17.11.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi atly nobatdaky ministrler duşuşygy geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hem-de Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda ählumumy wehimlere garşy durmakda, köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy strategiýasynyň ägirt uly ähmiýeti bellenildi.

Merkezi Aziýada we golaýdaky sebitlerde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek meselelerine hem garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy, ykdysady, ynsanperwer, tebigy, tehnogen we beýleki sebäpleriň netijesinde ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlary bilelikde çözmegiň zerurdygyna aýratyn üns berdi.

Türkmenistanyň çökgünlikleriň öňüni almak hem-de olaryň ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen döredilen halkara maksatnamalaryna, gaznalaryna we taslamalaryna gatnaşmagyny güýçlendirmegi göz öňünde tutýandygy nygtaldy.

Hususan-da, türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilen adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyny (CERF) kemala getirmäge gatnaşmak arkaly ynsanperwer we durmuş häsiýetli meseleleri çözmek boýunça türkmen tarapynyň tagallalary bellenildi.

Duşuşygyň daşary ýurtly gatnaşyjylaryna şu ýylyň 8-nji dekabrynda CERF-ne gatnaşyjylary yglan etmek boýunça ýokary derejeli çäräniň barşynda Türkmenistanyň bu ynsanperwer gazna özüniň nobatdaky maliýe goşandy barada resmi taýdan beýan etjekdigi habar berildi. Bu çäre BMG-niň Baş sekretary tarapyndan guralýar.

Türkmen tarapy ýurdumyzyň BMG-niň ynsanperwer meseleleri utgaşdyrmak boýunça müdiriýeti (UN OCHA) bilen hem hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini belledi. Şonuň çäklerinde 2021-nji ýylda täze resminamalary bilelikde durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň wekiliýeti şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylary howanyň üýtgemegi bilen bagly meselä aýratyn üns bermäge çagyryp, olara ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça 12-nji dekabrda geçiriljek duşuşykda Pariž ylalaşygyny amala aşyrmak boýunça özüniň borçnamalary barada beýan etmegi göz öňünde tutýandygyny habar berdi.

Bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesine ýetmäge çalyşmagyň bu ulgamdaky milli tagallalar toplumynyň ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Ýakyn wagtda Dikeldilýän energiýa serişdeleri hakynda Türkmenistanyň Kanunyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýany kabul etmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy.

Bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli milli çäre aýratyn bellenildi. Onuň çäklerinde soňky 20 ýylyň dowamynda ýurdumyzda bag nahallarynyň 90 milliondan gowrak düýbi oturdyldy, şu ýyl bolsa oturdyljak nahallaryň sany 25 milliona ýeter.

Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilim, ylym, medeniýet, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda, COVID-19 pandemiýasyny hem-de onuň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmekde gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi derejesindäki 16-njy ministrler duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Bu resminamada parahatçylygy döredijiligiň hem-de halkara gatnaşyklarda ylalaşykly çözgütleri gazanmagyň netijeli guraly hökmünde bitaraplyk syýasatynyň ornuny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Hususan-da, ministrler Türkmenistanyň 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Bitaraplyk syýasaty we halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň orny atly halkara maslahaty geçirmek baradaky başlangyjyny goldadylar.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýokary derejeli forumy guramak baradaky başlangyjy goldanyldy. Bu ýyl Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda yglan edildi.

Ministrler duşuşygyna gatnaşyjylar şeýle hem BMG-niň meýdançasynda Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň döredilmegini goldadylar. Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň birnäçe ýurtlary hem onuň agzasy bolup durýar.

Şu gün BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2021-nji ýyl üçin bilelikde işlemegiň iş meýilnamalarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça onlaýn iş duşuşygy geçirildi.

Türkmen tarapyndan duşuşyga milli parlamentiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Adalatçynyň Diwanynyň, Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Adalat, Içeri işler, Maliýe we ykdysadyýet, Sport we ýaşlar syýasaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň dowamynda bu ulgamda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, hususan-da, ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan netijeli syýasatyna laýyklykda, geljek ýyl üçin iş meýilnamalaryna goşmak maksat edinilýän gatnaşyklar boýunça anyk teklipler diňlenildi.

Iş meýilnamalaryň taslamalary çagalaryň saglygyna, iýmitlenmegine, hemmetaraplaýyn ösmegine, olary durmuş taýdan goramaga, ýokary hilli bilime degişli ugurlar boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmaga, bu ulgamda döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ösüp gelýän nesilleriň sazlaşykly ösüşini, terbiýesini we ýokary hilli bilimini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär, bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyz bu ugurda binýatlaýyn halkara-hukuk resminamalaryna goşulyşdy. ÝUNISEF bilen bilelikdäki işler durmuş-ykdysady ösüş strategiýalaryny hem-de çagalaryň hukuklary boýunça 2018 — 2020-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu meýilnama milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenilip taýýarlanyldy.

2021-nji ýyl üçin hereketleriň meýilnamasynyň Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek baradaky ýurt boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde işlenip taýýarlanylýandygyny bellemek gerek. Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ulgamlaryna esaslanyp, bu maksatnama 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda, hususan-da, çagalara degişli bolan durnukly ösüş maksatlarynyň gün tertibini amala aşyrmak boýunça milli tagallalara ÝUNISEF-niň goşandy bolup durýar.

Wideo iş maslahatyna gatnaşyjylar ÝUNISEF-niň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilişiniň derejesine ýokary baha berip, çagalaryň bähbidine bilelikde işlemegi dowam etmäge taýýardygyny beýan etdiler.

Şu gün Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri 17 — 20-nji noýabr aralygynda wideoaragatnaşyk maslahaty görnüşinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň tehnologiýalar boýunça Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisine gatnaşdylar.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň tehnologiýalar boýunça Ýerine ýetiriji komitetiniň müdiriýeti (Germaniýa, Bonn şäheri) tarapyndan guralan nobatdaky duşuşygyň maksady howanyň üýtgemegine garşy göreşde häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornuny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Bu ara alyp maslahatlaşmalara Türkmenistanyň gatnaşmagynyň aýratyn möhümligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklaýandygy hem-de bu ugurda ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýändigi bilen nygtalýar. Şolaryň biri Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçdyr.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda howanyň üýtgemegi adamzat üçin çynlakaý wehimleriň birine öwrüldi. Ählumumy ýaramaz ýagdaýlaryň depginini peseltmek üçin ylalaşykly hereketleri işläp taýýarlamak maksady bilen, 1994-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasy güýje girdi, häzirki wagta çenli bu resminama dünýäniň 197 döwleti gol çekdi.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň tehnologiýalar boýunça Ýerine ýetiriji komitetiniň düzgünlerini kämilleşdirmek ugrunda soňra Kiota teswirnamasy we Pariž ylalaşygy kabul edildi, bu resminamalar XX asyryň örän möhüm halkara ekologiýa ylalaşyklarydyr hem-de howanyň düzüminde zyňyndy gazlaryň jemlenmesiniň durnuklaşdyrylmagyna we Ýer togalagynyň howa ulgamyna ýetirilýän howply antropogen täsiriniň peseldilmegine gönükdirilendir.

Rio+20 sammitiniň öň ýanynda, 2012-nji ýylda Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara ekologiýa Konwensiýalaryna ygrarlydygynyň hem-de işjeň tebigaty goraýyş syýasatyny alyp barýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.

2019-njy ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu milli strategiýanyň rejelenen görnüşini tassyklady hem-de ýurdumyzda howanyň üýtgemeginiň täsirine degişli çäreleri görmek boýunça yzygiderli geçirilýän işleriň we önümçilik işleriniň ähli esasy ulgamlarynyň ekologiýa howpsuzlyk ölçeglerine geçmeginiň täze tapgyryna badalga berdi.

Merkezi Aziýa gurak howasy hem-de howanyň gyzgynlygynyň möwsümleýin we gije-gündizleýin üýtgemeleri hem-de ýagyş-ýagmyryň deňeçer bolmadyk bölünişi bilen häsiýetlendirilýär we howanyň üýtgemegine has durnuksyz sebitleriň biri bolup durýar.

Bu gün ýurdumyz sebitde möhüm orun eýelemek arkaly, ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda howanyň ýagdaýyny öwrenmek boýunça halkara maksatnamalaryň birnäçesine gatnaşýar, bilelikdäki tebigaty goramak taslamalaryny durmuşa geçirýär, tokaý zolaklaryny döretmek we biodürlüligi goramak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar, munuň özi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döwlet ekologiýa syýasatynyň nusgasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa Diýarymyzyň pes uglerodly ösüşine, esasy pudaklaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyna hem-de azyk, suw we ekologiýa howpsuzlygyny hem öz içine alýan durnukly ykdysadyýetiň üpjün edilmegine ýardam berýän netijeli çäreleriň işlenip düzülmegine gönükdirilendir.

Bu bolsa, öz nobatynda, ýokary tehnologiýaly pudaklaryň, ýurdumyzyň durmuş üpjünçiliginiň ähli düzümleriniň kadaly hereketiniň binýatlaýyn şerti hökmünde “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ekologiýa syýasatynyň diňe bir tehnokratik çemeleşmeler bilen çäklenmeýändigi möhümdir, bu syýasat öz gerimini giňeldýär, jemgyýetiň ruhy-ahlak terbiýesini hem-de tebigata we daşky gurşawa jogapkärli gatnaşyklaryny kemala getirmegi maksat edinýär.

