Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Moldowanyň ýokary döwlet sylagy bolan “Respublika Ordeni” bilen sylaglamak dabarasy boldy.Bu sylagy moldowan halkynyň adyndan dostlukly ýurduň Prezidenti Igor Dodon gowşurdy.
Dabaraly çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Moldowa Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.Dabarada mertebeli myhman moldowan halkynyň, Moldowa Respublikasynyň adyndan türkmen Liderine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda alyp barýan ägirt uly işleri üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Prezident Igor Dodon şu gün öz türkmen kärdeşine bu hormatly sylagy gowşurmaga örän şatdygyny aýdyp, Moldowanyň halkynyň durmuş meseleleriniň çözülmegine berýän kömegi üçin hoşaldygyny nygtady.Bu waka mizemez dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň, iki döwletiň arasyndaky özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň ýene-de bir aýdyň nyşanydyr diýip, belent mertebeli myhman aýtdy hem-de moldowan halkynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Moldowanyň ýokary döwlet sylagy bolan “Respublika Ordenini” gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler hem-de bildirilen hormat üçin Prezident Igor Dodona tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de bu sylagy Türkmenistana we dostluk däplerine hem-de ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem ösdürilýän türkmen-moldowa gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ygrarly bolan tutuş halkymyza goýulýan belent hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky teklibi kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem döwletimiziň halkara derejesindäki başlangyçlaryna berýän goldawy üçin öz moldowaly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan “açyk gapylar” syýasatyny amala aşyrýan Garaşsyz Bitarap ýurt bolup, onuň esasy ýörelgesi bütin dünýäde parahatçylygy gazanmakdan, durnuklylyk we howpsuzlyk meselelerini çözmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylan ikitaraplaýyn duşuşygyň netijeli häsiýetini belläp, söwda-ykdysady meselelere, aýratyn-da, haryt dolanyşygynyň düzüminiň artmagyna hem-de medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň ösdürilmegine mundan beýläk-de aýratyn ähmiýet beriljekdigini nygtady.
Moldowa Respublikasy Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň däp bolan dostlukly hem-de özara bähbitli türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar özara hormat goýulmagyna, deňhukuklylyga hem-de ösüşe ymtylmaga esaslanýar. Ýokary derejedäki gatnaşyklar hem-de iki ýurduň dürli düzümleriniň we edaralarynyň wekilleriniň arasyndaky yzygiderli duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini saklamakda möhüm orun tutýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şu babatda milli Liderimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmek üçin Hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäniň häzirki ýeňil bolmadyk ýagdaýynda çözülmegi bilelikdäki tagallalaryň jemlenilmegine bagly bolan meseleleriň örän köp sanlysy bar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gagauziýada Çişmikioý obasynda çagalar bagynyň açylmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, bu desganyň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň nyşanydygyny nygtady, şoňa görä-de, oňa “Dostluk” diýen at berildi.
Halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň has-da berkejekdigine ynanýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy.Türkmenistan tarapyndan maliýeleşdirilen bu durmuş taslamasy iki halkyň arasynda özara hereket etmekde täze tapgyryň başlangyjyna öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de onuň olaryň ruhy taýdan ýakynlaşmagyna we gatnaşmagyna, täze ynsanperwer gatnaşyklar hem-de bilelikdäki oňat işler üçin ýollary açjakdygyna ynam bildirdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Moldowa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga hem-de giňeltmäge, şeýle hem türkmen-moldowa hyzmatdaşlygynyň bar bolan ähli uly mümkinçiligini amala aşyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan şeýle ýokary sylag üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de öz moldowaly kärdeşine berk jan saglyk we jogapkärli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Moldowa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş we bagtyýarlyk arzuw etdi.
Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy Moldowa Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de milli Liderimze iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.