16 ýaşly aýdymçy gyz Ermenistanyň rekordlar kitabyna girdi

16 ýaşly aýdymçy gyz Ermenistanyň rekordlar kitabyna girdi

Dünýäde iň seýrek duşýan ses diapazonynyň eýesi bolan Milen Karanýan öz güýçli sesi bilen tanyşdyrmak üçin Ermenistana geldi.

14 ýaşynda ol dünýäde rekord goýup, zenanlaryň arasynda iň ýokary wokal nota üçin baýraga mynasyp boldy. Milen indi Ermenistanyň rekordlar kitabyna girdi diýip, MIR 24 ýazýar.

16 ýaşly Karanýanyň sesi oňa islendik jandaryň sesine öýkünmäge mümkinçilik berýär, mysal üçin, ol delfinleriň ýa-da ýer astynda körsyçanlaryň aragatnaşyk dilini gaýtalamagy başarýar. Iň ýokary wokal sesiň eýesi degişli güwänama mynasyp boldy. Hünärmenler onuň sesiniň 170 desibele deňdigini, munuň gaty seýrek duşýandygyny belleýärler.

Milen Moskwada ýaşaýar, ol hemişe-de ermeni kompozitory Ara Geworkýan bilen duşuşmagy arzuw edipdi. Ol indi Ýerewanda kompozitor bilen duşuşdy. Ara Geworkýanyň Meniň Şarlym diýen aýdymyny dünýäniň köp dillerinde adýarlar. Kompozitor Milene bu aýdymy rus dilinde ýerine ýetirmegi teklip etdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Türkmenistanda iň edermen alabaý saýlanyldy, Moskwadan Türkmenbaşa howa gatnawlarynyň täzelenen tertibi köpçülige ýetirildi, Aşgabatda Saz, ruh, kino! atly konsert geçiriler
Aşgabatda ermeni kompozitory Arno Babajanýanyň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi
Aşgabatda ermeni kompozitory Arno Babajanýanyň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi
"Täze dünýäden". Aşgabatda Dworžagyň eserleriniň konserti geçirildi
Aşgabatda klasiki aýdym-saz konserti geçirildi