Şu günler Türkmenistanyň iň gadymy şypahanalarynyň biri — Mollagara şypahanasy öz täze taryhynyň nobatdaky senesini bellemäge taýýarlyk görýär. Ýedi ýyl mundan öň — 2012-nji ýylyň 21-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda palçyk bilen bejerýän meşhur künjekde döwrebap şypahana toplumy açyldy.
Mollagara kölüniň ýanynda gurlan ajaýyp şäherjigiň ýokary amatlylyk derejesine bu ýerde bolup gören hem-de türkmen tebigatynyň şypasy bilen saglygyny dikelden adamlaryň müňlerçesi baha bermäge mümkinçilik aldylar.Balkan welaýatynyň çäkleriniň syýahatçylyk hem-de şypahana-dynç alyş ulgamyny ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini bellemek gerek.
Birwagtlar Sarygamyş kölüniň we Amyderýanyň suwlaryny Hazar deňzine akdyran gadymy Uzboý derýasynyň gurap galan hanasy günbatar sebitiň esasy tebigy gözellikleriniň biridir.Asyrlar geçip, bu ýerde ýerasty çeşmelerden gözbaş alýan şor we süýji suwly kölleriň halkalary emele geldi. şolaryň iň ulusy Jebel şäherçesiniň golaýynda, Balkanabat şäherinden 24 kilometr uzaklykda ýerleşýän Mollagara kölüdir.
Bu kölüň bejeriş häsiýetleri, suwy hem-de uly möçberde natriý, magniý, demir hloridlerinden we sulfatlaryndan, brom duzlaryndan hem-de beýleki minerallardan ybarat bolan palçygy öňden bäri adamlara bellidir.Bu ýerde ilkinji suw bilen bejeriş şypahanasy 1900-nji ýylda guruldy.
Bu şypahana ýurdumyzyň çäklerinden alyslarda hem giňden tanalýar.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şypahana-sagaldyş ulgamynyň ösdürilmegine yzygiderli üns bermegi netijesinde ikinji gezek durky täzelenenden soň bolsa “Mollagara” şypahanasy has-da giň meşhurlyga eýe boldy.
Häzir dünýäniň ençeme şypahanalarynyň bu melhemli ülkäniň tehniki üpjünçiligine gözi gidip biler.Germaniýanyň, ABş-nyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Slowakiýanyň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alnan täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde, şypahana bejeriş-dikeldiş babatda uly mümkinçiliklere eýe boldy.
Bu ýerde rentgen, endoskopiýa, UZI, EKG, kompýuter tomografiýasyny geçirmek üçin enjamlar bar.Terapewt, kardiolog, hirurg, trawmatolog, newropatolog, urolog, pediatr lukmanlarynyň maslahatlaryny almak bolýar. şypahanada stomatolog, otolaringolog, iňňe bilen bejerýän, elektroforez, bejeriş bedenterbiýesi, ingalýasiýa bölümleri hereket edýär.
Dynç alýanlaryň biri gan aýlanyşyny we maddalaryň alyş-çalşygyny işjeňleşdirýän sowuklyk bilen bejergi geçirilýän krioterapiýa otagynda bejergi alýan bolsa, şol wagt başga biri gyzgyn çägeli wannada damarlaryny ýumşadýar.Bu usul rewmatologiýadan we newrologiýadan başlap, dermatologiýa çenli lukmançylygyň ençeme pudaklarynda özüni gowy tarapdan görkezdi.
Soňky usul bolsa psammoterapiýa diýlip atlandyrylýar.Elbetde, ony täze usul diýip atlandyryp bolmaz.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmenler uzak wagtdan bäri Garagum sährasynyň bu “dermanyny” giňden ulanypdyrlar.
Häzir bu usuly daýanç-hereket ediş, damar, nerw ulgamy bilen bagly kesellerde ulanýarlar.Bu ýerde häzir dünýäde giňden ulanylýan litoterapiýa otagy hem bar.Bejermegiň we owkalamagyň bu usulynda gyzgyn daşlar ulanylýar, olar wulkan jynsy bolan bazalt daşlarydyr, şonuň üçin güýçli energetika eýedir.
Umuman, şypahananyň bejeriş bölümlerine “syýahat etmek” köp sanly täze tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär, olar häzirki wagtda şypahana ulgamyny baýlaşdyrýar, şol sanda “döwrebaplaşdyrylan”, asyrlaryň dowamynda synagdan geçen fizioterapiýa täsiriniň usullary bilen bejeriş çäreleriniň üstüni ýetirýär.
Mysal üçin, osteohondrozy, artrozy we artriti netijeli bejermek üçin lazer terapiýasynyň enjamlary ulanylýar.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, ylmy-barlag işleriniň geçirilmeginiň möhümdigini hemişe nygtaýar. şunuň bilen baglylykda, lukmanlaryň Mollagarada şu ugur boýunça, hususan-da, palçygyň we duzly suwuň, bu ülkäniň melhemlik serişdeleriniň adam bedenine täsirini öwrenmek, palçygy hem-de elektrik toguny, owkalamagy, mehanoterapiýany we beýlekileri toplumlaýyn ulanmagyň usullaryny öwrenmek boýunça işleri alyp barýarlar. şeýle barlaglaryň biri barokamerada bejeriş usulyna degişlidir, ol täze, emma öz netijeliligini subut eden adam bedeniniň goraglylyk we fiziologiýa güýçlerini oýaryş usulydyr.
Bu usuly (dokumalary kislorod bilen baýlaşdyrma) gan-damar hem-de daýanç-hereket ediş ulgamlarynyň, aşgazan-içege, reproduktiw beden agzalarynyň kesellerinde üstünlikli ulanýarlar.Lukmanlaryň bu ugurda alan maglumatlary we barlaghana seljermeleri şypahananyň esasy baýlyklaryny — melhemlik suwuny we sulfidli palçygyny ulanmak bilen bejergi almagyň esasy tapgyrynyň üstüni ýetirýän bu usulyň geljeginiň uludygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň dürli künjeklerinden adamlar bu ýere şypa tapmak üçin gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kitaplarynda daşary ýurtlaryň palçyk bilen bejerýän beýleki şypahanalary — Asuda deňiz ýa-da Saki şypahanasy bilen deňeşdireniňde, Mollagara kölüniň bejeriş häsiýetiniň ýokarydygyny belleýär.Mollagaranyň palçygy gumly däl-de, gyrmançalydyr, şoňa görä-de, uzak wagtlap täsir edýär, dikeldiş netijeliligi boýunça hem öz “bäsdeşlerinden” öňe geçýär. şypahanada duzly suwy bejeriş ýyly suwly wannalar görnüşinde, palçyklary bolsa applikasiýalar ýa-da dolama görnüşinde ulanýarlar.
Mälim bolşy ýaly, bu kadalar daýanç-hereket ediş ulgamynyň, guragyry, poliartritler hem-de newritler, osteohondroz, deri keselleri we jyns beden agzalary bejerilende ýardam edýär.Olary dürli şikeslerden soň, hususan-da, damarlary dikeltmek üçin ulanýarlar.
Bulardan başga-da, Mollagara kölüniň kenarynda 300 orunlyk solýari bar.Ol gatnap bejergi alýan adamlar üçin niýetlenendir we şonuň üçin saglygy goraýyş işgärleri, degişli düzüm we kenarýaka enjamlary bilen üpjün edilendir.
Umuman, şor kölüniň uzynlygy 105 kilometre, ini ýylyň möwsümine görä üýtgäp, 600 metrden 2,5 — 3 kilometre uzalyp gidýär, kölüň çuňlugy bolsa 50 santimetrden 2 metre çenli baryp ýetýär.
Onda suwa düşmek isleýänlere ýüzüp bilmek zerurlygy ýokdur — duzuň köp bolmagy (200 — 250 mg/l) netijesinde, köl adamy suwuň ýüzünde saklaýar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ünsi çekýän ýene-de bir gyzykly zatlarynyň biri: ýylyň pasyllarynyň çalyşmagy bilen kölüň himiki düzümi hem üýtgeýär, degişlilikde, Mollagara suwunyň reňki hem ýazyna garamtyl-goňurdan, tomsuna solgun-gülgün, güýz-gyş aýlarynda bolsa mawy reňke çenli üýtgeýär.
Umuman, şypahana müňe golaý adam üçin niýetlenip, esasy binadan başga bu ýerde maşgala bolup dynç almak üçin aýratyn bina, çagalar bölümi, SPA-merkez bar. şypahanada adamlaryň oňat dynç almagy üçin ajaýyp şertler döredildi, bu ýerde kitaphana, internet-kafe, restoran we dükanlar, türgenleşik zaly, bilýard otagy, açyk sport meýdançalary, amfiteatr hem-de beýleki durmuş-medeni maksatly desgalar guruldy.
Fitobar aýratyn ünsi özüne çekýär, bu ýerde türkmen topragynda ösýän melhemlik ösümliklerden demlenen hoşboý ysly çaýlardan içip bolýar.Kölüň kenarynda gurlan ajaýyp amfiteatr agşamlaryna şypahanada dynç alýanlaryň höwes bilen barýan ýerine öwrülýär.
Bu ýerde aýdym-saz agşamlary, döredijilik bäsleşikleri geçirilip, olara aýdym aýtmagy, tans etmegi, goşgy okamagy halaýan, nakyllary ýa-da gadymy däpleri bilýän islendik adam gatnaşyp bilýär.Mundan başga-da, isleg bildirýänler üçin Awaza milli syýahatçylyk zolagyna we Balkanyň beýleki gözel ýerlerine gezelençler guralýar.
Medeni-köpçülikleýin işleriň oňat guralmagy netijesinde, Mollagara saglygyny dikeltmek üçin gelýän adamlar uly agzybir maşgala öwrülip, bilelikdäki çärelere, sahnalaşdyrylan konsertlere höwes bilen gatnaşýarlar.Dostlarça gatnaşyklar, wagtyňy gyzykly geçirmek, döredijilik ylhamy netijeli bejergi almak üçin goşmaça itergi bolup durýar.
Dürli sebitleriň ýaşaýjylary bu ýerde döredilen ajaýyp şertler, şypa tapandygy, başdan geçirilen lezzetler üçin çuňňur hoşallyk duýgulary bilen gaýdýarlar.Olar tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini, ozaly bilen, adamlar barada edýän aladasy, dünýä derejesine çykan “Mollagara” şypahanasy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýdýarlar. şypahana dynç almaga gelýänler bu ýerde her bir adama aýratyn çemeleşilmegine ýokary baha berýärler, bu bolsa adamlara doly derejeli durmuşy peşgeş berýän melhemler mekanynyň tebigy şertleriniň jadyly güýjüni we oňaýly täsirini doly derejede duýmaga mümkinçilik berýär. şeýle ýerler bolsa Türkmenistanda az däldir, häzir ýurdumyzda şypahana-dynç alyş ulgamy täze belentliklere çykdy, olar barada şu tapgyryň makalalarynda gürrüň berilýär.