Şu gün ir bilen Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyýanly şäherçesinde sebitde iri polimer zawodynyň — polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Bu waka “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim boldy, pudagyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, ýokary tehnologiýaly nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen hem-de dünýä bazarynda ýokary islege eýe bolan önümleri öndürýän önümçilikleriň döredilmegi onuň möhüm ugry bolup durýar.
Bu ulgamda bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginleriniň çaltlandyrylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berer.Bularyň ählisi Watanymyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna hem-de gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna hyzmat eder. ...Dabaranyň geçirilýän ýerinde uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi.
Bu ýerde müňlerçe adamlar ýurdumyzyň iň täze taryhyna ýene bir aýdyň sahypa bolup ýazyljak ajaýyp wakanyň şaýady bolmak üçin bu ýere ýygnandylar.Hemme ýerde baýdaklar pasyrdaýar we gutlag sözleri ýazylan şygarlar goýlupdyr, meýdança dürli öwüşginli şarlar bilen bezelipdir.
Täze senagat desgasyna alyp barýan ýoluň ugrunda ak öýler dikilip, döredijilik toparlary çykyş edýärler, halk amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezilýär, özboluşly däp-dessurlar ýerine ýetirilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy desganyň ýanyna gelýär.
Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar.Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi garşylaýarlar.Hormatly Prezidentimiz dabaralaryň geçiriljek ýerine barýar.
Gazhimiýa toplumynyň öňündäki meýdançada sergi guralyp, ol türkmen halkynyň baý taryhy we medeniýeti barada gürrüň berýär.Gymmatlyklaryň arasynda amaly-haşam sungatynyň nusgalary bolup, olaryň hatarynda ajaýyp bezeg şaý-sepleri, milli lybaslar, agaçdan ýasalan sowgatlyklar, gap-gaçlar, keramikadan önümler, saz gurallary, oba hojalyk gurallary we elbetde, dünýä belli türkmen halylary bar.
Sergide halk senetleriniň ussatlary öz sungatyny görkezdiler. Şeýle hem bu ýerde balyk tutulýan esbaplar we balyk tutmak bilen meşgullanan deňizýaka sebitiniň ýaşaýjylarynyň durmuşynda ulanylýan beýleki zatlary görmek bolýar.Sergi şu ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly şygaryny beýan etmek bilen, iki döwri — ady rowaýata öwrülen, halklaryň söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň nyşanyna öwrülen ýoluň dörän we hereket eden döwrüni hem-de bu taryhy ýoluň häzirki zaman görnüşde gaýtadan dikeldilýän biziň döwrümizi baglanyşdyrdy.
Türkmenistan ençeme asyrlar mundan öň bolşy ýaly, bu gadymy ýoluň ýüregi bolup durýar.Bu gün biziň ýurdumyz geografik taýdan amatly ýerleşmegi, ägirt uly ykdysady kuwwatynyň bolmagy hem-de daşary döwletler bilen özara gatnaşyklar boýunça möhüm teklipleri öňe sürýän hem-de olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli ädimleri ädýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary syýasaty alyp barmagy netijesinde sebitiň möhüm ulag hem-de iri senagat merkezine öwrülýär.
Balkan welaýatynyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-saz, tans çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.Täze desganyň baş girelgesiniň öňünde ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen döwlet Baştutanymyz polimer zawodynyň açylýandygyny alamatlandyrýan toý bagyny kesýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň geçiriljek ýerine — binanyň ýanyna barýar.Döwlet Baştutanymyzyň ýanynda daşary ýurtly işewürler — “LG International Corporation” hem-de “Hyundai Engineering Co., Ltd” koreý kompaniýalarynyň, “Çalyk Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçylary bar, olar iri düzüm taslamalaryny amala aşyrmakda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolup durýar. Şeýle hem olaryň arasynda “TOYO Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy bolup, bu kompaniýa üçin Gyýanlydaky polimer zawody Türkmenistanda amala aşyran ilkinji uly möçberli gurluşygy boldy.
Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, bu iri möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda täze möhüm ädim bolup, onuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.Türkmenistan “mawy ýangyjyň” gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýelemegi bilen baglylykda, gazy gaýtadan işleýän pudagyň işiniň depginini artdyrmak has-da möhüm bolup durýar.
Türkmenistan daşary syýasy we daşary ykdysady işiniň strategik ugurlarynyň biri hökmünde Ýaponiýa hem-de Koreýa Respublikasy bilen, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda, olar bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýär.
