“16 Müňden Gowrak Çaganyň Ölen Harabalygy, Aslynda Legallygyny Ýitiren Halkara Ulgamyň Harabalygy"

“16 Müňden Gowrak Çaganyň Ölen Harabalygy, Aslynda Legallygyny Ýitiren Halkara Ulgamyň Harabalygy"

Prezident R. T. Erdogan, Gazada 16 müňden gowrak çaganyň aşagynda ölen harabalygynyň, aslyna seredilende legallygyny ýitiren halkara ulgamyň harabalydygyny aýtdy.

Prezident Erdogan, Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň 24-nji liderler sammitinde çykyş etdi.

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri hakynda durup geçen Erdogan, Gazada guralýan hüjümler sebäpli asuda ilatdan 40 müň adamyň ýogalandygyny, 90 müň palestinalynyň hem ýaralanandygyny nygtap “Gazada 16 müňden gowrak çaganyň aşagynda ölen harabalygy, aslyna seredilende legallygyny ýitiren halkara ulgamyň harabalygy” diýdi.

Ýykylşygyň bes edilmegi üçin Ysraýyla gysyş edilmelidigine ünsi çeken Erdogan “Munyň üçin hem Ysraýylyň hökümetine edilýän basyş artdyrylmaly” diýdi.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň ähli bökdençiliklere garamazdan adalatsyzlygyň ortadan aýrylmagy, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň ýola goýulmagyny üpjün etjek halkara ulgamynyň gurulmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini aýratyn belledi.

Prezident Erdogan “Biz sebitimizde we dünýäde parahatçylygyň ýola goýulmagyny maksat edinýäris” diýdi.

Prezident Erdogan, ŞHG bilen birnäçe ugur boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdiklerini sözleriniň üstüne goşdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Müsüre Gitdi
Türkiýe Liwandaky we Siriýadaky Goldawyny Dowam Etdirjekdigini Kepillendirdi
Prezident Erdogan Siriýa bilen bagly beýanat berdi