Şu gün daşary syýasat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Şwesiýa Patyşalygynyň daşary işler ministri hanym Ann Linde bilen duşuşyk geçirildi. Işjeň görnüşde geçen gepleşikleriň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumynyi ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.
Dostlukly ýurtlaryň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hem-de bilelikde durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri bolan Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň täze Strategiýasynyň çäklerinde gatnaşyklaryň giňeldilmegine özara gyzyklanma bildirdiler.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar şeýle hem, sebit we halkara düzümleriniň, şol sanda BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň wajyplygyna aýratyn üns çekdiler.
Şeýle hem taraplar 2021-nji ýylda Şwesiýanyň ÝHHG başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistan bilen Şwesiýanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” syýasaty nukdaýnazaryndan türkmen tarapynyň özara gyzyklanma bildirýän ähli ugurlar boýunça giň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ygrarlydygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, pandemiýa ýagdaýyna garşy göreşmekde iki ýuruduň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti bellenildi.
Kanunyň hökmürowanlygy, gender deňligi, adam hukuklary, bilim we ylym, şol sanda ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamlarynda taraplaryň gatnaşyklarynyň giňeldilmegi bilen bagly meselelere hem garaldy.
Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ženewadaky edarasynyň baş direktory, Ýaragsyzlanmak boýunça guramasynyň Baş sekretary Tatýana Walowaýa bilen wideoduşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn bellediler. Ýurdumyzyň BMG-niň diňe merkezi edarasy däl-de, eýsem sebitleýin edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.
BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we başgalar bilen netijeli gatnaşyklar dowam edýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ählumumy howpsuzlyga we durnuklylyga, adam hukuklarynyň goralmagyna, ekologiýa we energetika howpsuzlygyna gönükdirilen bilelikdäki hereketleriň ilerledilmegine gyzyklanma bildirdiler.
Koronawirus pandemiýasyny we onuň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmek boýunça hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelere aýratyn garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň COVID-19-a garşy göreşmek boýunça, hususan-da, merkezi edarasy Ženewada ýerleşýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek arkaly, halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda çykyş eýändigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda degişli halkara gurallarynyň işlenilip taýýarlanmagyny we döredilmegini teklip edendigi nygtaldy.
Şu gün GDA gatnaşyjy döwletleriň Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň wideomaslahat görnüşinde nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, Köpçülikleýin howpsuzlyk hakyndaky Şertnama guramasynyň baş sekretary gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň GDA-nyň assosiirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň çäklerinde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandygyny belleýär.
Mejlisiň dowamynda GDA-nyň giňişliginde biologiýa wehimlerine garşy durmak, häzirki pandemiýa zerarly ýüze çykan ýagdaýlara garşy hereket etmek hem-de onuň durmuş-ykdysady täsirlerini peseltmek maksady bilen, döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginde tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Maglumat howpsuzlygy ulgamyndaky häzirkizaman wehimlere we howplara garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurtlaryň kibergiňişligindäki mümkinçiliklerini berkitmek meseleleri babatynda aýratyn pikir alşyldy. Mejlise gatnaşyjylar emeli akyl we onuň milli howpsuzlygyny üpjün etmekdäki orny barada-da pikir alyşdylar.
Sebit durnuklylygy bilen bagly meseläni ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermek üçin mundan beýläk-de tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygy bellenildi.
Şunüň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ýokary baha berildi, Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýyň durnuklaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýar, parahatçylykly owganara gepleşiklerini hemmetaraplaýyn goldaýar hem-de gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň gatnaşmagynda duşuşyklary geçirmek üçin öz syýasy giňişligini hödürlemäge taýýardyr.
Şu gün ýurdumyzyň Maliýe we ykydysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin Ýörita maksatnamasynyň (SPEKA) wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän Ykdysady forumyna gatnaşdylar. Onda “COVID-19” pandemiýasyndan soňky durmuş-ykdysady dikeldişe goldaw bermekde sebitleýin hyzmatdaşlyk” mowzugy boýunça pikir alyşmalar boldy.
Onlaýn-duşuşygy BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş toparynyň hem-de BMG-niň Ýewropa ykydysady komissiýasynyň goldaw bermeginde geçirildi.
Iki günlük maslahata gatnaşmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň bölümleriniň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, iri maliýe edaralarynyň wekilleri, SPEKA agza döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny işjeň durmuşa geçirmek bilen, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler, dünýäniň öňdebaryjy düzümleri, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen özara bähbitlt hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.
2019-njy ýylyň noýabrynda ýurdumyzyň şu Maksatnama başlyklyk etmeginiň çäklerinde “SPEKA günleriniň” üstünlikli geçirilmegi Türkmenistanyň sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleleriň çözgüdine, häzirki zamanyň möhüm şertlerini, dünýä ösüşiniň meýillerini nazara almak bilen, halkara hyzmatldaşlygynyň täze ugurlaryny taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde döwletimiz milletler bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen birnäçe ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýar.
BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasy sebitara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we dünýä ykdysadyýetine goşulmagyna gönükdirilendir. Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan SPEKA agza ýurtlar bolup durýar.
Ykdysady foruma gatnaşyjylar netijeli üstaşyr geçelgeleri, şol sanda SPEKA sebitinde ygtybarly ulag gatnawlaryny üpjün etmegiň ýurtlarymyzyň her biri üçin bähbitli esasy ugurlaryň biridigini nygtadylar.
Belenilişi ýaly, SPEKA döwletleri sebitiň içinde bolşy ýaly, häzirki emele gelen çylşyrymly pursatda özleriniň esasy söwda hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Serhetüsti söwda işlerini ýönekeýleşdirmegiň we üstaşyr gatnaşyklary, durnukly önümçilik-söwda ugurlaryny üpjün etmäge gönükdirilen netijeli çäreleri ýerine ýetirmegiň zerurdygyna üns berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ykdysadyýetiň döredilmeginiň 2030-njy ýyla çenlli döwür üçin Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmekde aýratyn ähmiýetlidigini belleýär. Bu mesele ýokanç keselleriň ýaýran döwründe durmuş-ykdysady taýdan dikeldiş boýunça tagallalaryň üns merkezinde saklanylmalydygy bellenildi.
Ykdysady forumyň ikinji gününde edilen çykyşlarda söwda we ulag ulgamalarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ýerine ýetirmek, BMG-niň standartlaryny peýdalanmak arkaly sanly geçelgeleri we “Bitewi penjire” ulgamyny ösdürmek, aň-bilim meselelerini işjeňleşdirmek wezipeleri beýan edildi.
Maslahatda ykdysady syýasat, maliýe-býujet, pul-karz çäreleri we SPEKA ýurtlarynda koronawirusyň ýaýran döwründen başlap girizilen çäreler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýlelikde, maslahatyň aýry-aýry mejlisleriniň çäklerinde wideo-foruma gatnaşyjylar pikir alyşmak we özleriniň anyk teklipleri hem-de bu günki duşuşygyň gün tertibine girizilen möhüm meseleleri çözmek üçin netijeli gatnaşyklar boýunça pikirlerirni aýtmak mümkinçiliklerine eýe boldular.
Ertir, ykdysady forum öz işini dowam eder. Onuň jemleri SPEKA-nyň Ýolbaşçy geňeşiniň 20-nji noýabrda boljak 15-nji mejlisinde jemlener.
Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde geçirilen XXXV mejlisine gatnaşdy.
Duşuşykda medeni alyşmalary işjeňleşdirmek meseleleri, GDA gatnaşyjy döwletleriň medeniýet ulgamynda 2016-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlygynyň Esasy çäreleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy, şeýle hem bu çäreleri 2021-2025-nji ýyllarada durmuşa geçirmek boýunça guramaçylykly işleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň gün tertibine şeýle hem GDA-da halk döredijidiginiň we medeni mirasyň ýylyna bagyşlanan Çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak, 2020-2022-nji ýyllarda “ARTEXPO” Halkara sergisini geçirmek meseleleri girizildi.
Şeýle hem muzeý işi ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň ýerine ýetirilişiniň, GDA ýurtlarynyň medeni mirasynyň wirtual muzeýi hakynda Düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň barşy, sungat ugurly ýokary okuw mekdepleriniň halkara hyzmatdaşlygy we golýazmalary rejelemek, gorap saklamak we sanlaşdyrmak boýunça iş tejribesi, medeni hyzmatdaşlyk ulgamynda beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Netijeli pikir alyşmalaryň barşynda mejlise gatnaşyjylar medeniýetara gatnaşyklaryň gymmatlyklaryny ykrar etmekde Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň aýratyn ornuny nygtadylar, bellenilişi ýaly, ol döwletleriň diplomatiýasynyň esasyna öwrülýär, umumy gymmatlyklaryň we taglymatlaryň ösdürilmegine, Arkalaşygyň goşulyşmak hereketiniň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýurtlaryň halklarynyň arasynda dostlugyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynyň möhüm şerti bolup durýar diýip, çykyş edenler bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, şeýle hem Türkmenistanyň ynsanperwer goşulyşmak hereketini tutuşlygyna gollamak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen medeniýet ulgamynda uly ähmiýetli başlangyçlary we taslamalary işjeň öňe sürýändigi hem-de durmuşa geçirýändigi bellenildi.
2019-njy ýylda Aşgabatada GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik wekilleriniň forumy üstünlikli geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Arkalaşygyň çäklerinde 2021-nji ýyly Binagärlik we gurluşyk ýyly diýip yglan etmek barada başlangyç öňe sürüldi, bu şygaryň çäklerinde dürli çäreleriň geçirilmegi bellenilýär.
Mejlisiň ahyrynda onuň işiniň jemleri jemlenildi hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň çäklerinde indiki duşuşygy geçirmegiň senesi bellenildi.
Türkmenistanyň wekilleri şu günler geçirilýän “G-Global. ХХI asyryň dünýäsi” atly halkara onlaýn-kongresine gatnaşýar. Bu çäre BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy, BMG-niň Ykdysadyýet we durmuş geňeşi, “Madrid kluby” Liderleriň bütindünýä alýansy, BBС World News we beýleki guramalar tarapyndan guraldy.
Forumyň işine halkara maliýe guramalaryň we iri işewürligiň ýolbaşçylary, bilermenler we dünýä derejesindäki hünärmenler, Nobel baýragynyň eýeleri, ozalky döwlet we hökümet ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.
Duşuşygyň esasy maksady ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň we söwda, maliýe ösüşiniň, bilimleriň we innowasiýalaryň halkara merkezleri hökmünde şäherleriň mümkinçiliklerini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Garaşylyşy ýaly, onuň jemleri boýunça häzirki döwriň täze wehimlerine garşy durmak boýunça belli bilermenleriň maslahatlary hödürleniler.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde parahatçylygyň we özara düşünişmegiň berkidilmegine, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň geljekde hem giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen möhüm başlangyçlary kongrese gatnaşyjylar üçin aýratyn ähmiýetlidir.
Şu ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-niň awtordaşlygynda ýurdumyzyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky öňe süren Rezolýusiýasyny biragyzdan kabul etdi, bu resminamada türkmen döwletiniň yzygiderli alyp barýan öňüni alyş diplomatiýasynyň uly ähmiýeti berkidilendir.
Şeýlelikde, ýurdumyz halkara durmuşyna işjeň gatnaşmak bilen, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütleriniň tapylmagynda işjeň ornuny we öňdengörüjilikli çemeleşmäni görkezýär, bu meseleleriň çözülmegi adamzadyň geljegine gönüden-göni täsirini ýetirer.