16.09.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Oňa köpçülikleýin habar beriş ulgamyndaky abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, syýasatşynas bilermenler gatnaşdylar.

Wideomaslahat aragatnaşygy arkaly 68 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy oňa goşulyşdylar. Ol Söwda-senagat edarasynda onlaýn görnüşinde geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki dürli maslahatlarda nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk Türkmenistanda durmuşa geçirilýän, üçünji müňýyllygyň esasy maksatlaryna ýetmäge tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge we gyzyklanma bildirýän döwletleriň deňhukukly hem-de özara hormat goýmak esasynda durnukly ösüşi üpjün etmäge, olaryň arasyndaky syýasy-ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy berkitmäge, Ýer ýüzüniň halklarynyň medeniýetlerini sazlaşykly özara baýlaşdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň binýatlaýyn bölegidir.

Şu mediaforuma gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bu pikiri ösdürip, Türkmenistanyň geçen çärýek asyrda döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň ýokary netijeliligini subut edendiginiň anyk mysallaryny getirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň örän köpsanlysynyň awtordaşlygynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip biragyzdan yglan etdi.

Geçen ýyl bolsa 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mundan başga-da, ýene bir başlangyç bilen indiki ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.

Ýaňy-ýakynda, şu ýylyň awgust aýynyň ahyrynda biziň ýurdumyzyň teklibi boýunça BMG-niň ýanynda Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Bu topar Bitaraplygyň halkara syýasy ýagdaýy gowulandyrmak üçin Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakda esasy çäreleriň biri boldy.

Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Türkiýe Respublikasynyň “TRT” teleradiokorporasiýasynyň baş direktory we başlygy Ibragim Eren sebitleriň hem-de yklymlaryň ýurtlarynda türkmen Bitaraplygynyň oňyn tejribesine uly üns berilýändigini nygtady.

ABU-nyň baş sekretary Jawad Mottagi Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty netijesinde, oňyn gepleşikleriň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň açyk meýdançasyna öwrülendigini, sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge uly goşant goşýandygyny belledi.

Hindistanyň “Prasar Bharati” ýaýlymlar kompaniýasynyň baş direktory, Şri-Lankanyň “MTV Channel” toparynyň, Ýewropanyň ösüş we howpsuzlyk institutynyň ýolbaşçylary we beýleki çykyş edenler dünýä bileleşiginiň Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde dawaly meseleleri çözmäge gönükdirilen sazlaşykly hereketleriň örän wajypdygy barada birmeňzeş pikiri aýtdylar.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň nusgasy ylalaşdyryjy çözgütleri gazanmagyň netijeli guraly bolup biler diýip, foruma gatnaşyjylar bellediler hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, biziň ýurdumyzyň halkyna ýetip gelýän uly baýramçylyk--Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.

Şu gün Oba hojalyk we daşky guşawy goramak ministrliginiň hem-de Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleriniň wekilleri BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilleri bilen nobatdaky onlaýnduşuşyga gatnaşdylar.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatlar “Merkezi Aziýada we Türkiýede gurakçylykly we şorlaşan oba hojalyk önümçilik ýerleriniň tebigy serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmak” (CALCILM 2) taslamasyna bagyşlandy. Bu taslama FAO-nyň we Global ekologiýa gaznasynyň (GEG) goldaw bermeginde durmuşa geçirilýär.

Sebitiň döwletleriniň gatnaşmagynda maliýeleşdirilýän, umumy bahasy ABŞ-nyň 75 million dollaryndan gowrak bolan we ol 5 ýyla niýetlenen iri möçberli taslama 2018-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda badalga berildi.

Onuň esasy wezipesi ýerli şertlerde ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmagyň iň üstünlikli tejribelerini, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny, bir tarapdan, oba hojalygyny ösdürmäge we beýleki daşky gurşawy gowulaşdyrmaga ýardam edýän innowasion ylmy işläp düzmeleri uýgunlaşdyrmakdan ybaratdyr.

Bu taslama Ahal hem-de Daşoguz welaýatlarynda toprak-howa şertleri boýunça tapawutlanýan we gumdaky öri meýdanlarynyň, tokaýlaryň, suwarymly hem-de düme ýerleriniň böleklerini öz içine alýan synag çäkleriniň üçüsinde amala aşyrylýar.

Hususan-da, miweli, pürli, bezeg we gyrymsy agaçlaryň hem-de pissäniň, badamyň we beýleki baglaryň Nohur obasynyň golaýyndaky daglyk ýerde nahalhanasyny döretmek hem-de mundan beýläk-de ekilýän meýdanyny giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Ak bugdaý etrabynda duza hem-de guraklyga durnukly öri we ot-iýmlik ekinlerini uýgunlaşdyrmak, energiýa serişdelerini tygşytlaýjy serişdeleri ornaşdyrmak, şorly ýerleri suwarmak boýunça işler geçirilýär. Bu işler Merkezi Garagumda maldarçylygy ösdürmäge ýardam etmelidir.

