17-nji awgustda höwesjeňleriň aw möwsümi başlanýar

Nobatdaky aw mösümi indiki ýylyň 15-nji martyna çenli dowam eder.Onuň möhleti Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy guramak ministrliginiň buýrugy bilen kesgitlenildi.Her ýyl çykarylýan resminamanyň awlanmaga rusgat berilýän haýwanlaryň populýasiýasy barada maglumatlar göz öňünde tutulýan düzgünleri bar. Şeýle hem ol türkmen we rus dillerinde aýratyn kiçijik kitapça görnüşinde neşir edilip, ýurduň awçylar we balykçylar jemgyýetleriniň birleşiginiň üsti bilen ýaýradylýar.

Möwsümiň düzgünleri Tebigaty goramak hakynda Kanunyň maddalary we Türkmenistanda awçylyk we awçylyk hojalygyny ýöretmek hakynda Düzgünnama bilen kadalaşdyrylýar.Aw möwsümi diňe ýörüte bellenilen ýerlere degişlidir.Haýwanlaryň we guşlaryň dürli görnüşlerini awlamagyň möhleti aýry-aýrydyr.

Haýwanlary awlamagy kadalaşdyrmak üçin ýaramaz howa şertlerinde, şol sanda aýaz uzaga çekende, ýerde gar ýatsa ýa-da toprakda buz gatlagy bolanda aw etmek bolmaýar, her hepde üçin rahatlyk günleri bellenildi.

Aw möwsüminiň dowamynda oba hojalyk we ekologiýa dolandyryş edarasynyň welaýat müdirlikleriniň gözegçileri ýurduň içerki howdanlarynyň ählisinde, Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň işgärler düzümi bolsa Hazar deňziniň gündogar böleginde suwda ýüzýän guşlaryň goragyny güýçlendirerler.

Jogapkärçilikli döwrüň öň ýanynda geçirilen maslahata daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň, ýurduň Awçylar we balykçylar jemgyýetleriniň birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.Duşuşykda guramaçylyk meseleleri we brakonýerlige garşy göreşiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýygnananlar şu ýylky aw möwsümini kadalaşdyrýan resminama bilen tanyşdylar, bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny bellediler. Ýangyn howpsuzlygy çärelerini, ekologiýa kadalaryny berjaý etmegiň, şeýle hem aw oljalaryny satmagyň ýa-da satyn almagyň gadagan edilýändigi bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň awçylar we balykçylar jemgyýetleri birleşigniň Aşgabatdaky edarasynda we sebitlerdäki şahamçalarynda jemgyýetleriň agzalaryna aw edilýän ýerleriň kartasy-çyzgysy, Gyzyl kitaba girizilen haýwanlaryň sanawy, beýleki peýdaly maglumatlar bilen tanyşmagy teklip edýärler.

Mysal üçin, sülgün, guw, ondatra, oklukirpi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilmese-de, olary awlamak gadagandyr.Elguşlary bilen aw etmek barada aýdylanda bolsa, işjeň dynç alşyň bu görnüşi çäklendirilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Awçylar we balykçylar jemgyýeti ýakyn geljege iş ugurlaryny kesgitledi
Elguşly aw etmegiň däpleri we häzirki döwri
Türkmenistanly okuwçylar halkara surat bäsleşiginiň ýeňijileri boldular
Halkara guşlar gününe bagyşlanan düşündiriş çäreleri
Tebigatyň goragynda
Türkmen telekeçisi kakadylan çörek bölejikleriniň günde 36 müň gabyny taýýarlaýar