Bar bolan hökümetara ylalaşyklaryň çäklerinde uzak möhletleýin esasda guralýan bu hyzmatdaşlyk ýylsaýyn täze itergä hem-de anyk mazmuna eýe bolýar.Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ýygnanan binasyna barýar, olaryň hatarynda hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Ýygnananlar ör turup, milli Liderimizi garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, hemmeleri Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýylyň şanly wakasy — Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän täze gazhimiýa toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, golaýda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy giňden bellenip geçildi.Mukaddes baýramyň öňüsyrasy bolsa, Halk Maslahatynyň birinji mejlisi ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi, onuň barşynda ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Garaşsyz ösüşiň ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan esasy maýa goýumlarynyň möçberi 350 esseden hem köp ösdi. Şonuň 68 göterimi, ýagny 124 milliard amerikan dollaryna golaýy önümçilik pudagyna gönükdirildi.Bu bolsa 2600-den hem köp iri desgany gurup, işe girizmäge mümkinçilik berdi.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyz uglewodorod serişdelerine örän baý döwlet.Onuň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.Soňky döwürde bu gymmatly serişdeleri çykarmak, gaýtadan işlemek we sarp edijilere durnukly hem-de ygtybarly ibermek boýunça köp işler amala aşyryldy we aşyrylýar.
Bu ugurda diňe ýaňy-ýakynda ulanmaga berlen iri kärhanalaryň biri bolan Garabogazkarbamid zawodyny görkezmek bolar. Şu ýyl Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäklerinden geçjek bölegine badalga berildi.
Täze halkara gaz geçirijisi doly işe girizilenden soň, ady agzalan ýurtlara ýylda 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny ibermäge mümkinçilik dörär.Munuň bolsa mähriban halkymyzyň bagtyýar, eşretli we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, sebitde hem-de bütin dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmakda uly ähmiýeti bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyz ýerasty baýlyklarymyzy, şol sanda tebigy gazymyzy diňe dünýä bazarlaryna ibermek bilen çäklenmän, eýsem, olary gaýtadan işlemäge hem uly üns berýär.
Tebigy baýlyklarymyzdan zerur we bäsleşige ukyply bolan, ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.Gyýanly şäherçesinde gurlup, ulanmaga berilýän polietilen we polipropilen öndürýän şu gazhimiýa toplumy hem bu aýdylanlara ýene-de bir aýdyň mysaldyr, onuň düýbi 2014-nji ýylyň 22-nji aprelinde tutuldy.
Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryndan hem köp bolan bu iri maýa goýum taslamasy Türkmengaz döwlet konserni tarapyndan koreý we ýapon kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy.Täze toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer.
Iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bu kärhanada her ýyl 386 müň tonna ýokary hilli polietilen, 81 müň tonna hem polipropilen öndüriler. Şu önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden alnan zerur bolan etan, propan ýaly maddalardan başga galan arassa 4,5 milliard kub metri ýangyç hökmünde gaz geçiriji ulgamlara akdyrylar.
Bir müňden hem gowrak adam işlejek täze kärhana üçin hünärmenler daşary ýurtlarda we özümizde taýýarlandy.Olaryň netijeli zähmet çekmegi, talabalaýyk dynç almagy üçin hem zawodda ähli zerur şertler döredildi.
Bu ýerde naharhana, sport bilen meşgullanmak üçin ýörite zal we meýdançalar bar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kuwwatly döwrebap kärhanany gurmaga gatnaşan ähli hünärmenlere we gurluşykçylara, şeýle hem ýapon we koreý kompaniýalarynyň wekillerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan bu täze polimer zawody Garaşsyz hem-de Bitarap ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwlete, taýýar önümleri öndürýän ýurda öwrülýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.
Berkarar Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny mähriban halkymyzyň bähbidine ulanmak babatda alyp barýan giň gerimli işlerimiziň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz belledi.Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda desgalaryň gurluşygynda ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegine, döwrebap innowasiýalaryň, ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna örän möhüm ähmiýet berilýär. Şu gün işe girizilýän täze kärhananyň gurluşygynda hem bu meseleler doly göz öňünde tutuldy.
Kuwwatly toplumyň işe girizilmegi bilen, ata Watanymyzyň diňe nebit we gaz serişdeleriniň bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, gymmat bahaly polimer önümleriniň bazarynda hem mynasyp orny eýelemäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz bu iri senagat desgasynyň şu günki ösüşlerimize mynasyp goşant goşjakdygyna hem-de geljek nesillerimize hem uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary şu günki şatlykly waka, Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, täze işe girizilen toplumyň işgärlerine bolsa, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşy dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.Dabarany daşary ýurtly myhmanlar dowam etdiler.Ilki bilen Ýulius Kun adyndaky institutyň (Germaniýa) wekili, agronomçylyk we bagbançylyk ylymlarynyň doktory hanym Margit Olle söz berilýär.
Myhman iri önümçilik toplumynyň açylmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, hormatly Prezidentimizi hem-de şu günki çärä gatnaşyjylary şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady, şeýle hem polimer zawodynyň işgärlerine işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Bu taslama ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Ýewraziýa sebiti boýunça gaz pudagynyň düzümini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryny netijeli özleşdirmegiň aýdyň mysaly bolup durýar.Häzir dünýäde Beýik Ýüpek ýoluna bolan gyzyklanma artýar diýip, myhman sözüni dowam etdi.
Taryhy geçmişde bu ýol Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde uly orun eýelän bolsa, häzir döwrebap derejede gaýtadan dikeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy durnukly ösüş üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Margit Olle Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynyň Ýulius Kun adyndaky institut tarapyndan ýokary tehnologiýaly innowasion kärhana diýlip ykrar edilendigini belläp, sebit möçberindäki bu ähmiýetli taslamany amala aşyrmaga gatnaşanlaryň hemmesini işiň üstünlikli geçirilmegi bilen ýene bir gezek gutlap, polimer zawodynyň ýolbaşçysyna güwänamany we degişli nyşany gowşurdy.
Sagdyn daşky gurşaw gaznasynyň (“Environmental health trust” (ABŞ) uly geňeşçisi jenap Robert Dýubua Morris, öz nobatynda, türkmen Liderine ýurdumyza gelip görmek baradaky çakylyk hem-de myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, wekilçilik edýän guramasynyň işiniň daşky gurşawy goramaga, jemgyýeti mümkin bolan ekologiýa howplaryndan goramaga gönükdirilendigini belledi.
Bu ýagdaýy iri senagat taslamalary amala aşyrylanda ykdysady işiň oýlanyşykly meýilleşdirilmeginiň, arassa, ekologiýa taýdan howpsuz, täze tehnologiýalary giňden peýdalanmagyň hasabyna gazanmak mümkindir.Başgaça aýdanyňda, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen bir wagtda, tebigaty goramak bilen bagly çäreler arkaly adamlaryň saglygyny gorap bolýar.
Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynyň gurluşygy hut şeýle taslama bolup, ony Hazar deňziniň ajaýyp tebigatyny goramak hem-de sebitiň ýaşaýjylary üçin amatly ekologiýa ýagdaýyny üpjün etmek nukdaýnazaryndan nusga alarlyk diýip atlandyrmak bolar.
Daşky gurşawy goramak babatda kabul edilýän çözgütler Ýer ýüzüniň ýagdaýynyň geljegini kesgitleýär, biz ony çagalarymyza we agtyklarymyza geljekde miras goýmalydyrys diýip, myhman belledi.Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasaty ençeme halklary we medeniýetleri birleşdirip, bizde geljege bolan uly ynamy döredýär diýip, R.Dýubua Morris belledi.
Myhman ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen polimer zawodynyň ýolbaşçysyna desganyň daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny tassyklaýan güwänamany we degişli nyşany gowşurdy.Soňra Paul Şerrer ylmy-barlag institutynyň Energetika departamentiniň (Şweýsariýa) ýolbaşçysy, professor, doktor jenap Urs Weýdmanna söz berildi.
Myhman ozaly bilen, amala aşyrylan taslamanyň taryhy ähmiýetini belläp, munuň Türkmenistanyň tebigy gazyny eksport etmek bilen çäklenmeýändigini aýdyň tassyklaýandygyny belledi.Türkmenistan ýokary tehnologiýalary peýdalanmak bilen, täze ýokary hilli önümleri öndürýär hem-de şolary daşarky bazarlara ugradýar.
Türkmenistan 2015-nji ýylda gol çekilen hem-de tassyklanan howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny tassyklan döwletleriň hataryna girýär.Bu resminamada 2050-nji ýyla çenli howa zyňylýan zyýanly maddalaryň möçberini azaltmak barada aýdylýar.
Jenap Waýdmann halkara jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň şu maksada gönükdirilendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda daşky gurşawy goramak boýunça ýurdumyzda geçirilýän işlere ýokary baha berdi. Şweýsariýanyň iri ylmy-barlag merkeziniň wekili Türkmenistanyň Baştutanyny innowasion energetika taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen gutlap, polimer zawodynyň ýolbaşçysyna “Durnuklylyk we netijelilik” diýen güwänamany we degişli nyşany gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýokary hilli önümçiligi üpjün etmekde üstünlik gazanmagy, innowasion tehnologiýalary ulanmagy mynasybetli güwänamalaryň we sylaglaryň gowşurylmagy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, olary ýurdumyzyň ýokary halkara üstünlikleriniň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli senagat maksatnamasy daşky gurşawy goramak bilen berk baglydyr.Zyýanly gazlaryň ýaýramagyny azaltmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny giňden goldamak bilen, Türkmenistan senagatda, şol sanda nebitgaz, elektrik energetikasy we himiýa pudaklarynda döwrebap, ekologiýa taýdan howpsuz we serişde tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalary ulanmaga uly üns berýär.