Şu gün Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşigi tarapyndan guralan we COVID-19 döwründe hemmeleri saglygy goraýşyň hyzmatlary bilen gurşap almaga hem-de bu ugurda iň gowy parlament tejribesine bagyşlanan okuw-maslahata gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzir dünýäde dörän çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek hem-de pandemiýanyň netijelerini aradan aýyrmak boýunça utgaşykly we özara ylalaşykly hereketleri işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda lukmançylyk diplomatiýasy möhüm orun eýeleýär. Bu diplomatiýa şol ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Wideoforumyň gün tertibine Parlamentara birleşigi tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli saglygy goraýşyň hyzmatlary bilen köpçülikleýin gurşap almagy gazanmak: saglyga bolan hukugy üpjün etmekde parlamentleriň orny atly Kararnamanyň kadalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Maslahatyň barşynda bu ugurda amala aşyrylan işlere baha berildi, COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek bilen baglylykda, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyna ilatyň elýeterliligini üpjün etmek, umuman, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk hem-de pandemiýadan soňky dikeldiş boýunça wezipeleri çözmek babatda görlen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Interaktiw onlaýn duşuşygyna gatnaşyjylar saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň ählumumy elýeterliligini gazanmak boýunça ýurdumyzyň oňyn tejribesi hem-de degişli kanunçylyk esaslaryny üpjün etmek boýunça milli parlamentleriň işi bilen baglanyşykly meselä üns berdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ulgamynda uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek gerek. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilip, ygtybarly hukuk goldawyna eýe bolýar.

Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, innowasion usullary we öňdebaryjy tehnologiýalary tejribä ornaşdyrmak, türkmenistanlylara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen birlikde, ýurdumyzda keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ilaty bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürip, ylmy-lukmançylyk ulgamynda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de öňdebaryjy kanun çykaryjylyk tejribesini alyşmaga ýardam edýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň wajypdygyny bellediler.

Şu gün Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Durnukly ösüş maksatlarynyň milli maglumatlar binýadyny işläp taýýarlamaga çekilen beýleki edaralaryň hünärmenleri “DÖM-ne ýetmek üçin ygtybarly maglumat gorlaryny döretmek” atly okuw-maslahata gatnaşdylar.

Çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti tarapyndan guraldy. Onuň maksady Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli maglumatlar gorunyň wajypdygyny ara alyp maslahatlaşmak we ýurtlaryň tejribelerini öwrenmek, şeýle hem milli maksatnamalary işläp taýýarlan ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini hödürlemek bolup durýar.

Gürrüň, hususan-da, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça strategiýalara we maksatnamalara goşulan DÖM-ni, milli wezipeleri we görkezijileri amala aşyrmakda gazanylan ösüşe monitoring ulgamyny işläp taýýarlamak we baha bermek hakynda barýar.

Durnukly ösüşiň maksatlarynyň 17-si häzirki döwrüň has wajyp ykdysady, durmuş, ekologiýa we dolandyryş meselelerine degişlidir. Duşuşykda bellenilişi ýaly, halkara hukuga laýyklykda, döwletleriň borçnamalary bilen baglylykda, ählumumy Gün tertibini amala aşyrmak üçin ähli derejelerde toparlaýyn hereketlere toplumlaýyn çemeleşme zerur bolup durýar.

Halkara bilermenleriniň pikirine görä, Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryny milli şertlere uýgunlaşdyrmak babatda dünýäde öňdebaryjy bolup, degişli çäreleri üstünlikli amala aşyrýar.

Olaryň häzirki tapgyry degişli ministrliklerde we edaralarda, şol sanda Statistika baradaky döwlet komitetinde Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmakda ösüşe baha bermek üçin ölçegleriň ulgamyny işläp taýýarlamagy öz içine alýar.

Olaryň milli derejede amala aşyrylmagy diňe maglumatlary ýygnamak däl-de, eýsem, hasaba almagyň we seljermegiň täze usullaryny ornaşdyrmak babatda hem statistikanyň hiline täze talaplary bildirýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Halklaryň dostlugy ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili atly ýaşlaryň halkara maslahaty geçirildi
Türkmenistanda iýuldan Bakuwda geçiriljek COP29 maslahatyna ulgamlaýyn esasda taýýarlyk başlanar
HAZAR DEŇZI: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK ATLY YLMY-AMALY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
Hazar deňziniň mümkinçiliklerini wagyz etmek arkaly ýaşlaryň ekologiki sowatlylygyny artdyrmak atly onlaýn duşuşyk geçirildi
Türkmenistanda “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Düýpli abatlaýyş işlerine mätäç turbalardan gaz syzýar, ilatly ýerlerde gazyň basyşy ymykly peselýär
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi