Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki göçme mejlisini geçirdi.Onda Prezident maksatnamalaryny we durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasyny amala aşyrmagyň meselelerine garaldy.
Gün tertibine şeýle hem halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň wajyp wezipeleri we ýolbaşçylary wezipä bellemek meseleleri girizildi.Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.
Wise-premýer 24-nji awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Araly halas etmegiň halkara gaznasyny dörediji döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Häzir ýurdumyz AHHG-de başlyklyk edýär, şunuň bilen baglylykda, degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy, onuň amala aşyrylmagy bu gaznanyň işini kämilleşdirmäge, Aralyň meseleleri boýunça sebitiň ýurtlarynyň geljekde hem hyzmatdaşlyk etmegi üçin mäkäm binýady döretmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň bu ugurda geçirýän yzygiderli işleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar.Munuň şeýledigine 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.
Sammitiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, degişli derejede toplumlaýyn işler geçirilýär.Forumyň maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy, onuň öň ýanynda AHHG-niň düzümleriniň mejlisini, şol sanda Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň, şeýle hem Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň mejlislerini geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, käbir degişli resminamalaryň taslamalarynyň üstünde işlenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde sebit we döwletara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny belläp, ýurdumyzyň Aral ýakasynda durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmegi öz ileri tutýan wezipesi hökmünde kesgitländigini aýtdy.
Aral meseleleriniň çözülmegi diňe Merkezi Aziýada däl-de, eýsem, dünýä ýüzünde Durnukly Ösüş Maksatlaryny gazanmak babatda uly ähmiýete eýe bolup durýar, şonuň üçin hem bu ýerde abraýly halkara guramalaryň, ozaly bilen BMG-niň gatnaşmagynda toplumlaýyn we yzygiderli çemeleşme zerur bolup durýar.
Bu barada aýtmak bilen milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli ugurda netijeli gatnaşyklara täze itergi we mazmun berjek AHHG-ni esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň ýokary derejede guralmagyny we geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda geljek hepdede Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.Bellenilişi ýaly, ýokary derejede geçiriljek nobatdaky gepleşikleriň gün tertibine dostlukly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklar bilen bagly meseleleriň giň topary giriziler.
Saparyň jemleri boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we bar bolan mümkinçiliklere laýyk gelýän täze sepgitlere çykarmagy ugur edinýän ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen, şol sanda Gyrgyzystan bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegiň we giňeltmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
Türkmen halkyny goňşy ýurduň halky bilen öňden gelýän dostlukly gatnaşyklar hem-de taryhy emele gelen medeni we ruhy däpler baglanyşdyrýar.Umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny aýtmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýaňy-ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň mejlisiniň netijelerine ünsi çekdi.Mejlisde Hazar deňziniň meselelerine degişli möhüm resminamalara gol çekildi.
Esasy edilmeli işler heniz öňde.Bu bolsa, Hazar deňzi bilen bagly meseleleri çözmek üçin biziň örän köp tagallalary etmegimizi talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa bu ugurda alnyp barylýan işleri beýleki wise-premýerler bilen bilelikde işjeň dowam etmegi we bu çäreleri iş ýüzünde amala aşyrmagyň meselelerine ýakyn wagtda seretmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşykda gol çekilen Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyklar barada durup geçip, wise-premýerler Ç.Gylyjowa we M.Çakyýewe ýakyn wagtda bu ugurda amala aşyrmaly çäreleriň meýilnamasyny düzmegi we ony ýerine ýetirmäge girişmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa 2019-njy ýylda ilkinji Hazar ykdysady maslahatyny geçirmäge häzirden taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrdy we şol maslahatyň ähli Hazarýaka döwletleriniň bu ugurda tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny tassyklajakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, häzirki döwürde ekologiýanyň Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan meselesi bolup durýandygyna ünsi çekdi.Ekologiýa, howanyň üýtgemegi, biologik köpdürlüligi gorap saklamak ýaly meseleler özara berk baglanyşyklydyr. Şu ýylyň güýzünde biziň ýurdumyzda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça Utgaşdyryjy komitetiň mejlisi geçiriler. Şoňa görä-de, bu mejlisi ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin, häzirden gowy taýýarlyk görüp başlamaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Hazar deňzinde alnyp barylýan ähli işler berk ylmy esasda amala aşyrylmagyny talap edýär.Bu işler bolup geçýän tebigy we antropogen ýagdaýlara bitewi garaýşa, gözegçilik we çaklamalar ulgamyna esaslanmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, biz Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek baradaky bäştaraplaýyn ylalaşygy taýýarlamaga hem işjeň gatnaşmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowa degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň beýleki agzalaryna ýüzlenip, Hazar deňzinde howpsuzlyk babatdaky işleri has işjeň dowam etmegi, şol sanda Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işleri babatda bäştaraplaýyn ylalaşygy taýýarlamaga hem işjeň gatnaşmagy tabşyrdy.
