17.12.2019 | Ýaş estrada aýdymçylarynyň Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşiginiň ýeňijisi kesgitlenildi

Şu gün paýtagtymyzda ýaş aýdymçylaryň arasyndaky Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019 bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.Ol baýramçylyk çäreleriniň Täze ýylyň öň ýanyndaky maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi.Birnäçe tapgyrda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji bölegine ýaş ýerine ýetirijileriň 10-sy çykdy.

Olaryň çykyşlaryna deslapky saýlama tapgyryň barşynda teletomaşaçylaryň hem-de radiodiňleýjileriň has köp bölegi ses berdi.Indi şolaryň içinden bäsleşigiň baş baýragynyň ýeke-täk eýesini kesgitlemek galdy. Şu mynasybetli aýdym-saz sungatynyň ussatlary bir ýere jemlendiler.

Türkmen owazy teleradioýaýlymynyň aýdym-saz studiýasyna jemleýji konserti synlamaga meşhur artistler, kompozitorlar we şahyrlar, medeniýet hem-de sungat işgärleri, köp sanly ýaşlar ýygnandylar. Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşigini Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti geçirýärler.

Bäsleşigiň maksady döredijilik işjeňligini hem-de ýaşlaryň arasynda pikirleriň öňe sürülmegini höweslendirmekden, ýaş zehinleri, şol sanda ýurdumyzyň iň çet künjeklerinden zehinleri ýüze çykarmakdan we goldamakdan ybaratdyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ruhubelent ýaş nesillerde Watanymyzyň bagtyýar geljegini görüp, şu maksada çagyrýar. Şu ýyl bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň sanawyna goşulanlaryň hatarynda köpçülige öňden tanyş bolan aýdymçylar, konsert guramalarynyň we aýdym-saz toparlarynyň aýdymçylary hem-de dürli ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeňlerine gatnaşyjylar we giň halk köpçüliginiň öňüne ilkinji gezek çykan oba ýerlerinden bolan özboluşly zehinler hem bar.

Geljekki ykballarynda möhüm orun tutup biljek pursadyň ähli jogapkärçiligini duýup hem-de özlerini goldan janköýerleriň ynamyny ödemegi maksat edinen ýaş aýdymçylar bäsleşigiň jemleýji böleginde çykyş etmek bilen, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.

Bäsleşige gatnaşyjylar ýaryşyň şertine görä, iki aýdymy ýerine ýetirdiler, şolaryň birini eminleriň ýaşlaryň sesiniň arassalygyna we gözelligine, seslerine erk edip bilşini hem-de diňleýjiler bilen özara ýakyn gatnaşyklara girip biliş ukyplaryna doly derejede baha bermegi üçin sazsyz ýerine ýetirdiler. Şunuň ýaly ýagdaýda şowhunly el çarpyşmalar hem-de tomaşaçylaryň hoşniýetli goldawy saz hökmünde çykyş etdi.

Dürli görnüşdäki aýdymlar — döwrebap estrada we gadymy halk, söýgi we watançylyk, baýramçylyk aýdymlary ýaňlandy...Birnäçe sagadyň dowamynda aýdym-saz bäsleşigi dowam edip, ol ýa-da beýleki ýerine ýetirijiniň çykyşyndan soň, meşhur artistler öz pikirlerini aýtdylar hem-de ýaş kärdeşlerine maslahatlaryny berdiler.

Tomaşaçylaryň SMS habarnamalarynyň üsti bilen iberen sesleri sanalýan pursadynda bolsa, sahnada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, Garaşsyz Watanymyza bagyşlanyp döredilen aýdymlar ýaňlandy.Ine-de, sesleriň sanalmagy tamamlandy hem-de alypbaryjylar bäsleşigiň netijelerini yglan edýärler.

Bäsleşigiň netijesine görä, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni miras fakultetiniň Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak hünäriniň 5-nji ýyl talyby ýaş, ýöne eýýämden meşhur ýerine ýetiriji Azat Dönmezow bu döredijilik bäsleşiginde ýeňiji hem-de Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019 diýen adyň eýesi boldy. Ýeňijä Ýylyň parlak ýyldyzy kubogy hem-de höweslendiriji pul sylagy gowşuryldy.

Baş baýrakdan başga-da, birinji, ikinji we üçünji orunlar hem göz öňünde tutuldy, bu orunlary, degişlilikde, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Nebitgazhyzmat ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň medeni-işewürlik merkeziniň Galkynyş folklor tans toparynyň aýdymçysy Eldar Ahmedow, Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň Ahal öwüşginleri folklor tans toparynyň ikinji derejeli aktýory Rahman Hudaýberdiýew we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni miras fakultetiniň Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak hünäriniň 1-nji ýyl talyby Seýitguly Tülegenow eýelediler.

Türkmen aýdym-saz sungatynyň ykrar edilen ussatlarynyň döredijilikli ösüşler, gözlegler we üstünlikler barada aýdan arzuwlary ýaş aýdymçylara berlen hoşniýetli ak pata öwrüldi. Çykyş edenler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän uly ünsi netijesinde, ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik kuwwatyny amala aşyrmagy, ukyplaryny açyp görkezmegi üçin hemme şertleriň we mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellediler.

Bäsleşigiň ruhubelent ýeňijileri hem milli Liderimiziň şunuň ýaly üns-aladasy we berýän goldawy üçin türkmen medeniýetiniň ösdürilmegine mynasyp goşantlary bilen jogap berjekdiklerine ynandyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Ýaş estrada aýdymçylarynyň Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşiginiň ýeňijisi kesgitlenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Russiýa ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň mugt bilim almak baradaky arzalaryny kabul etmegiň möhletini uzaltdy, türkmen estrada ýyldyzlary Moskwanyň konsert meýdançalarynyň birinde çykyş etdiler we beýleki habarlar
20.12.2017 | Ahmet Atajanow “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň Gran-pri baýragyna mynasyp boldy
“Ýylyň parlak ýyldyzy” milli estrada bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi