Şu hepdede, sişenbe güni Türkmenistandan Akýaýla demir ýol menziliniň üsti bilen Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça synag gatnawyny amala aşyrýan düzümleriň tapgyryndan üçünji konteýner ýük düzümi Eýrana ugrady.
Ozal habar berlişi ýaly, şu ýol boýunça ilkinji şeýle demir ýol düzümi türkmen-eýran serhedinden 8-nji ýanwarda, şondan birnäçe gün soň, 12-nji ýanwarda ikinjisi geçdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kuwwatly ulag-aragatnaşyk düzümini döretmegiň hasabyna özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalaryň başyny başlady.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň logistika strategiýasy Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de tutuş yklymyň çäklerinde anyk häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň üstaşyr mümkinçilikleri daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni özüne çekýär.Olaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy hem bar.
Hytaýyň dürli etraplaryndan geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyryndan başlap, halkyň sarp edýän harytlary ýüklenen konteýner wagonlarynyň 130-dan gowragyny birleşdirýän demir ýol düzümleriniň 3-si ugradyldy.Demir ýol düzümleri yzly-yzyna ilki bilen Inçuan şäherinden (HHR-iň merkezi bölegindäki awtonom sebitden), soňra bolsa Hytaýyň günorta bölegindäki iri senagat merkezi bolan Çanşa şäherinden (Hunan welaýaty) hem-de ýurduň demirgazygyndaky Şansi welaýatynyň Sian şäherinden ugradylar.
Olar Gazagystanyň çäginden Serhetýaka türkmen menziline çenli üç günüň dowamynda ýol sökdüler, soňra 15 sagadyň dowamynda tutuş Balkan welaýatynyň çäginden Eýranyň serhedine çenli 825 kilometr ýoly geçdiler. Şeýlelikde, Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol ugry boýunça umumy geçilen ýol iki hepdä golaý boldy.
Munuň özi ortaça deňiz arkaly geçilýän ýoldan iki esse çaltdyr.Deňiz arkaly ýoly geçmek üçin 30 gije-gündizden 40 gije-gündize çenli wagt gerek bolýar.Bilermenleriň pikirine görä, dört ýurduň çäginden uzalyp gidýän bu ýol ýükleri Hytaýdan Pars aýlagynyň bazarlaryna çalt getirmekde has amatly logistiki çözgüt bolup durýar.
Galyberse-de, ulaglaryň beýleki görnüşlerinden demir ýoluň artykmaçlygy gatnawlary islendik howa şertlerinde amala aşyryp bolýandygyndan, guryýer konteýner ugurlarynyň ýokary ygtybarlylygyndan hem-de köp mukdarda ýük daşalanda tygşytlylykdan, şeýle hem daşky gurşawa edilýän täsir nukdaýnazaryndan ekologiýa kadalarynyň berk berjaý edilmeginden ybaratdyr. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň üstaşyr özüne çekijiligini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýet berýär.
Synag gatnawlary hytaýly ýük ugradyjylara Türkmenistanyň üstünden geçýän üstaşyr geçelgeleri ulanmak bilen, ýoly gysgaltmagyň hem-de ýük daşamagyň bahasyny azaltmagyň hasabyna köp möçberdäki serişdeleri tygşytlap biljekdiklerine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Mundan başga-da, Ýewraziýanyň ýurtlarynyň iri söwda hyzmatdaşy hökmünde Hytaý Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluna beýleki goňşy döwletleri hem goşmaga gyzyklanma bildirip, bu ulgamda täze gepleşikleriň başyny başlaýar.Türkmenistan üçin bolsa bu transmilli taslama gatnaşmak üstaşyr mümkinçilikleri işjeňleşdirmekden girdejileriň ýokarlandyrylmagyny hem-de ösen ulag ulgamly we ýokary derejeli logistiki hyzmatly döwlet hökmünde halkara gatnawlar bazarynda eýeleýän ornunyň berkidilmegini aňladýar.
Bularyň ählisi durmuş-ykdysady we tehnologiki ösüşiň, ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň möhüm alamatlary bolup durýar. Çünki, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde, Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýoly sebit hem-de yklym ähmiýetli häzirki zaman awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollary görnüşinde gaýtadan dikeldilýär.
Bu ýollar daşary ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny, ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberleriniň artdyrylmagyny, köp ýurtlaryň arasynda medeni hem-de syýahatçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini üpjün eder. Ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmakdan alynýan girdejilerden başga-da, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ýolunyň işjeň hereket etmegi Hazarýaka sebitiniň ösüşine kuwwatly itergi berer, şol sanda onuň önümçilik we durmuş düzüminiň giňeldilmegine ýardam eder.
Ulag ulgamy bu babatda esasy ugurlaryň biri bolup durýar.Munuň özi jemgyýetçilik önümçiliginiň esasy görnüşleriniň biridir, iri durmuş-ykdysady şertdir.Senagatyň, oba hojalygynyň, syýahatçylygyň hem-de beýlekileriň ýagdaýy we ösüşi, ilatyň abadançylygy onuň derejesine baglydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly bu diňe bir täjirçilik taýdan esaslandyrylan taslama bolman, eýsem, sebitdäki we onuň çäginden daşdaky umumy ýagdaýa oňyn täsir etmäge, Aziýada durnuklylyga hem-de howpsuzlyga ýardam etmäge, tutuş yklymlaýyn gatnaşyklar ulgamynyň durnukly bolmagyny üpjün etmäge ukyply geosyýasatyň möhüm şertidir. Ählumumy işlere işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde Türkmenistan sazlaşykly ösüşiň esasynda halkara gatnaşyklarynyň täze binýadyny döretmäge saldamly goşant goşmaga çalyşýar.
Munuň özi “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň işe girizilmegi hem-de beýleki döwletara ýollaryň gurulmagy bilen tassyklanylýar. Ýurdumyz özara gatnaşyklaryň köptaraply görnüşi ugrunda çykyş etmek bilen, onuň üstüni Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde öňe sürülýän hem-de kararnamalar hökmünde kabul edilýän möhüm başlangyçlar bilen ýetirýär.
Häzirki döwrüň täze ýagdaýlaryny hem-de talaplaryny nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça teklibi hem özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.
Onda Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň arasynda ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini öwrenmek göz öňünde tutulýar.Halkara ulag geçelgeleri dünýä ykdysadyýetini globallaşdyrmagyň esasy gurallaryna öwrüldi.
Türkmenistan bu işleri ilerletmek bilen, ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş ösüşine hem-de sebitiň we dünýäniň bähbitlerine döwletimiziň geoykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan strategiýa daýanyp, öz çäginde yklymyň möhüm logistiki merkezleriniň birini döredýär.