1718-nji oktýabrda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

1718-nji oktýabrda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

1718-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň Ýyldyz myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky 37-nji mejlisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, migrasiýa we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň agzasy bolup durýar.

Aşgabatda geçiriljek mejlisiň dowamynda Arkalaşyga agza döwletleriň zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, GDA-nyň ykdysady ulgamda hereket edýän pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralary bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek boýunça gepleşikler geçiriler we degişli resminamalara gol çekiler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisi öz işine başlady
Aşgabatda GDA-nyň Zähmet we durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçiriler
Mejbury zähmeti ulanmakda özüne bildirilýän aýyplamalary Türkmenistan ret etdi
Türkmenistan GDA-nyň möhüm geňeşine başlyklyk eder
"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar
Orsýetdäki türkmen raýatlaryna migrasiýanyň töwekgelçiligi barada sosial media arkaly duýduryş edilýär