-ýygydan gelýän künjegine, iri sport we medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şunda Saglyk ýolunyň sport ulgamynda döwlet syýasatynyň özboluşly nyşanlarynyň biridigini bellemek gerek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek hem-de hemmetaraplaýyn ösdürmek, adamyň ruhy we beden mümkinçiliklerini sazlaşykly kämilleşdirmek şol syýasatyň örän möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Bu ulgamda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde türkmenistanlylaryň barha köp sanlysy “Sagdyn bedende —sagdyn ruh” şygaryna eýermek bilen, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanýar.
Diňe bir watandaşlarymyzyň däl-de, halkara sport bileleşiginiň hem giň goldawyna eýe bolýan strategiýanyň üstünliklere beslenýändigine hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky Kararnamany kabul etmegi-de şaýatlyk edýär.
Sportuň bu görnüşi ýurdumyzda aýratyn meşhurlyga eýedir.Häzirki zaman welotrekleriň gurulmagy hem-de beýleki sport toplumlarynyň bina edilmegi, şeýle hem milli Liderimiziň öz hatarlaryna ähli ýaşdaky türkmenistanlylaryň müňlerçesini birleşdirýän yzygiderli welosipedli ýörişleri geçirmek boýunça ýola goýan ajaýyp ýörelgesi welosiped sportunyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.
Geçen ýylyň güýzünde Aşgabatda ägirt uly üstünlikler bilen guralan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna welosiped ýaryşlary hem girizildi.Merkezi Aziýa sebitinde iň iri sport desgasy bolan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde ajaýyp ýapyk welotrek desgasy guruldy, ol iň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýär.
Häzirki wagtda bu ýerde türkmen türgenleri yzygiderli türgenleşikleri geçýärler hem-de halkara ýaryşlara göwnejaý taýýarlyk görýärler.Ine, “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen şu ýyl hem ýurdumyz üçin iri “Amul - Hazar 2018” sport çäresine beslener, ol ylgaw ýaryşyny, welosipedli ýörişleri we halkara awtorallini öz içine alýar. 26-njy fewralda milli Liderimiz Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň hut özi sport awtomobiliniň sürüjisi hökmünde ýaryşlaryň geçiriljek ýoluny synagdan geçirdi. “Amul — Hazar 2018” awtorallisiniň häzirki wagtda täze görnüşde dikeldilýän gadymy meşhur ýol boýunça geçýändigi aýratyn many-mazmuna eýedir, Türkmenistanyň çägi bu ýoluň ýüregi bolup durýar. Ýakynda milli Liderimiz saýlama ýaryşlara gatnaşdy, onuň barşynda Türkmenistandan “Türkmen Desert Race” diýlip atlandyrylýan halkara saýlama ýaryşlaryna gatnaşjak toparlar kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulagynyň rulunyň başyna geçip, ýokary ussatlygyny we aňrybaş tizlige ýetmegiň erkini aýan etdi.Döwlet Baştutanymyzyň ýokary sport endikleri köp ýyllaryň dowamynda bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň nusgawy miwesidir.
Milli Liderimiz ýetginjek ýyllarynda göreşiň nusgawy we erkin görnüşleri bilen meşgullanyp, birnäçe ýaryşlara gatnaşdy hem-de ýokary netijeleri gazandy.Döwlet Baştutanymyz 1972-nji ýylda nusgawy göreş boýunça we 1973-nji ýylda bolsa nyşana ok atmak boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen derejelere mynasyp boldy. Ýurdumyzyň türgenleri iri halkara ýaryşlara, şol sanda dünýäniň we Aziýanyň çempionatlaryna yzygiderli gatnaşyp, gazanýan ýeňişleriniň we medallarynyň sanyny yzygiderli artdyrýarlar.
Häzirki döwürde türkmen türgenleri şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna hem-de Jakarta (Indoneziýa) şäherinde boljak tomusky Aziýa oýunlaryna we beýleki iri halkara bäsleşiklerine taýýarlyk görýärler.
Ministrler Kabinetiniň 13-nji aprelde geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Halkara Olimpiýa komitetiniň Türkmenistanyň toparlaryny 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga iberen çakylygyny kabul etmek baradaky Karara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sporty ösdürmek hem-de oňa hemmetaraplaýyn goldaw bermek olimpiýa hereketiniň ýörelgelerine we gymmatlyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde äşgär edýän Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Türgenleri terbiýelemek, olarda maksada okgunlylyk, zähmetsöýerlik, durnuklylyk, işjeňlik we ýeňşe bolan erk ýaly häsiýetleri kemala getirmek meselelerine möhüm üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.Türkmenistanyň bu Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy üçin ýygyndy toparlary taýýarlamak üçin ähli zerur şertleri döretmegi we taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegine öwrülmelidir, ol dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň pugtalandyrylmagyny, halklaryň arasyndaky ynanyşmak we özara düşünişmek gatnaşyklaryny üpjün etmelidir diýip, birnäçe gezek belläp geçdi.
Halkara guramalaryň 2019 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanda birnäçe halkara sport ýaryşlaryny geçirmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň belende galýandygyna şaýatlyk edýär. ...Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Arçabil şaýoly bilen welosipedli ýörişi dowam etdi.
Bu ýerde iň kaşaň desgalar häzirki zaman edara ediş-işewürlik we medeni merkezi kemala geldi hem-de şol edaralaryň desgalary paýtagtymyzyň binagärlik keşbini gözelleşdirdi.Milli Liderimiz ýolugra täze desgalarda, şol sanda Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy Fransiýanyň “Buig Batiman Internasional” kompaniýasynyň gurýan binalary bilen tanyşdy.
Aşgabat gün-günden gözelleşýär we häzirki zaman ölçeglerine kybap gelýän amatlyklary şäher ilatyna hödürleýär.Soňky ýyllarda şäheriň binagärlik keşbi täze, ajaýyp binalar toplumy, birnäçe desgalardan ybarat ýaşaýyş toplumlary bilen sazlaşygy emele getirdi, olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikleriniň, Watanymyzyň gazanýan ägirt uly sepgitleriniň hem-de ýeten belent derejesiniň aýdyň alamatlaryna öwrüldi.
Paýtagtymyzyň birnäçe desgalary, şol sanda dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen ýeri hökmünde Aşgabat şäheri Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.Munuň özi halkymyzyň buýsanjydyr.Sebitiň iri işewür, medeni we sport merkezi derejesine eýe bolan hem-de halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň myhmansöýer paýtagty özünde döwrebap tejribeleri jemläp, sazlaşykly ösýän, geljege ynamly garaýan, gözellik bilen amatlylygyň, öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik-tehniki çözgütler bilen milli binagärligiň gadymky ýörelgeleriniň sazlaşýan şäherine öwrüldi.
Köp sanly seýilgähler, suw çüwdürimleri, saýaly baglar, owadan gülleri bolan gök zolaklar, döwrebap yşyklandyryş ulgamy, köçeleriň arassaçylygy we abadançylygy paýtagtymyzyň ilatynyň we onuň myhmanlarynyň ruhuny göterýär.Paýtagtymyzyň ulag düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna, halkara ölçeglere kybap gelýän täze ulag ýollarynyň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, awtoduralgalaryň gurluşygyna uly ähmiýet berilýär.
Täzeçil tehnologiýalaryň, öňdebaryjy ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň we bu ulgamdaky döwrebap dünýä tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan ägirt uly şähergurluşyk maksatnamasynyň özenini düzýär.Munuň özi adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegine, döredijilikli zähmet, amatly durmuş we oňaýly dynç almak üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Amatly durmuş ulgamynyň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde amala aşyrylýar hem-de şäherlerimiziň, obalarymyzyň keşbini özgerdýär.Bina edilýän häzirki zaman sport toplumlary, köpugurly stadionlar, ilatyň, şol sanda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi.
Munuň özi milli Liderimiziň asylly başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.Welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen ýurdumyzyň Garaşsyzlyk meýdançasyna geldi.Hormatly Prezidentimiz milli senenamamyzyň şanly baýramçylyklary mynasybetli dabaralaryň geçirilýän ýeri bolan Döwlet münberiniň ýanynda welosipedli ýörişi tamamlap, “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport we sagdynlyk bir bitewi düşünjedir.Yzygiderli türgenleşikler adamy diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, onuň işjeňligini, işe ukyplylygyny ýokarlandyrýar, onda pugta erki, maksada okgunlylygy terbiýeleýär.
Bu babatda hormatly Prezidentimiz hemmämiz üçin nusgalyk göreldedir.Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylykda we eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýadawsyz iş alyp barmakda hem şeýledir.