Biz mundan beýläk-de ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda häzirki zaman innowasion we ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary ornaşdyrmagy maksat edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ugurda amala aşyrylýan işleriň ykrar edilmegi we goldanmagy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra ýygnananlara ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly mümkinçilikleri, üstünlikleri we ýeten sepgitleri bilen gysgaça tanyşdyrýan wideofilm görkezildi, ol panoramaly ekranda, 360 gradus görnüşde, ýörite täsirleri we lazer tehnikalaryny peýdalanmak bilen görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine hem-de onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilendir.Bu ulgamda ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýeleýär.
Häzirki wagtda tebigy gazyň subut edilen gorlarynyň möçberleriniň 50 trillion kub metre ýetýändigi bilen Türkmenistan dünýäde dördünji orny eýeleýär we eýýäm häzirki wagtda ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Ýurdumyz geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi hem-de uglewodorod serişdeleriniň örän baý gorlaryna eýe bolmagy netijesinde Ýewropa we Aziýa bazarlaryny hem öz içine alýan dürli ugurlar boýunça gazyň eksport möçberlerini düýpli artdyrmaga ukyplydyr.
Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi munuň aýdyň subutnamasydyr, onda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny birleşdiren Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyjy öz beýanyny tapdy.Döwletara ylalaşyklara laýyklykda, geljekde HHR-e iberilýän türkmen gazynyň möçberi 65 milliard kub metre çenli artar.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi ýene bir strategik ähmiýetli başlangyçdyr.Häzirki wagtda bu gaz geçirijisiniň 214 kilometre deň bolan türkmen böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. 2018-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň, Hindistanyň we Pakistanyň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, gaz gysyjy iki bekediň düýbi tutuldy, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk we elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygyna girişildi.
Türkmen gazyny Günorta — Gündogar Aziýa ýurtlaryna uzak möhletleýin ibermek maksady bilen amala aşyrylýan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. 2015-nji ýylda ýurdumyzyň ähli gaz geçirijilerini bir bitewi ulgama birikdiren “Gündogar — Günbatar” gaz geçirijisi ulanmaga berildi.
Onuň netijesinde, hususan-da, “Döwletabat”, “Malaý”, Ýaşlar”, “Galkynyş” ýaly iri tebigy gaz känleriniň ýerleşýän ýeri bolan Mary welaýatyndan Ahal we Balkan welaýatlaryna, täze onlarça senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurulýan ýerine “mawy ýangyjy” ibermek mümkinçiligi peýda boldy.
Mundan başga-da, “Gündogar — Günbatar” gaz geçirijisini türkmen energiýa serişdelerini Hazar sebitiniň üsti bilen halkara bazarlara ugratmak üçin peýdalanmak mümkin bolar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ýakyn geljek ýedi ýylyň dowamynda nebitgaz toplumyna 159,9 milliard manat maýa goýum serişdelerini gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy, ol ähli ugurlary — geologiýa-gözleg, buraw, gazyp almak, ibermek, saklamak hem-de gazy gaýtadan işlemek işlerini öz içine alýar.Häzirki wagtda “Galkynyş” iri gaz känini senagat taýdan özleşdirmek işleri alnyp barylýar, bu işler “Türkmengaz” döwlet konserni we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylýar.
Hazar deňziniň türkmen böleginde we kenarýaka zolagynda, Amyderýanyň sag kenarynda, Merkezi Garagumda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde geljegi uly nebitgaz ýataklary ýokary depginlerde özleşdirilýär.Nebiti we gazy çykarmagyň möçberlerini artdyrmak, pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek bilen birlikde energetika toplumynyň kärhanalarynyň tehniki we tehnologiýa taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malynyň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilen iri senagat desgalarynyň, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektrik energetikasy ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygyna uly üns berilýär.
Ahal welaýatynda, Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawod bina edilýär.Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen kärhanada her ýylda tebigy gazyň 1 milliard 782 million kub metri gaýtadan işlenilip, iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän Euro-5 standarty boýunça A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasy öndüriler.
Senagatda, gurluşykda, ulagda, oba hojalygynda ulanylýan önümleriň ýüzlerçe görnüşini çykarmak üçin esasy düzüm bolan polimerleri öndürmek, şeýle hem durmuşda zerur bolan harytlaryň köp görnüşi boýunça iri önümçilikleriň döredilmegi Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi has uly ugurlarynyň biridir.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit gaýtadan işlenilende alynýan suwuklandyrylan gazdan polipropilen öndürmek boýunça enjamlaryň gurulmagy bilen bu işleriň başy başlandy.Häzirki wagtda ugradylan polipropilen Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen daşary ýurtly sarp edijilere ýerlenilýän önümleriň sanawynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.
Eksport harytlarynyň aglaba bölegi deňiz ulaglary bilen Türkmenistandan daşary ýurtlara ugradylýar.Munuň üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda polipropileni saklamak hem-de ýüklemek üçin ýöriteleşdirilen terminal guruldy. Şunuň bilen baglylykda, Hazar sebitinde gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça täze kuwwatly merkeziň döredilmegi ýurdumyzyň gaz senagatynyň onlarça ýyllyk geljegi nazarlaýan strategik ugry bolup durýar.
Häzirki wagtda bilermenler Hazar deňziniň türkmen bölegindäki gorlara 12,1 milliard tonna nebit we kondensat, şeýle hem 6,1 trillion kub metr gaz möçberinde baha berýärler.Bu ýerde “Magtymguly”, “Diýarbekir”, “Garagol deňiz” ýaly ýataklar tejribe senagat taýdan ulanmaga berilmegine taýýarlanyldy. 2011-nji ýylda Hazaryň kenarynda gazy gaýtadan işleýän zawodyň hem-de ýerüsti gaz terminalynyň ulanmaga berlendigini ýatladýarys.
Kuwwatly çig mal binýadynyň, ulag we beýleki düzümleriň bolmagy Gyýanly şäherçesiniň iri gazhimiýa toplumyny gurmagyň ýeri hökmünde saýlanyp alynmagyny şertlendirdi.Tolgundyryjy pursat gelýär — umumy el çarpyşmalar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düwmäni basmak arkaly polimer zawodyny işe girizýär.
Monitorlarda täze kärhana we polietilen hem-de polipropilen önümçiligi barada gürrüň berýän wideofilm görkezilýär, bu film hem ýörite wideotehnikalar arkaly surata düşürildi.Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryna deň bolan bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — “LG International Corp”, “Hyundai Engineering” (Koreýa Respublikasy), şeýle hem “TOYO Engineering Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Üçtaraplaýyn şertnama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylda Ýaponiýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi.
Zawod Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Belgiýadan, Germaniýadan, Daniýadan we Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan satyn alnan döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi.Onuň düzüminde 4 sany esasy tehnologik desgalar: gazy bölüji, etany gaýtadan işleýän, polietilen we polipropilen öndürýän bölümler bar. Ähli tehnologik işler awtomatlaşdyrylyp, merkezleşdirilen görnüşde dolandyrylýar.
Kömekçi ulgamlar — deňiz suwuny toplaýan we duzsuzlaşdyrýan, gaýtadan işleýän, lagym suwuny arassalaýan hem-de senagat suwlaryny gaýtadan ulanýan, bug, howa we azot öndürýän ulgamlar, ýangyna garşy howpsuzlyk we beýleki ulgamlar gurnalanda öňdebaryjy inženerçilik çözgütleri ulanyldy.
Toplum elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilýär.Himiýa serişdelerini hem-de taýýar polimer önümlerini saklamak üçin ammarlar guruldy.Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynda polimerleriň önümçiligi döwrebap tehnologiýalaryň esasynda amala aşyrylýar.
Ilkinji çig maly mümkin bolan garyndylardan düýpli arassalamak olaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar.Hususan-da, gazy bölüji desgada COREFLUXtm tehnologiýasy ulanylýar.Ol tebigy gazdan metanyň, etanyň netijeli alynmagyny üpjün edýär. Şeýle hem bütin dünýäde ulanylýan çig maly “turşy gazlardan” we simap garyndylaryndan arassalaýan tehnologiýa ulanylýar.
Etan desgasy bir ýylda uglewodorod çig malynyň 685 müň tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Ýeri gelende aýtsak, zawodda Türkmenistan üçin täze önümiň — ýokary dykyzlykdaky polietileniň önümçiligi özleşdirildi.Ol pes basyşda etileniň polimerleşdirilmegi netijesinde alynýar. Şunda InnovenetmS, tehnologiýasy ulanylýar.
Ol dünýäde giňden ýaýran nebit we gazhimiýa senagatynyň üçlügine girýär.Lisenziýa “INEOS Technologies” (Beýik Britaniýa) — iri halkara korporasiýasy tarapyndan berildi, onuň düzümine “BP”, “ICI” we “BASF” ýaly ägirtlerden satyn alnan himiýa kärhanalary girýär.
Umuman, bu Merkezi Aziýada “INEOS Technologies” korporasiýasyndan satyn alnan ilkinji InnovenetmS lisenziýasy bolup durýar.Türkmenistanyň Prezidentiniň ýöredýän “Açyk gapylar” we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleri, senagat ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar, amatly maýa goýum ýagdaýy, daşary ýurtly işewür toparlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de köp ugurlarda, ozaly bilen, ylmy işleri talap edýän we ýokary tehnologiýaly pudaklara dünýä tejribesini giňden çekmek üçin amatly şertleri döredýär.
Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyny gurmagyň taslamasy 2014-nji ýylda eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilen Ýewropanyň we Ýewraziýanyň iň gowy taslamalarynyň onusyndan biri hökmünde “TXF” (Beýik Britaniýa) guramasynyň ýörite sylagyna eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, Koreýanyň eksport-import banky hem-de Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Koreýanyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Şweýsariýanyň şu taslamany maliýeleşdirmek boýunça maliýe edaralarynyň bileleşigi bilen gol çeken karz ylalaşyklarynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 2,5 milliard dollaryndan hem geçýär.
Bularyň hemmesi dünýäniň iri işewürligi tarapyndan Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlyga işjeň gyzyklanmany we taýýarlygy aýdyň görkezýär, munuň özi uly abraýly, ygtybarly, durnukly we jogapkärli hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde biziň ýurdumyza bildirilýän ynamyň uludygyna şaýatlyk edýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zawodyň taýýar önümleri gaplaýan bölümine baryp gördi, şol önümleriň hatarynda, ýokary temperaturada polimere dürli goşundylaryň girizilmegi netijesinde alynýan polietileniň ýedi görnüşi hem-de polipropileniň bäş görnüşi bar.
Kompaundirleme diýlip atlandyrylýan bu iş polimer önümleriniň esasy aýratynlyklarynyň toplumyny modifisirlemäge mümkinçilik berýär.Bu wajyp işi ýerine ýetirmek üçin ýörite enjamlar, şol sanda ekstruder abzaly göz öňünde tutulandyr.
Taýýar önümleriň düwürleri ammara ugradylýar, soňra dürli agramlykdaky haltalara gaplanylýar.Kislotalara, aşgarlara, ýaglara garanyňda, berk mäkämligi we gatylygy, himiýa durnuklylygyna, dielektrik häsiýetlerine eýe bolmak bilen, polietilen tehniki, şeýle hem durmuşda ulanylýan serişdeleri — örtüjileri, paketleri, kommunikasiýa turbalaryny, elektrik kabelleri örtüjileri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylýar.
Ondan durmuşda ulanylýan himiýa önümleri, çelekler, oýnawaçlar, gap-gaçlar, aşhana we hammam önümleri, tikinçilik we mebel önümleri, awtomobil we durmuş tehnikalary üçin şaý-sepleri, şeýle hem oýun oýnalýan meýdançalar, guýular, estakadalar görnüşindäki uly möçberli gurluşlar üçin göwrümleri taýýarlaýarlar.
Külkelenen polipropilene dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär, bu isleg soňky on ýylyň dowamynda yzygiderli ýokarlanýar, bu bolsa birnäçe sebäpler bilen baglydyr.Bu polimer örän ýeňil gaýtadan işlenilýär, özboluşly häsiýetlere — ýeňillik, mäkämlik, ýokary temperaturalara durnuklylyk ýaly häsiýetlere eýe bolup, innowasion tehnologiýalar netijesinde ony ulanmagyň täze ugurlary peýda bolýar.
Häzir polipropilenden önümleriň dürli görnüşleri — gaplaýyş örtüginden we plastik gaplaryndan başlap, durmuşda ulanylýan tehnikalaryň we awtoulaglaryň ýokary tehnologik şaýlaryna çenli öndürilýär. Şu ýylyň tomsunda TNGIZT-de kuwwaty ýylda 21 müň tonna önüme deň bolan biaksial-ugurly polipropilen örtügini öndürýän zawodyň ulanmaga berlendigini bellemek gerek. Şeýlelikde, tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn işläp taýýarlamagy ugur edinmek bilen, Türkmenistan dünýäniň energetika bazarynda energiýa serişdelerini iberýän döwlet hökmünde öz ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, energetika eksportynyň harytlyk düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna oňa gatnaşmagynyň häsiýetini hil taýdan üýtgeder.
Mälim bolşy ýaly, bir aý mundan ozal, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar sebitinde “Garabogazkarbamid” zawody açyldy, bu desga hem batly gadamlar bilen ösýän gazhimiýa senagatynyň ösmeginde möhüm tapgyr boldy. “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) hem-de “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalary bilen bilelikde gurlan döwrebap kärhananyň ýyllyk kuwwaty oba hojalygynda giňden ulanylýan azot dökünleriniň 1 million 155 müň tonnasyna deňdir.