Deňizde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak wagt bilen çäklendirilýän wezipe däldir. Şoňa görä-de, biz bu ýerde alnyp barylýan harby işlerde mundan beýläk-de ynanyşmak çärelerini işläp taýýarlamak we kabul etmek zerur diýip hasap edýäris.
Hazar deňzi hemişe parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň zolagy bolmalydyr.Bu ýerde ähli meseleler diňe parahatçylykly ýollar bilen gepleşikler arkaly çözülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ýokary derejeli mejlisde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň indiki duşuşygyny biziň ýurdumyzda geçirmek barada karara gelindi.
Bu çäreleriň işjeň gatnaşyjysy bolup durýandygymyz biziň üstümize aýratyn jogapkärçilik ýükleýär diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de bu işlere gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän ulgamyndaky edaralarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Wise-premýer milli Liderimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” deslapky taslamasy barada habar berdi.Maksatnama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.
Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, öňde boljak Halk Maslahatynda garamak üçin teklipleriň taýýarlanylyşy barada habar berdi.Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu Maksatnamanyň senagat, energetika, daşary söwda, bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy we syýahatçylyk ugurlary boýunça 100 we şondan hem köp taslamany öz içine alýan hereketleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
Döwlet strategiýasynyň esasy maksady innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply ykdysadyýeti emele getirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň adam mümkinçilikleriniň we ylmy kuwwatynyň hilini gowulandyrmak arkaly mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň çalt ýokarlanmagyny gazanmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýyny we Birleşen Milletler Guramasynyň ähli halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini nazara alyp, bu Maksatnamanyň üstünde bilelikde işlemek üçin, şol guramalaryň wekillerini hem çagyrmagy teklip edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Halk Maslahatyna ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenen teklipleriň üstünde ýene-de bir gezek düýpli işlemegiň we degişli düzümler bilen ylalaşmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz ulgamynyň kärhanalarynyň alyp barýan işleri hem-de Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda gurluşyk işleriniň esasy bölegi doly ýerine ýetirildi, bu kärhanada çykarmak meýilleşdirilýän önümleriň birnäçe görnüşleri boýunça synag işleri geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ähmiýetini belledi.
Munuň özi ýurdumyzyň örän baý tebigy serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.Bu bolsa senagatlaşdyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak we milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak babatda hem wezipeleriň çözülmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Ýangyç-energetika ulgamynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sarp edijileri tarapyndan uly isleg bildirilýän nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleriniň giň gerimi çykaryljak döwrebap önümçilikleriň döredilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere täze toplumyň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Häzir ýurdumyzyň welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary, bugdaý tohumlaryny we tehnikalary ekiş möwsümine taýýarlamak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Öňde boljak möwsümde ulanyljak oba hojalyk maşynlaryna hyzmat etmek üçin ýerlerde ýöriteleşdirilen toparlar döredilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna kararyň taslamasy hödürlenildi, oňa laýyklykda 2019-njy ýylda ýurdumyz boýunça güýzlük bugdaý üçin jemi 760 müň gektar meýdan ýeri bölüp bermek hem-de 1 million 600 müň tonna däne taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gallaçylaryň öňünde jogapkärli möwsümiň durýandygyny belledi we hödürlenen karara gol çekip, geljekki hasylyň düýbüni tutýan ekiş möwsümini kesgitlemegiň agrotehniki kadalaryny berjaý etmek bilen, gysga möhletde geçirmegiň möhümdigini belledi.
