Belgiýaly Mak Ruterford tutuş dünýä boýunça syýahaty amala aşyran iň ýaş uçarman boldy. Bu barada Bolgariýanyň milli radiosynyň maglumatyna salgylanyp, "TASS" habar berýär.
Makyň syýahaty şu ýylyň martynda Bolgariýanyň günbataryndaky howa menzilleriniň birinde başlanyp, 24-nji awgustda gündiz hut şol ýerde hem tamamlandy. 16 ýaşynda syýahata çykan ýetginjek öz 17-nji doglan gününi uçuş wagtynda garşylady.
Garaşylyşy ýaly, Mak Ruterfordyň ýeten derejesi Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alnar. Ýeri gelende bellesek, Makyň uly aýal dogany 19 ýaşly Zara Ruterforf hem 2021-nji ýylyň güýzünde tutuş dünýäni syýahat eden iň ýaş zenan uçarman bolupdy.