Ine-de, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyň binasynda oturdylan monitoryň ekranynda “Garabogazkarbamid” zawodyndan eksporta ugradylýan önümiň ilkinji tapgyrynyň ýüklenýän pursatlary görkezilýär.Milli Liderimiz kuwwatly ýük awtoulaglarynyň kerwenine ak pata berdi.
Bu ýerden ugran ýük ulaglar kerweni Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna tarap ýola düşdi.Bu ýerden karbamid deňiz gämileri bilen daşary ýurtly sarp edijilere ýetiriler.Döwlet Baştutanymyz bu önümçilik bilen tanyşlykdan soňra, Hormatly myhmanlaryň kitabynda şu günki waka barada ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Zawodyň hünärmenleri gazhimiýa pudagynyň döwrebap önümçilik desgalaryny gurdurandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler, bu ýerde ata Watanymyzyň bähbidine päk ýürekden zähmet çekjek işgärleriň tutanýerli işlemegi üçin amatly şertler döredildi.
Nebitgaz senagatynyň işgärleriniň adyndan milli Liderimize ýadygärlik sowgady gowşurylýar.Döwlet Baştutanymyz zawodyň işgärlerine işlerinde üstünlik arzuw edip, olara täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Şeýle hem bu ýerde, gazhimiýa toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, şu günki şanly waka bilen gutlady.Myhman milli Liderimize berk jan saglygyny hem-de alyp barýan köpugurly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, halkara bileleşigiň okgunly ösüş depginlerini görkezýän Türkmenistanyň gazananlaryna ýokary baha berjekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkiýäniň işewür toparlary biziň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge hem-de bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler.Hormatly Prezidentimiz iri bilelikdäki taslamalarda anyk beýanyny tapýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň netijeli, däbe öwrülen dostlukly häsiýetini bellemek bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýtdy hem-de türk holdinginiň türkmen bazarynda ýerine ýetiren işine kanagatlanma bildirdi.
Duşuşygyň çäklerinde dürli ugurlarda geljekki gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.Işewür gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda Türkmenistanyň elektroenergetika düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara ugradylýan möçberini artdyrmak boýunça bellenilen meýilnamalary nazara almak bilen, giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawody taslama kuwwatlylygyna çykarmak hem-de beýleki käbir bilelikdäki taslamalary, şol sanda Aşgabatda Halkara bejeriş-kosmetologiýa merkeziniň gurluşygyny ilerletmek boýunça işleriň barşy hakynda habar berdi.
Duşuşygyň ahyrynda Ahmet Çalyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özara söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini hem-de möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň özüne bildirilýän ynama ýokary baha berýändigini hem-de geljekde-de öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Soňra şu ýerden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bag ekmek boýunça ýowaryň geçirilýän ýerine ugrady we ýol ugrunda ägirt uly täze senagat kärhanasynyň önümçilik desgalaryny synlady.Milli Liderimizi dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de köp sanly ýaşlar mähirli mübärekleýärler.
Olar bag ekiljek meýdanda işe girişmäge taýýar bolup durlar, bu ýere ekiljek bag nahallary öňünden getirildi.Hemme ýerde ýaňlanýan sazyň owazy ruhubelentlik hem-de şatlyk ýagdaýyny döredýär.Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyz ilkinji agaç nahalyny oturdyp, güýzki bag ekmek möwsümini açýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjyna ýygnananlaryň ählisi agzybirlik bilen goşuldylar.Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik korpusyň wekilleri we daşary ýurtly myhmanlar türkmen topragynyň gözelligini has-da artdyrjak çärä gatnaşdylar.
Tebigata aýawly garamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyz eziz Watanymyzyň ösüşiniň hem-de täzelenişiniň nyşany bolan gür baglaryň hem-de tokaýlaryň mekanyna öwrülýär.Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen indi köp ýyllaryň dowamynda giň möçberli bag ekmek maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar.
Awtomobil we demir ýollarynyň ugrunda, okgunly ösýän senagat düzüminiň, keşbi özgerýän şäherleriň we täze obalaryň töwereginde ýaşyl baglar peýda bolýar.Köpetdagyň eteginde, ak mermerli Aşgabadyň golaýynda agaç nahallarynyň millionlarça düýbi oturdyldy.
Awaza milli syýahatçylyk zolagynda täsin baglary döretmäge aýratyn üns berilýär.Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýerleşýän dünýä derejesindäki şypahana zolagy halkymyzyň hakyky buýsanjy, gadymdan gelýän milli hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we myhmansöýerlik däpleriniň aýdyň beýany bolup durýar.
