1800 KILOMETR ÝÜZEN TOP

Şotlandiýanyň Aberdin şäheriniň “Banks O’Di” toparynyň ýaşlarynyň türgenleşikde ulanýan toplarynyň biri türgenleşik meýdançasynyň golaýyndaky derýa gaçdy.Bu wakadan ençeme gün geçensoň, “Banks O’Di” toparynyň internet poçta salgysyna hat gelip gowuşdy.

Ol elektron poçtany norwegiýaly Joni Mikalsen ugradypdyr.Onuň iberen hatynda: Salam, megerem, siziň toparyňyzda topy juda batly depip bilýän bir oýunçy bar öýdýän diýlipdir.Joni Mikalsen hat bilen bilelikde, akyp baran şol topuň suratyny hem ugradypdyr.

Topuň üstünde häzirki wagtda solagrak hem bolsa görünýän klubuň adynyň ýazgysy bar eken.Pökgi Şotlandiýanyň Aberdin şäherinden Norwegiýanyň Wanna adasyna çenli akyp gelipdir.Aberdin bilen Wanna adasynyň arasy 1800 kilometre deňdir.

Ýene degişli makalalar

Ak Gaýa dükanynyň harytlary döwrebap wanna otagyny döretmäge ýardam eder
Aşgabatda Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy 2024 atly halkara sergisi hem-de maslahat öz işine başlady
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen halkara olimpiadanyň netijeleri yglan edildi
Dokuzy düzüw “Seltik”
Beýik Britaniýada Şa zenany II Ýelizawetanyň ýadygärligine bagyşlanyp hormatly dymyşlyk edildi