Häzir ýurdumyzda daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin ähli şertler döredildi diýip, milli Liderimiz obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan, pudagyň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmaga, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny we eksport kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeleri yzygiderli amala aşyrmagyň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow senagat pudagynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid dökünlerini öndürýän zawodyň gurluşygy hem-de desgany işe girizmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.
Täze gazhimiýa toplumy taslamada göz öňünde tutulan möhletde gurlup, dünýäniň önüm öndürijileriniň öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edildi.Zawodyň ähli bölümleri gazturbinaly generatoryň kömegi arkaly elektrik energiýasy hem-de himiki usulda arassalanan deňiz suwy bilen üpjün edilýär.
Gazhimiýa toplumynda işlemek üçin ýokary hünärli hünärmenler taýýarlanyldy.Karbamid öndürýän täze zawodyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi okgunly ösýän gazhimiýa pudagyny hem-de Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini berkitmek üçin uly ähmiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Täze desga ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyny doly amala aşyrmaga, eksport ugurly senagat önümleriniň, şol sanda mineral dökünleriniň daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň möçberini artdyrmaga gönükdirilen senagatlaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda bina edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz senagat desgasyny öz wagtynda ulanmaga bermek, onuň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur bolan çäreleri görmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazhimiýa pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini belläp, munuň öňdebaryjy dünýä tejribesini iş ýüzünde ornaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary we täze ylmy-tehniki işleri giňden özleşdirmäge ýardam edýändigini aýtdy hem-de wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gurluşyk we energetika toplumlaryndaky işleriň ýagdaýy, jemagat hojalygynyň işini kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň şäherleriniň we obalarynyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gowulandyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýandygyny, raýatlarymyzyň ýaşamagy we göwnejaý dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça çäreleriň görülýändigini belledi.
Degişli durmuş-medeni maksatly düzümleri bolan täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, seýilgäh zolaklaryny döretmek meselelerine uly üns berilýär.Paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere mundan beýläk hem gözegçilik edýän pudaklarynyň we düzümleriniň ýokary öndürijilikli işlemegini, garamagyndaky gulluklaryň we kärhanalaryň, şol sanda durmuş we inžener-kommunikasiýa ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga jogap berýän edaralaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek üçin ähli şertleri döretmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn taslamalar durmuşa geçirilende, iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli enjamlary we döwrebap serişdeleri ulanmagyň wajypdygyny belläp hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtap, bu ugurda görülýän çäreleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Wena şäherinde Türkmen-awstriýa işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna duşuşygyň iş maksatnamasyny hödürledi.Türkmenistanyň we Ýewropanyň işewür toparlarynyň arasynda söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksportynyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek, dürli ugurlarda göni gatnaşyklary ýola goýmak bu çäräniň esasy maksady bolup durýar.
Işewürler maslahatynyň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan bolan öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler, hususy ulgama döwlet goldawynyň çäreleri, şeýle hem türkmen telekeçilerine ynanylan iri möçberli maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara işewür çärelerini geçirmek boýunça görkezmeleri berip, olaryň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge, Türkmenistanyň maýa goýum we eksport kuwwatyny dünýä ýüzüne görkezmäge, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny, onuň önümçilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça taslamalara badalga bermäge gönükdirilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin meýilnamalary üçin binýadyň hut hünär derejesinde tutulýandygyny aýdyp, daşarky bazarlarda, şol sanda Ýewropanyň bazarlarynda türkmen harytlaryny ilerletmegiň milli maksatnamalaryny amala aşyrmakda ýurdumyzyň telekeçilerine uly ornuň berilýändigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän ulag-aragatnaşyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Habar berlişi ýaly, bu pudaklaryň degişli düzümini we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şol sanda aragatnaşyk we internet ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek, ýokary hilli ulag we aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz ulag we aragatnaşyk pudaklaryny has-da ösdürmek baradaky meselä degip geçmek bilen, öňdebaryjy multimediýa we maglumat beriji tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna ünsi çekdi.
Bu işler dünýä bileleşigini Türkmenistanda bolup geçýän möhüm wakalar, şol sanda halkara häsiýetli wakalar bilen tanyşdyrmaga ýardam eder diýip, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary H.Orjykowy şu etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatdy.
Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we Awaza milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirliginiň başlygy wezipelerine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän B.Annamämmedow bellenildi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şol telebäsleşigiň etrap, şäher we welaýat tapgyrlaryny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryny 18-nji awgustda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirmek göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda her ýyl geçirilýän, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň mundan beýläk-de ösmegini höweslendirýän, täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam edýän döredijilik bäsleşiginiň ähmiýetini nygtap, hödürlenen resminama gol çekdi we “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça 1 — 30-njy sentýabr aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.Biraýlygyň çäklerinde ministrliklerdir pudaklaýyn edaralarda ýol hereketine degişli maslahatlar guralar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu meselä bagyşlanan makalalar çap ediler, şol sanda teleradioýaýlymlarda gepleşikler taýýarlanar.
Ilat arasynda biraýlygyň maksadyna we ähmiýetine bagyşlanan wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirmek, sürüjileriň we ýolagçylaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy, ýol-ulag hadysasyna duçar bolanlara ilkinji saglygy goraýyş kömegini bermek barada sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirmek bellenildi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde 9 — 15-nji sentýabrda geçiriljek “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada habar berildi.
Milli Liderimize awtoralli ýaryşyna gatnaşyjylar we onuň ýeňijileri üçin sowgatlaryň nusgalary, şol sanda ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümleri görkezildi. Şeýle-de ýaryşyň ýeňijilerine milli lybaslar, hem V Aziýa oýunlarynyň nyşany — Wepaly alabaýynyň şekilleri gowşurylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, çagalaryň arasynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça düşündiriş işleriniň olaryň ýaşyny nazara almak bilen geçirilmelidir, düşündiriş işleri ýollarda howpsuz hereket baradaky bilimleriň, başarnyklaryň we endikleriň bitewi ulgamyny döretmäge ýardam etmelidir diýip belledi.
Milli Liderimiz “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça çäreleriň biraýlygynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi. 22 — 23 — 24-nji awgust iş günleri däl diýlip kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, baýramçylyk günlerinde şäherleriň, şeýle hem etraplaryň häkimliklerinde, ministrliklerde, ähli edara-kärhanalarda nobatçylygy talabalaýyk ýola goýmagy, ähli meýilleşdirilen dabaralary milli däplere laýyklykda ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi, şeýlelikde, türkmenistanlylaryň oňat dynç almagy üçin şertleri döretmegi tabşyrdy.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýer P.Agamyradowa “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini geçirmäge, şol sanda meýletinçiler toparynyň taýýarlygyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek bilen baglylykda, milli parlamentiň alyp barýan işi barada habar berdi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk görülýär.
Umumymilli forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Mejlisi degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlaýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça yzygiderli alyp barýan işiniň ähmiýetini belläp, deputatlaryň kabul edilen kanunçylyk namalaryny ilat arasynda düşündirmek boýunça işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek meselelerine degip geçip, umumymilli forumy bu wakanyň ähmiýetine laýyklykda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.Milli Liderimiz gelip gowuşýan teklipleri içgin öwrenmegiň, ilatyň ähli gatlaklaryny döwlet ähmiýetli işlere giňden çekmegiň zerurdygyny nygtady. *** Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.