Her ýylyň 17-nji maýynda häzirki wagtda adamzat dünýäsine giňden ornaşan internetiň “doglan güni” hökmünde bellenilýär. 1991-nji ýylyň 17-nji maýynda “World Wide Web” (www) halkara internet tory peýda bolýar.
Ilki bütindünýä internet güni 4-nji aprelde bellenilýärdi, soňra WWW tassyklanandan soň, ol 17-nji maýa geçirildi.Geçen ýyl internetiň döränine 30 ýyl boldy.Geçen döwrüň içinde adamzat dünýäsi internetiň giň mümkinçiliklerine şeýle bir öwrenişdi welin, häzirki wagtda onsuz durmuşy göz öňüne getirip bolmaýar.
Bütindünýä internet tory döränden soň, “web” sözi kompýuter alymlarynyň, programmistleriň gündelik durmuşynda orun aldy.Dünýä ylmy web sahypalarynyň, web serwerleriniň döredilişi bilen gyzyklanyp başlady.Netijede, bütindünýä internet tory jemgyýetde uly seslenme döretdi.
Bütindünýä web tory üçin gipertekst döretmek üçin iki ýyl gerek boldy.Indi HTML (Hypertext Markup Language) kömegi bilen tekst döretmek we görkezmek mümkin boldy.Häzirki wagtda “World Wide Web” tutuş dünýäde bar bolan web serwerlerini birleşdirýän ulgamdyr.
Häzirki ylmyň hem-de maglumat tehnologiýasynyň ösen eýýamynda internet ulgamy has hem kämilleşdi we onuň mümkinçilikleri biziň durmuşymyza ýeňillikleri hödürleýär.
Soltanjemal HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby