17.09.2017 | Gruziýanyň parlament wekiliýeti Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi

Mejlisde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Irakli Kobahidzeniň ýolbaşçylygyndaky dostlukly ýurduň wekilçilikli topary bilen duşuşyk geçirildi.

Dostlukly ýurduň deputatlar düzüminiň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwiliniň mähirli salamyny hem-de iri sport ýaryşlarynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykan gutlaglaryny ýetirdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkyna parahatçylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlar aýdyldy.

Myhmanyň belleýşi ýaly, gruzin parlamentarileri Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bolup görmäge şatdyr, Türkmen döwleti dünýäniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna girdi hem-de sport döwleti hökmünde öz kuwwatyny ynamly äşgär edýär.

Amala aşyrylýan giň özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmekde Mejlisiň alyp barýan işleri duşuşygyň meseleleriniň biri bolup, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ony umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyk getirmek onuň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň milli parlamentleri bilen özara gatnaşyklaryň netijeliligi bellenildi.

Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň kanunçykaryjy düzümleriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi, munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meýilnamalary, iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi berkitmek babatda türkmen-gruzin gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge hyzmat eder.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika we ulag pudaklary görkezildi.Bu ugurlarda sebitara gatnaşyklary hem-de dünýä bazarlaryna çykmak, biziň ýurtlarymyzyň, şeýle hem tutuş Ýewraziýa giňişligindäki döwletler bilen hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin örän uly mümkinçilikler bar. Şeýle hem ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça däbe öwrülen özara gatnaşyklaryň orny, bu ugurlarda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň hem-de tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Kobakhidze Gruziýanyň Premýer-ministri wezipesini tassyklandy
Gruziýanyň Medeniýet we sport ministrligi iki edara bölüner
Türkmenistan Gruziýada “BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk güni” forumyna gatnaşýar
Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Prezident Erdogan Gurziýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Türkmenistanyň parlament saýlawlarynyň senesi mälim edildi, Huawei Aşgabatda telefon torlaryny giňeldýär, 2023-nji ýylda Türkmenistanda birnäçe halkara talyp olimpiadalary geçiriler we beýleki habarlar
Gruziýa Bilen Ermenistanyň Arasynda Şahadatnama Bilen Syýahat Döwri Başlar