18.01.2021 | Türkmenistan “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy

Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi.

Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy hem-de ony hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi.

Bu ýagdaý ýokanç kesellere garşy göreşmekde hem-de köptaraplaýyn ylmy-lukmançylyk gatnaşyklaryny berkitmekde nobatdaky ädim boldy. Milli Liderimiz şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns bermek bilen, bu ulgamda halkara başlangyçlaryny öňe sürüp, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy saklaýar.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň agentlikleri bilen özara gatnaşyklaryň netijesinde Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere garşy göreşmäge we täsir etmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasy taýýarlanyldy.Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň maýynda gol çeken Karary bilen şol resminamany tassyklady. Şol meýilnamanyň çäreleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň dürli agentlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň hem-de dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň goldaw bermeginde işjeň ornaşdyrylýar.

Geçen ýylyň iýulynda Türkmenistanda koronawirusyň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistan täze howpa garşy göreşmekde beýleki döwletleriň tejribesine uly hormat bilen garaýar hem-de pandemiýanyň ýaramaz täsirlerinden üstün çykmakda toplan tejribesi bilen paýlaşýar. Şeýle hem Türkmenistan beýleki ýurtlar we halkara guramalary bilen bilelikdäki tagallalarynyň netijeliligini gazanmak maksady bilen üstünlikli taýýarlan işlerini paýlaşmaga taýýardyr.

Bu tejribe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baştutanyna iberen hatynda beýan edildi. Şol hat BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resmi namasy hökmünde ýaýradyldy.

Ýurdumyzyň çäginde tutuş adamzatda biynjalyk döredýän ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin saglygy goraýyş edaralary tarapyndan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda, toplumlaýyn işleriň geçirilýändigini bellemek gerek.

Şeýle ilat arasynda wirus keselleriniň öňüni almak boýunça sanatariýa-düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär hem-de maglumat-bilim gollanmalary çykaryldy.

Keselleriň öňüni almak--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň esasy ugrudyr. Häzir bu wezipe saglygy edaralaryny gurmak derman senagatyny, şypahana ulgamyny ösdürmek, pudak üçin hünärmenleri taýýarlamak arkaly netijeli çözülýär.

“Saglyk” maksatnamasynyň ynsanperwer ugry Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has äşgär boldy. Bu döwürde ilatyň saglygy goramak meseleleri diňe lukmançylyk ulgamyna degişli bolmagyny bes edip, döwletiň ileri tutýan ugurlarynyň toparyna geçdi hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ähli taraplaryny we ugurlaryny gurşap aldy. Onuň merkezinde bolsa ynsan, onuň abadançylygy, mynasyp durmuşy durýar.

Ýurdumyzda ýokanç keselleriniň birnäçesiniň ýok edilendigi barada halkara güwänamalary, şeýle hem bu ugurda türkmen lukmanlarynyň tejribesi BSSG-niň Ýewropa sebitindäki ýurtlarda ýaýratmak üçin maslahat berildi.

Häzir ylmy lukmançylyk tebipçiligiň däplerini hem täze görnüşde düşündirmek bilen bereketli türkmen topragynyň baý bolan ençeme dermanlyk ösümlikleriniň melhemlik güýjüni ykrar edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işi fitoterapiýanyň dürli syrlary hakynda gürrüň berýär. Onuň dürli dillere terjime edilmegi ensiklopediýany dünýäniň ylmy lukmançylygynyň, şeýle hem okyjylaryň giň toparynyň baýlygyna öwürdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde milli Liderimiz dermanlyk ösümlikleriniň adam bedenine bedeniň kesele garşy durnuklylygynyň berkidilmegine hem-de dürli keselleriň bejerilmegine ýetirýän täsirini has çuňňur öwrenmegiň zerurdygyna lukman hünärmenleriň we alymlaryň ünsüni çekdi.

Hususan-da, ata-babalarymyzyň dürli kesellerde ilkinji nobatda, üsgülewikde, ýokarky dem alyş ýollarynda başarnykly ulanan buýan köki barada gürrüň edildi.

Häzir alymlar bu ösümligiň işjeň maddasynyň pandemiýasy bilen bütin dünýä göreşýän täze koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşylyk görkezip bilýändigini tassyklaýarlar. Özi-de, buýan köküniň suwuk görnüşiniň az böleginiň hem öňüni alyş täsirini ýetirýär.

Milli Liderimiz ady agzalan lukmançylyk ensiklopediýasynda üzärlik ösümliginiň ýokançyzlandyryjy häsiýetlerini beýan etdi, onuň tüssesini türkmenler asyrlaryň dowamynda ýokanç we bakterial keselleriniň öňüni almak üçin ulanypdyrlar.

Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilýän lukmaçylyk kömekleriniň hiliniň derejesini ýokarlandyrmaga, ýokanç kesellere garşy göreşmek babatda täzeçil tehnologiýalaryň esasynda hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge çagyrýar.

Dünýäniň lukmançylyk ylmynyň gazananlary neneňsi ajaýyp bolsa-da, ynsan saglygyny goramak ýaly şeýle jogapkärli işde täze tehnologiýalaryň ulanylmagy hünärmenleriň degişli hünär derejesini, ýokary derejeli ussatlary talap edýär.

Hut işgärleriň taýýarlanylmagy, öňdebaryjy tehnologik we usulyýet işläp taýýarlamalary bilen alşylmagy milli Liderimiziň örän uly üns berýän bu ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary b olup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty netijesinde daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary barha berkeýär. Saglygy goraýyş ugry boýunça hyzmatdaşlyk ABŞ, Russiýa, Germaniýa, Awstriýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Belarus, Türkiýe ýaly ýurtlar bilen yzygiderli ösdürilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň bu ýurtlara amala aşyran iş saparlarynyň çäklerinde möhüm meseleleriň hatarynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesi hem boldy, bu bolsa degişli pudakda özara gatnaşyklara we tejribe alyşmaga uly itergi berdi.

Halkyň saglygy we abadançylygy baradaky alada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu alada bilen keselleriň öňüni almak boýunça wezipeleri çözmäge, ilatyň ählumumy immunlaşdyrma taslamalaryna, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmäge hem-de sagdyn-durmuş ýörelgesini wagyz etmäge diňe jogapkärli we hemmetaraplaýyn çemeleşme bilen şertlendirilendir.

Ýene degişli makalalar

Skworsowa: Ýaşlyk döwri 60 ýaşa çenli uzap biler
Habarçy: COVAX gaznasy arkaly Türkmenistan 200 müň doza koronawirus waksinasy bilen üpjün edildi
BSSG koronawirusyň gelip çykyşy barada deslapky hasabat taýýarlaýar
Türkmenistan “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy - 2018-nji ýyl: saglygy goraýyş ulgamy
13.03.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy - 2018-nji ýyl: saglygy goraýyş ulgamy