Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän Miras ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän žurnalyň sahypalarynda giň okyjylar köpçüligine niýetlenip, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň alymlarynyň täze ylmy açyşlary, halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasy boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri hakynda makalalar yzygiderli ýerleşdirilýär. “Abiwerdde üsti açylan orta asyr ýaşaýyş jaýy” atly makalada Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda, şol sanda Peşdagda bar bolan taryhy ýadygärlikler hakynda giňişleýin maglumat berilýär.
Makalada bu ýerde dürli ýyllarda geçirilen ylmy-barlaglar hem-de häzirki zaman usullaryny we tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly ýadygärlikleri öwrenmek maksady bilen guralan ýörite ylmy toparyň işleriniň netijeleri hakynda anyk maglumatlar berilýär.
Awtoryň belleýşi ýaly, ini 11 metr, uzynlygy 14 metr çägi bolan bu galanyň günorta-gündogar künjeginde iki otagdan ybarat tam ýüze çykaryldy.Onuň diwarlary bişen we syrçaly kerpiçlerden gurlupdyr.
Iki otagyň arasynda eýwan bar.Tamyň ýerleşdirilişi we gurluş aýratynlygy Günorta Türkmenistanyň soňky orta asyrlar eýýamyna mahsus derejede ýerine ýetirilipdir.Bu ýerde ýüze çykarylan tapyndylar ýerli ilatyň durmuşy, maddy medeniýeti, küýze önümçiliginiň ösüşi, söwda gatnaşyklary barada umumy düşünje almaga mümkinçilik berýär.
Lutfynyň “Gül we Nowruz” poemasynyň nusgalary barada” atly makalada bu poemanyň döredilmeginiň şol döwrüň medeni durmuşynda, hakykatdan-da, ähmiýetli waka bolandygy aýdylýar.Sözleriň sazlaşygy, awtoryň ussatlygy bu eseriň kämilligine şaýatlyk edýär.
Ol diňe bir Lutfynyň däl, eýsem, soňky türkmen şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine oňyn täsirini ýetiripdir.Awtor poemanyň diliniň milli dil bilimi üçin ähmiýetli çeşmedigini nygtaýar. “Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly bölümde ýurdumyzyň alym-arheologlarynyň “şähryslamyň metal önümleri” makalasy ýerleşdirilýär.
Häzirki döwürde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň merkezinden 20 kilometr demirgazykda ýerleşýän gadymy orta asyr ýadygärliginiň çäklerinde gazuw-agtaryş işleri ýokary depginde alnyp barylýar.Bu ýerde tapylan türkmen halkynyň gadymy taryhyna hem-de baý medeniýetine degişli gymmatlyklar etnografiýa, paleografiýa we numizmatik barlaglar üçin ähmiýetli gymmatlyga öwrüldi. şähryslamda ýüze çykarylan arheologik gymmatlyklaryň hatarynda altyndan, misden we bürünçden ýasalan serişdeler esasy orny eýeleýär.
Olar öý hojalygyna degişli serişdelerden, bezeg önümlerinden we beýlekilerden ybaratdyr.Makalalaryň awtorlary okyjylary ajaýyp tapyndylar bilen tanyşdyryp, eserleriniň ýany bilen dürli bezegdäki görnüşleri ýerleşdirýärler. şeýle-de olar şähryslamyň çäginde tapylan metal önümleriniň agramly böleginiň senetkärçiligiň ösen şäheri bolan hem-de goňşy sebitler we ýurtlar bilen ykdysady, medeni gatnaşyklary alyp baran hut şu şäherde ýasalandygyny tassyklaýarlar. şol bölümde ýerleşdirilen özbek alymynyň makalasy Beýik Mogollar döwletini esaslandyran, görnükli serkerde, filosof we ýazyjy, taryhy edebiýatda ýatlama häsiýetli eseriň ilkinji nusgasy — “Babyrnamany” we “Diwan” şahyrana eserini döreden Zahyreddin Muhammet Babyryň edebi döredijiligine bagyşlanypdyr.
Awtor Babyryň goşgularyna syn bermek bilen, saklanyp galan goşgularyň 54-siniň türki dilde ýazylandygyny we şolaryň “muamma” žanrynyň kadalaryna laýyk gelýändigini belleýär.Barlagçynyň bellemegine görä, bu eserler Babyryň döwlet döretmek, onuň ösüşini üpjün etmek ýaly möhüm meseleleri bolan filosofik hem-de edebi garaýyşlaryny äşgär edýär we öz döwründe gymmatly çeper eser hökmündäki ähmiýetini artdyrýar.
Makalanyň awtory dürli edebi usullaryň peýdalanylmagynyň şahyrana setirlerde bar bolan atlary ýüze çykarmaga kömek edýändigini belleýär. Žurnalyň ahyrynda owadan bezegli fotosuratlar arkaly Türkmenistanyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynda 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde bolup geçen wakalara syn berilýär.