Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýen şygar astynda geçýän şu ýyl ýurdumyzda baý milli mirasy öwrenmäge we gorap saklamaga örän uly üns berilýändigine şaýatlyk edýän ýene-de bir ajaýyp waka beslendi. Şu gün “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda ýurdumyzda örän iri arheologik toplum hökmünde tanalýan gadymyýetiň täsin binagärlik gurluşy bolan Uly Gyzgalyny gorap saklamak boýunça türkmen-amerikan taslamasynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabara geçirildi.
Desganyň dört tarapynyň her biriniň öň ýüzünde düzülen hatarlary emele getirýän biri-birine örän gysby ýerleşip, çykyp duran burçlar, ýagny iri-iri epin-epin görnüşler onuň binagärliginiň iň tapawutlandyryjy tarapy bolup durýar. Çig kerpijiň ulanylandygyna garamazdan, epine çalymdaş iri gurluşlar örän oňat saklanypdyr, indi bolsa olaryň mundan beýläk durkuny hiç haçan ýitirmezligi üçin düýpli işler geçirildi.
Taslama ABŞ-nyň “Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy” döwlet departamentiniň halkara maksatnamasynyň çäklerinde bäş ýylyň dowamynda amala aşyryldy.Bu ugurda abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek medeniýet ulgamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Häzirki döwürde Änewde ýerleşýän Seýit Jemaleddin metjidi, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Mäne babanyň aramgähi, Köneürgençde Soltan Tekeşiň we Nejmeddin Kubranyň aramgähleri, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda Aksaraý diňi we Ysmamyt ata, Mary welaýatynda Goňurdepe köşk-ybadathana toplumy, Balkan welaýatynda Dehistandaky meşhur Maşat ata hem-de Horezm şasy Muhammed II Juma metjidi ýaly giňden tanalýan ýadygärliklerde iri abatlaýyş taslamalary geçirildi.
Lebap welaýatynda Daýahatyn kerwensaraýyny abatlamak işleri dowam edýär.Abatlaýyş işleriniň netijesinde bu desgalaryň ählisi täze ömre eýe boldy.Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň geçen döwürleriň ýadygärliklerini öwrenmek we gorap saklamak boýunça maksadalaýyk uly işleri geçirýändigini bellediler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek, goramak, abatlamak hem-de wagyz etmek boýunça çäreleriň yzygiderli geçirilmegine aýratyn üns berýändigi nygtaldy.Birnäçe ýyl mundan ozal Uly Gyzgala boýunça halkara taslamasyna başlanmagynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň hut özi “Gadymy Merw” döwlet-taryhy medeni goraghanasyna baryp, onuň desgalary, şeýle hem onuň çäklerinde arheologik we binagärlik ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça geçirilýän işler bilen tanyşdy.
Hususan-da, milli Liderimiz Uly Gyzgalanyň ýagdaýyny ünsli gözden geçirdi hem-de ony ygtybarly goramak maksady bilen bu ýadygärligiň gurluşyny düýpli öwrenmegi teklip etdi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek, abatlamak baradaky milli müdirlik Uly Gyzgalada barlag geçirmegiň we ony abatlamagyň toplumlaýyn taslamasyny işläp düzdi.
Ine, indi bolsa ol tamamlandy, ýöne desgada işler mundan beýläk hem dowam eder, çünki bu ajaýyp binagärlik ýadygärliginiň geljekki nesillere saklanmagy üçin köp işleri geçirmeli bolar.Uly Gyzgalanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň desgalarynyň sanawyna girýändigini göz öňünde tutanyňda, türkmen hünärmenleri bu ýerde daşary ýurtly kärdeşleri — Londonyň (Beýik Britaniýa) Uniwersitet kollejiniň Arheologiýa institutynyň, Warşawa (Polşa) uniwersitetiniň Arheologiýa institutynyň wekilleri hem-de Grenoblyň (Fransiýa) Ýokary binagärlik mekdebiniň palçykly gurluşyk boýunça Halkara merkeziniň (CRAterre) bilermenleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda işlediler.
Birinji tapgyrda geçmişiň bu ýadygärligini abatlamak boýunça arhiw hem-de taslama resminamalary toplanyldy we ulgamlaşdyryldy, häzirki zamanyň tehniki serişdeleriniň kömegi bilen deňsiz-taýsyz asyl nusgany jikme-jik bellige almak işleri geçirildi hem-de öňüni almak we abatlamak işlerini amala aşyrmak üçin taslama-çenlik resminamalary işlenip taýýarlanyldy.
Ikinji tapgyrda palçykly diwarlaryň iç ýüzüniň we ýadygärligiň töwereginiň ýüzi syrygan bölekleri aýryldy, bu bolsa hünärmenlere onuň gurluşyny oňat öwrenmäge mümkinçilik berdi.Düýpli arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilip, şol işler bireýýämler ýykylan örtgüleriň toplanan üýşmegi arkaly ençeme asyrlar üsti gömülen galanyň aşaky gatynyň gurluş çyzgylary barada örän möhüm maglumatlary berdi. Çüňklerde minaralary bolan daşky gala diwarlarynyň açylmagy barlag geçirijiler üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy.
Ol birnäçe gektar meýdany gurşap alyp, onuň merkezinde binanyň özi ýerleşýär.Başgaça aýdylanda, gala örän oňat goralypdyr, bu bolsa onuň aýratyn derejesi barada şaýatlyk edýär.Taslamanyň ahyrky, üçünji tapgyrynda abatlaýjylar ýadygärligiň tutuş perimetri boýunça binýadyndan başlap, 15 metr beýikligi bolan iň ýokarsyna çenli saklanyp galan diwarlaryň zeper ýeten böleklerini berkitmäge hem-de dikeltmäge girişdiler.
Bir wagtyň özünde uly, anyk maglumatyň esasynda 3D tehnologiýasynyň kömegi bilen desganyň mümkin bolan ilkibaşky görnüşiniň kompýuter nusgasy döredildi.Taslamadan daşary ýerine ýetirilmegine garaşýan işiň ahyrky tapgyrynda, ilkinji nobatda, bu ýere gelip-gidýänleriň berk bolmadyk çig kerpiç diwarlaryň abatlygyna täsir etmezligi üçin syýahatçylyk düzümi kämilleşdiriler. Şu taslamanyň netijesinde Gündogaryň ylym-bilim taýdan iň ösen şäherleriniň biri hökmünde Merwiň şöhratlanýan döwründe, müň ýyldan gowrak mundan ozal, VIII asyryň aýaklarynda — IX asyryň başlarynda gurlan Uly Gyzgalanyň ýaşyny takyklamak başartdy.
Uly Gyzgalanyň ölçegleri, onuň düýpli binagärlik gurluşy hem-de ygtybarly berkleşdiriş gurluşyk usullary alymlara munuň baý ýerli aristokratyň ýöne bir mülki bolman, hökümet kabulhanasy bolandygyny çaklamaga mümkinçilik berýär.Bu şöhratly diwarlaryň deňinden tutuş müňýyllygyň wakalary geçdi.
Bu diwarlar Togrul begden başlap, Soltan Sanjara çenli Beýik Seljuk hökümdarlaryny gördüler.Merw tutuşlygyna diýen ýaly weýran edilen döwründe, basybalyjylaryň çozuşlaryndan soň hem bu diwarlar abat galypdyr. Şol wakalardan soň hem bu diwarlaryň eteginden Beýik Ýüpek ýolunyň söwda kerwenleri geçipdir.
Häzirki gazuw-agtaryş işleriniň barşynda alnan giňişleýin arheologik maglumatlar galanyň örän uzak wagt, ençeme nesilleriň ömrüniň dowamynda ulanylandygyna hem-de birnäçe gezek abatlanandygyna we täzeden gurlandygyna şaýatlyk edýär.Hususan-da, köp sanly keramiki serişdeler bilen birlikde, birnäçe bürünç önümler tapyldy.
Olaryň arasynda “kufi” kalligrafik ýazgy bilen ýazylan arap şaýylary aýratyn gyzyklanma döredýär, bular VIII — IX asyrlaryň abbasid dirhemleridir, möhürli ýüzüklerdir, kümüş şaý-seplerdir, ownuk heýkeltaraşlyk eserleridir. Örän seýrek tapyndylaryň biri — uzynlygy 8 santimetre barabar bolan, suw hem-de hasyllylygyň hudaýynyň relýef şekili görnüşinde edilen kosmetiki kiçijek piljagazdyr.
Bu serişde, gürrüňsiz suratda, irki orta asyr döwrüniň torewtikasynyň, ýagny metaldan relýef şekillerini taýýarlamak sungatynyň örän seýrek nusgasydyr.Margianada gadymy tapyndylaryň şeýle görnüşi köp sanly gyzylymtyl-goňur heýkeljikler boýunça bellidir we çuňňur ýerli köklere eýedir.
Ol biziň eramyza çenli birinji müňýyllygyň ahyryndan başlap, irki orta asyr eýýamyna çenli duşýar. Ýöne, Türkmenistanyň arheologiýasynda ilkinji gezek bu görnüşdäki dini, keramatly hasaplanýan heýkeljigiň bürünç hili tapyldy.Gyzgalada geçirilen arheologik barlaglarda tapylan kufi ýazgyly syrçalanan gymmatly gap-gaçlaryň nusgalarynyň, gyzylymtyl-goňur heýkeljikleriň muzeý gymmatlygyna eýedigi gürrüňsizdir.
Täze ýüze çykarylan maglumatlar şu hem-de Gadymy Merwiň beýleki ajaýyp desgalaryny mundan beýläk-de öwrenmäge itergi berýär.Uly Gyzgalanyň ýanynda geçirilen taslamanyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabara ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Allan Mastard hem-de ilçihananyň işgärleri, Medeniýet ministrliginiň, Mary welaýatynyň häkimliginiň wekilleri, alymlar we žurnalistler gatnaşdylar.
Olar türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamakda hem-de wagyz etmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eýeleýän ornuny bellediler.