Ajaýyp myhmanhanalar, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, kottej şäherjikleri, seýilgäh-dynç alyş toplumlary we hyzmatlaryň ýokary derejesi Awazany köp sanly türkmenistanlylar hem-de daşary ýurtly myhmanlar üçin ajaýyp mekana, maşgala bolup dynç almak üçin has oňaýly ýere öwürýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we goldawy bilen durmuşa geçirilýän, möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk, durmuş-ykdysady taýdan ägirt uly ähmiýete eýe bolan bu maýa goýum taslamasy sebiti toplumlaýyn ösdürmegiň innowasion nusgasyna öwrüldi. “Awaza” taslamasy syýahatçylygyň okgunly ösdürilmeginiň başyny başlap, Türkmenistanyň has-da rowaçlanmagyny şertlendirýän birnäçe ugurlary özüne birleşdirdi.
Munuň özi baý tebigy serişdeleri, syýahatçylyk mümkinçiliklerini hem-de ýurdumyzyň amatly ulag-üstaşyr ýagdaýyny toplumlaýyn ulanmak, şunuň esasynda milli ykdysadyýeti has-da ösdürmek, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha bermegine we abraýly halkara bilermenleriň gelen netijesine görä, Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa babatda has amatly hasaplanylýar.
Munuň özi bu ulgamda maksadalaýyk işleriň yzygiderli geçirilmegi bilen düşündirilýär.Ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar şähergurluşygy, nebitgaz ulgamynda, himiýa senagatynda, elektrik energetikasynda, oba hojalygynda we tutuşlygyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, iri halkara hem-de sebit taslamalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Muňa aýdyň mysal hökmünde ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň öňdebaryjy kärhanasy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny görkezmek bolar.Bu toplumy döwrebaplaşdyrmak hem-de tehniki taýdan enjamlaşdyrmak işleri öňdebaryjy tehnologiýalary we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly amala aşyrylýar.
Bular bolsa daşky gurşawa ýetirilýän tehnogen zyýanyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. “Ýaşyl port” (Green port) halkara standartyna laýyk gelýän, şu ýylyň maý aýynda ulanmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak üçin terminallaryň her birinde bioarassalaýjy enjamlar ornaşdyryldy.Deňiz portunyň gurluşygy mahalynda çykarylan topragyň deňiz aýlagynyň akwatoriýasyndaky 170 gektar meýdana barabar bolan emeli adany döretmek üçin ulanylandygy bellärliklidir.
Bu ada gyzylinjik, guw, gaz, ördek, gotan ýaly guşlaryň we beýlekileriň mesgen tutan hem-de gyşlaýan ýerine öwrüldi. “Garabogazkarbamid” zawodynda mineral dökünlerini öndürmekde innowasion tehnologiýalar ulanylýar.Bu kärhananyň hem ekologiýa howpsuzlygy abraýly halkara guramalaryň güwänamalary bilen tassyklanyldy.
Oktýabr aýynyň başynda giň möçberli çäre — Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň günleri badalga aldy.Bu çäre bir aýyň dowamynda geçiriler.Gymmat bolmadyk, ygtybarly we döwrebap energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek, ykdysady ösüşe hem-de iş orunlary bilen doly üpjün etmäge, azyk howpsuzlygyna hem-de oba hojalygyny ösdürmäge, senagatlaşdyrmaga we innowasiýalara ýardam bermek, şeýle hem suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek, çölleşmäge garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi saklamak — “Gün tertibi — 2030”-yň bu ugurlarynyň her biri boýunça ýurdumyzyň oňyn tejribesi bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda, BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, BMG-niň Ýaponiýada geçirilen tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitlerinde we beýleki iri forumlarda öňe süren oňyn başlangyçlary hem häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. Şol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygy üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň täsirli we köptaraply gurallaryny döretmek baradaky teklipler bar.
Hazaryň täsin toplumy, sözüň doly manysynda, tutuş adamzadyň baýlygy bolup durýar. Şu gün tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu ýerde geçirilen bag ekmek çäresi Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli we yzygiderli işiň aýdyň mysallarynyň birine öwrüldi.
Munuň özi tebigaty aýawly saklamagyň hem-de dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine umumy asylly işe aýdyň goşant bolup durýar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken ýörite Karary Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmekde täze tapgyr boldy. Şol resminama laýyklykda, 2018-nji ýylyň bag ekmek möwsüminiň barşynda agaç nahallarynyň 3 million düýbi oturdylar.
Olaryň 1,5 million düýbi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň arasyndaky meýdanda we şol möçberdäki saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzümiň nahallary welaýatlaryň dolandyryş merkezleriniň we şäherleriniň töwereginde ekiler.
Bu Karary durmuşa geçirmek ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi. Şu ýylyň ýaz paslynda ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda agaç nahallarynyň 445 müňden gowragy oturdyldy.
Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip, paýtagtymyza ugrady.