18 ýaşly Karlos Alkaras Maýamide geçirilen “Mastersiň” ýeňijisi boldy

18 ýaşly Karlos Alkaras Maýamide geçirilen “Mastersiň” ýeňijisi boldy

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Maýamide geçirilen “Masters” seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Bu ýaryşyň baýrak gaznasy 8,5 million dollardan geçýär.

Ýaryşda 14-nji belgide ýerleşdirilen Alkaras finalda ýaryşyň altynjy raketkasy norwegiýaly Kasper Ruudy 7:5, 6:4 hasabynda utdy.Oýun 1 sagat 53 minut dowam etdi. 18 ýaşly Alkaras üçin bu “Masters” seriýasynyň ýaryşlarynda ilkinji titul boldy.

Onuň hasabynda ýekelikde ATP-ýaryşynda jemi üç baýragy bar.Ispaniýaly tennisçiler “Masters” seriýasynyň ýaryşlarynda rekord möçberde ýeňiş gazandylar (56), bu ýurduň 14 wekili, şol sanda Rafael Nadal ýaryşlaryň ýeňijileri boldular, bu hem rekord görkezijidir.

Maýamide gazanan ýeňşi üçin Alkaras 1000 reýting utugyny we $1,231,245 möçberinde baýrak alar. Ýeri gelende bellesek, Alkaras taryhda Maýamidäki “Mastersiň” iň ýaş ýeňijisi boldy.

Ýene degişli makalalar

Lionel Messiniň 45-nji kubogy
Amerikanyň kubogy ― 2024: Argentina Messiniň goly bilen finala çykdy
Kolumbiýanyň ýygyndysy 23 ýyldan soň finala çykdy
48-nji Kopa Amerikanyň çempiony Argentina
Argentinamy ýa-da Kolumbiýa?!
Ýolagçylaryň taksilerde unudýan geň zatlary sanaldy
Taryhynda ilkinji gezek finala çykdy