Türkmen alymlarynyň—Ylymlar akademiýasynyň işgärleriniň, Milli çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutynyň işgärleriniň işläp düzmeleri bilen bir hatarda, oba hojalygyny ýöretmegiň ýerli däpleri öwrenilýär. Öri meýdanlaryny suwlulandyrmak üçin suw toplaýjy desgalar—sardobalar we guýular dikeldiler.

Gurbansoltan eje etrabynyň suwarymly ýerlerinde “AquaCrop” usulyýeti boýunça suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň ulgamy synagdan geçirildi we ornaşdyryldy.Bu FAO hem-de ýurdumyzyň we dünýä tejribesiniň esasynda işlenip taýýarlanylan, şorly ýerleri oba hojalyk dolanyşygyna gaýtadan girizmek, gurakçylyga we duza durnukly ekinleriň kömegi bilen şorly ýerleri dikeltmek işlerini öz içine alýar.

Synag ýerlerini, şol sanda Daşoguzdaky Oba hojalyk institutynyň tejribe meýdanyny döretmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, howanyň üýtgeýän şertlerinde çölleşme we gurakçylyk häzir ençeme ýurtlar üçin, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin wajyp meselä öwrüldi. Bu ýagdaý Aralyň guramagy bilen has-da äşgär duýulýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” atly maslahatynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitlerinde hem-de beýleki iri forumlarda beýan eden netijeli halkara başlangyçlary şu günüň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.

Şol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw Strategiýasyny hem-de BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda teklipler bar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyz suwarymly ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak we olary gowulandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek, çägeleri berkitmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, tokaý hojalygyny ösdürmek boýunça uly tejribe toplady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ýanynda täze nusgadaky durmuş-önümçilik toplumyny döretmegiň taslamasy durmuş-ykdysady we ekologiýa wezipelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäniň aýdyň mysalydyr.

Şeýle hem bu ugurlarda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Dünýä ekologiýa gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejesinde onlarça taslamalar amala aşyrylýar.

Şu gün ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleriniň agyr ýiti ýokançly keselli adamlary kliniki usul bilen barlamak boýunça geňeşmeleri geçirildi.

BSGG-niň Ženewada ýerleşen edarasy tarapyndan guralan onlaýn-duşuşyk dünýäde aýratyn howply ýokanç keselleriniň ýaýramagy bilen baglylykda türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň lukmanlary döwletimiziň çäginde koronawirus we beýleki howply ýokançlaryň peýda bolmagynyň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak boýunça toplan tejribesini paýlaşyp, barlaghana anyklaýyş, epidemiologiýa gözegçilik we keselleriň öňüni almak boýunça geçirilen çäreler barada gürrüň berdiler.

BSGG-niň bilermenleri ilatyň saglygyny goramagyň ähli ugurlary boýunça geçirilýän giň gerimli toplumlaýyn işlere ýokary baha berip, jemgyýetiň saglygyny goramak hem-de ylmy diplomatiýanyň gurallaryny işjeň ulanmak babatda halkara bileleşigini täze wehimlere garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda dürli keselleriň ýaýramak töwekgelçiligini peseltmeküçin öňüni alyş çäreleriniň kämilleşdirilmeginiň milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde uly orun eýeleýän BSGG-niň maslahatlaryny we tekliplerini nazara almak bilen geçirilýändigini belledi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň geljekde hem Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy, şol sanda howply ýokanç keselleriniň öňüni almak we bejermek babatda dessin maglumatlary, toplanan tejribäni hem-de bilimleri alyşmak üçin ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň hasabyna taýýardygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Kabulda TOPH taslamasynyň Owganystandaky böleginiň gurluşygynyň başlamagy ara alnyp maslahatlaşyldy
В ТУРКМЕНИСТАНЕ СОСТОЯЛСЯ МЕЖДУНАРОДНЫЙ МЕДИА-ФОРУМ, ПОСВЯЩЕННЫЙ ГОДУ ЭПОХА НАРОДА С АРКАДАГОМ
Eýran Owganystanyň dürli ýerlerine maýa goýmaga taýyndyr
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TOPH gaz geçirijisiniň işlerini mart aýynda dowam etdirmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň döredijilik we parahatçylyk söýüjilik kuwwatynyň artmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasydyr
Aşgabatda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi