17.04.2018 | Täze suw üpjünçilik ulgamy işe girizildi

Kaka etrabynda 15 kilometrlik Hywaabat — Kaka suw geçirijisi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.Dabara Oba we suw hojalyk ministrliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

BAE-niň “Dew Jeneral Trading” kompaniýasynyň we ýerli “Galkan” hojalyk jemgyýetiniň BMGÖM-niň ýardam bermeginde bina edilen suw geçiriji ulgamy energiýa tygşytlaýjy we ekologiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly guruldy, bu desga suwuň üç ugur: oba hojalygy, agyz suwy we durmuş maksatly zerurlyklarda peýdalanmak üçin paýlanylyşyny kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Suw geçiriji boýunça her gije-gündizde Laýynsuw çeşmesinden ýerli suw üpjünçilik ulgamyna 14000 kub metrden gowrak suw (sekundda 165 litr) akdyrylýar.Täze desganyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşyjylar suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan obasenagat toplumyny ösdürmek, daşky gurşawy goramak hem-de ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi babatynda döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny bellediler.

Suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly ulanmak we gaýtadan dikeltmek, çölleşmäge garşy göreş, ýerleriň arryklamagynyň öňüni almak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çäreler Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar, ýurdumyz häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine ählumumy ekologiýa meselelerini oňyn çözmek başlangyjy bilen yzygiderli çykyş edýär.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşawy goramak boýunça BMG-niň Maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa gaznasy hem-de beýleki abraýly düzümler bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde onlarça maksatnamalar we taslamalar amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, BMGÖM-niň wekili Ýelena Panowa biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berip, Türkmenistanyň serişdelere baý ýurtdugyny nygtady we olary geljekki nesiller üçin saklamakda tygşytly peýdalanmagyň örän möhümdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: oba hojalyk toplumy
Täze suw üpjünçilik ulgamy işe girizildi
14.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: Obasenagat toplumy
30.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: oba hojalyk toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: Obasenagat toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze binalary