16.07.2018 | Ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna dokma senagatynyň goşandy

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň görnüşleriniň möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde goýýan esasy wezipeleri bolup durýar. Şol wezipe dokma senagaty kärhanalarynda üstünlikli çözülýär.

Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçilik şu ýylyň 6 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 24,5 göterim artdy.

Hususan-da, nah ýüplükleriň önümçiliginiň ösüş depgini 112,3 göterime, nah matalary öndürmegiň ösüş depgini 115,7 göterime, tikin we örme önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,9 göterime, haly we haly önümleriniň ösüş depgini bolsa 104,8 göterime deň boldy.

Soňky ýyllaryň dowamynda pudakda öndürilýän önümleriň mukdarynyň we hiliniň ýokarlanmagy dokma senagatynyň ýurdumyzyň durmuşynda ähmiýetli orun eýeleýändigini, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşiniň hem depginli boljakdygyny alamatlandyrdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän möhüm syýasatyna laýyklykda, bu pudakda onuň täzeçil usuldaky sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Hereket edýän kärhanalaryň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, ykdysady taýdan bähbitli täze önümçilik kuwwatlyklarynyň gurulmagy, ylmy-tehniki we işgärler mümkinçilikleriniň berkidilmegi, önümleriň mahabat işiniň kämilleşdirilmegi milli dokma pudagynyň içerki hem-de daşarky bazarlardaky bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrdy.

Dokma senagatynyň ýüplük, dokma, örme we tikinçilik ýaly ugurlaryna iri maýa serişdeleri gönükdirilýär.Aşgabat dokma toplumynyň, Türkmenbaşy adyndaky dokma hem-de jinsi we Gökdepäniň dokma toplumlarynyň, Tejeniň nah-ýüplük fabrikleriniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy munuň subutnamasydyr.

Täze önümçilik tehnologiýalarynyň, awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň, döwrebap egirme, dokma bölümleriniň döredilmegi, şeýle hem Germaniýanyň, Italiýanyň, Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň kämil enjamlarynyň oturdylmagy önümçiligiň möçberiniň artmagyny, önümleriň hil derejesiniň ýokarlanmagyny we pudagyň kärhanalarynyň ýokary önümçilik şertlerini üpjün etdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma senagaty pagta süýüminden we ýüplükden taýýar tikin hem-de örme önümlerini öndürýän pudaga öwrüldi. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda ýerleşýän önümçilik kuwwatlyklary Merkezi Aziýadaky iri toplumlaryň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň tebigy serişdelere esaslanýandygyny bellemeli.

Munuň özi tutuş dünýäde uly isleg bildirilýän halkara nyşanlaryna eýe bolmagy üpjün edýär.Daşary ýurtlara ugradylýan taýýar önümleriň, şol sanda öý üçin niýetlenen dokma önümleriň hiliniň, sport we jinsi nyşanlarynyň dünýä belli söwda nyşanlary bolan “IKEA”, “Puma”, “Wal-Mart”, “Lidl”, “Bershka”, “Pool&Bear”, “River Island”, “Cosco” ýaly nyşanlara doly gabat gelýär.

Pudagyň ýokary tehnologiýaly ugruna goldaw bermegiň çäklerinde, sintetiki süýümleri ulanmak bilen onuň ösüşiniň täze ugry ýola goýuldy.Bu bolsa kärhanalara ýerli serişdeleri peýdalanmaga mümkinçilik berdi.Paýtagtymyzyň dokma toplumynda pagta süýümi bilen poliesteri ulanmak arkaly ýurdumyzda matalaryň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Munuň özi emeli ýüpekden gerekli serişdäni goşmak arkaly dürli görnüşli üstki lybaslar üçin matalaryň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berdi.Emeli süýüme bolan islegleriň artmagy dokma senagatynyň täzeçil ösüşine, tikinçilik önümçiliginiň ýokarlanmagyna giň ýol açdy. Şunlukda, sport we harby gullukçylaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň, beýleki ulgamlaryň — nebitgaz toplumynyň, gurluşyk we ulag ulgamlarynyň, jemagat hojalygynyň, saglygy goraýşyň hem-de beýleki düzümleriň işgärleriniň lybaslaryny we ýörite egin-eşiklerini tikmek üçin ulanylýan serişdeleriň özboluşly aýratynlygynyň bardygyny bellemeli.

Täze önümçilige bildirilýän talaplar ýokarlandy. Şeýlelikde, yssyny, sowugy saklaýan, çyg geçirmeýän matalardan taýýarlanýan lybaslaryň ýeňilligi, berkligi we durumlylygy şolaryň ähmiýetini artdyrdy.Mundan başga-da, ýüň, ýarym ýüň we pagta süýüminden taýýarlanýan örme eşikleriň önümçiligine giň ýol açylýar.

Paýtagtymyzdaky Modalar öýünde Ýaponiýanyň “Shima Seiki” kompaniýasynyň tikin enjamlary bilen üpjün edilen örme bölümi ulanylmaga berildi.Bu ýerde gyş geýimleri, ýeňsizler, milli zenan donlary we beýleki önümler taýýarlanylýar. Öz aýratynlygy boýunça daşary ýurt nusgalaryndan pes durmaýan jorap önümleriniň önümçiligi Aşgabadyň nah-mata kombinatynda ýola goýuldy.

Bu ýerde Italiýanyň “Lonati” kompaniýasynyň enjamlary bilen üpjün edilen bölüm işleýär.Kärhana bir ýylda uly islegden peýdalanýan erkek, zenan we çaga joraplarynyň 2,5 milliona golaý jübütini öndürmäge ukyplydyr.

Aşgabadyň dokma toplumynyň binýadynda regenirlenen süýüm öndürýän bölümiň işe girizilmegi ýurdumyz üçin ýene bir täzelikdir.Dokma önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işleýän täze önümçilik ulgamy her ýylda 5 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenendir.

Bu önümlere Türkiýede, Hytaýda we beýleki daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.Geçen ýylda Kakanyň “Serdar” nah ýüplük kärhanasynda täze bölüm işe girizildi. Şol ýerde ýurdumyzda ozal öndürilmeýän we eksporta niýetlenen önümleriň önümçiligi ýola goýuldy.

Munuň özi inçe süýümli pagtadan jübütleýin dokalan ýüplük bolmak bilen, tüýjümek we örme hem-de soroçka matalarynyň önümçiliginde ulanylýar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen atlandyrylan, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän 2018-nji ýyl şanly wakalara beslenýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, Ahal welaýatynda täze senagat toplumlarynyň ikisiniň düýbi tutuldy. Şolaryň her biri 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

Toplumlary 2021-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirildi.Bu taslamalar pagta süýümini gaýtadan işlemekden başlap, taýýar önümleriň önümçiligine çenli tutuş tehnologik ulgamy öz içine alýar.Onda ýüplük, dokma, boýag we tikin bölümleri hereket eder.

Kaka etrabyndaky kärhana ýylda “kompakt-penýe” nyşanly nah ýüplükleriň 3 müň 650 tonnasyny, 12 million inedördül matany we 1 million 200 müň taýýar önümleri öndürer.Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumynyň kuwwaty ýylda 3 müň 300 tonna “kompakt-penýe” nyşanly ýüplüge, 20 million inedördül metr mata barabar bolar. Şolaryň 18 million inedördül metri boýalan matalardyr, 3,5 milliony bolsa taýýar tikin önümleridir. Ýurdumyzyň ýüpekçileri uly zähmet ýeňşini gazandylar.

Olar bu möwsümde döwlete 2 müň 40 tonna pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler.Munuň özi meýilnamadakydan 10 tonna artykdyr. Ýüpekçilik türkmen halkynyň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan hünärleriniň biri bolup durýar.

Müsüriň, Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň belli muzeýlerinde ajaýyp aramgähleri we dünýäde iri kitaphanasy, obserwatoriýasy bilen däl, eýsem, moda önümçiligi, däpleri, ýokary çeperçilik medeniýeti bilen şöhrat gazanan gadymy Merwde taýýarlanan ýüpek matalaryň gadymy nusgalary saklanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, orta asyrlarda gözelligi boýunça nepis bolan ýüpek matalar we halylar Gündogaryň hem-de Günbataryň bazarlarynda uly islegden peýdalanypdyr.Bu harytlar bazarlara Beýik Ýüpek ýoly bilen ugradylypdyr.

Eli çeper ussatlar ýüpekçilik işiniň milli däplerini nesilden-nesle geçirip, ony taýýarlamagyň gizlin syrlaryny biziň günlerimize ýetiripdirler.Täze taryhy eýýamda ýüpekçilik pudagynyň ösdürilmegine milletiň medeni mirasynyň möhüm bölegi hökmünde aýratyn üns berilýär.

Bu önümçiligiň tut nahallaryny ösdürip ýetişdirmekden, gurçuklary iýmitlendirmekden hem-de ýüpek almaga we taýýar önümleri çykarmaga çenli bolan ähli ugurlary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar.Türkmenabadyň ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlaýan zawody, Aşgabadyň ýüpek kärhanasy we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi doly döwrebaplaşdyryldy we täze enjamlar bilen üpjün edildi.

Bu ýerde ýüpek halylary, ýaglyklary, milli keteni matasyny we beýleki önümleri taýýarlaýan täze bölümler işe girizildi.Paýtagtymyzda ýerleşýän panbarhat kärhanasy hem ýüpek süýüm bilen bökdençsiz üpjün edilýär.Keteni, ýüpek mata türkmen dizaýnerleriniň iň köp ulanýan önümleridir, şolar aýratyn tehnologiýa boýunça taýýarlanylýar. Ýurdumyzyň modelýerleri ajaýyp egin-eşik toplumlaryny döredýärler, olar Aşgabatda ýa-da beýleki ýurtlaryň paýtagtlarynda geçirilýän dürli döredijilik gözden geçirilişlerinde tomaşaçylary haýran galdyrýarlar.

Türkmen zenanlarynyň lybaslarynda gadymdan gelýän milli ýörelgeler we döwrebap bezeg äheňleri sazlaşykly utgaşýar.El bilen çekilen nagyşlar hem-de şaý-sepler zenan lybaslarynyň aýratyn bezegidir. Ýurdumyzyň dokma pudagynda taýýarlanylýan ýokary hilli önümleriň dünýä bazarlaryna çykarylmagy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ýorgan-düşek toplumlary, tüýjümek süpürgiçler, jinsi we sport eşikleri, çagalar hem-de ulular üçin “Türkmenistanda öndürildi” diýen söwda nyşanly örme köýnekçeler, “Ahal” tikin fabriginde öndürilen erkek adamlaryň köýnekleri, “Bedew” nyşanly jalbarlar diňe ýurdumyzda däl-de, daşary ýurtlarda hem uly islege eýe bolýar. Ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleri hem özümizde öndürilen dokma harytlary bilen ilatyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.

Telekeçileriň sarp edijileriň üýtgäp durýan isleglerine çalt uýgunlaşmak başarnygyny nazara alyp hem-de şol bir wagtda döwletimiz adalatly bäsdeşligi höweslendirmek bilen ykdysadyýetiň bu bölegini yzygiderli goldaýar.Pudakda eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli täze kärhanalaryň döredilmegi ilatyň iş orunlary bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna, döwlet býujetine salgyt tölegleriniň artmagyna ýardam berip, şeýlelikde, raýatlarymyzyň durmuş abadançylygynyň üpjün edilmeginiň möhüm şertine öwrülýär.

Dokma pudagynyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde sport lybaslaryny işläp taýýarlamak we tikmek babatynda kärhanalaryň işiniň aýratyn ugruny bellemek gerek.Muňa Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrlik bilen üstünlikli hyzmatdaşlygy mysal getirip bolar, onuň çäklerinde owadan, milli äheňler ulanylyp, ýörite buýurmalar ýerine ýetirilýär. Şolar türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin milli nyşanlar bilen bezelendir.

Aşgabatda üstünlikli geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde, pudagyň kärhanalarynda sportuň dürli görnüşleri üçin lybaslaryň, türkmen türgenleriniň Aziýa oýunlarynyň açylyş hem-de ýapylyş dabaralaryna gatnaşmaklary üçin ýörite lybaslaryň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan bu oýunlaryň nyşanlary şekillendirilen sport egin-eşikleriniň önümçiligi guraldy.

Häzirki wagtda sentýabr aýynda geçiriljek “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi bilen baglylykda hem uly işler amala aşyrylýar. Ýakynda awtoralli ýaryşlarynyň geçýän ugurlaryny gözden geçiren wagtynda milli Liderimize täze dokma önümleriniň nusgalary görkezildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň öndürýän sport lybaslary ajaýyp öwüşginli milli äheňler bilen bezeler.Olaryň bezeginde türkmen topragynyň ylham berýän gözelligini hem-de täsin künjekleriniň ajaýyplyklaryny beýan edýän görnüşler ulanylar, şol ajaýyplyklaryň hatarynda Garagum sährasyny we Hazaryň kenaryny hem-de beýlekileri görkezmek bolar.

Umuman, bularyň ählisi myhmanlar üçin Türkmenistan hem-de öňde boljak uly sport baýramçylygy barada ýakymly ýatlamalar galdyrar, sport döwleti hökmünde ýurdumyzyň abraýynyň has-da belende göterilmegine ýardam berer.

Ýene degişli makalalar

Germaniýanyň Prezidenti üç ministri işden boşatdy
Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa başladyldy
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion
Papandreu Türkiýe bilen Gresiýanyň Arasndaky Dialogyň Möhümdigini Beýan Etdi
Türkmenistanyň we Kipriň Russiýadaky ilçileri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar
Daniýa planetany halas etmek üçin täze salgyt girizdi