18.02.2018 | Minskide halkara ýaryşynda türkmen samboçylary üç kümüş we iki bürünç medal gazandylar

Minskide Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky sport we söweş sambosy boýunça geçirilen açyk çempionatda biziň türgenlerimiz üç kümüş we iki bürünç baýragy gazandylar.Biziň ýygyndy toparymyzyň hasabynda söweş sambosy boýunça gazanylan medallaryň dördüsi hasaba alyndy. 100 kilogramdan gowrak has ýokary agram derejede geçirilen bäsleşikde Muhammet Nobatow kümüş medala mynasyp boldy.

Bu ýerde biziň türgenimiz bilen Ukrainanyň samboçysy bäsleşdi. 74 kilograma çenli agramlyk derejede çykyş edenleriň arasynda hormat münberiniň ikinji we üçünji basgançagyna degişlilikde biziň türgenlerimiziň birbada ikisine Abdylla Babaýewe we Şatlyk Çaryýewe çykmak başartdy.

Türkmenistanly Ruslan Ismailow (62 kilogram agrama çenli) bäsleşigiň bürünç medalyna eýe boldy. Ýaryşlaryň ilkinji gününde 52 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Ýusup Ismailowyň russiýaly türgen bilen duşuşyp, kümüş medala mynasyp bolandygyny ýatlalyň.

Ýene degişli makalalar

Ýanwar Aýynda 532 Tonna Losos Balygy Eksport Edildi
Ministr Fidan, Arap Ýurtlaryň Ilçilerini Kabul Etdi
Eýranda Heniýeniň öldürilmegi bilen bagly häzirki wagta çenli hiç kim göz tussaglygyna alynmady
Hizbullahyň Baş Sekretary Ysraýyla Hüjüm Gurajakdygyny Beýan Etdi
Katarly we Müsürli Kärdeşler Ysraýyl Bilen Hamasyň Arasyndaky Gepleşikler Hakynda Pikir Alyşdy
YHG Nobatdan Daşary Ýagdaýda Jemlenşer
ABŞ Ysraýyla Goldaw Bermäge Dowam Eder