16.03.2019 | Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi

Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iki günlük sergisi we maslahaty geçirildi. Öz hatarlarynda hususy işewürligiň wekilleriniň 22 müňden gowragyny birleşdirýän bu iri jemgyýetçilik guramasynyň gazananlarynyň giň gerimli sergisi ýurdumyzyň telekeçileriniň eýe bolan ägirt uly kuwwatyny we mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezdi.

Forumyň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Sergä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu birleşmäniň agzalaryna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.Häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmek üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi.

Telekeçiler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga saldamly goşant goşýarlar.Daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan we beýleki döwletlere iberilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligi barha ösdürilýär diýip, milli Liderimiz Gutlagynda belledi.

Söwda-senagat edarasynyň binasynyň öňünde myhmanlary TSTB-niň, Rysgal paýdarlar täjirçilik bankynyň, Berkarar söwda-dynç alyş merkeziniň we beýlekileriň baş binalarynyň maketleri bilen bezelen telekeçiler ýoly garşy alýar.Sergi bilen tanyşlyk uly ekrandaky wideoşekiller bilen başlanyp, şolarda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldamagy hem-de üns bermegi netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine uly goşant goşýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň üstünlikleri görkezilýär.

Bu ýerde Ahalyň we Horezmiň üstünden geçen gadymy kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleriň biri — Şähryslamyň gymmatlyklaryny görkezýän diwarlyklar ýerleşdirildi.Mälim bolşy ýaly, orta asyr ýadygärligini öwrenmek TSTB-niň goldawy bilen işjeň tapgyra girdi. Şähryslamda gazuw-agtaryş işlerini dikeltmek üçin öz halypalarynyň iň gowy däplerini dowam edýän tejribeli türkmen arheologlaryndan ybarat täze topar döredildi.

Hut şolaryň tapyndylary giň gerimli sergide görkezilip, taryhy yzygiderliligi alamatlandyrdy hem-de işewürligiň ylym bilen özara baglylykda Watanymyzyň köp asyrlyk taryhyny düýpli öwrenmäge ýardam edýändigini tassyklady.Sergä gelenler Gül zaman hojalyk jemgyýetiniň öndürýän Talhan atly täze bişirilen çörekden dadyp gördüler. Ýurdumyzyň telekeçileri myhmansöýerligiň asylly däplerine laýyklykda, myhmanlary duz-çörek bilen garşyladylar. Şu ýyl sergide senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hem-de hyzmatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen hususy kompaniýalaryň 188-si öz diwarlyklaryny görkezýärler.

Rysgal paýdarlar täjirçilik bankynyň diwarlygy sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi.Ol hyzmatlaryň täze görnüşi — QR-kodlar arkaly kömegi bilen tölegler bilen tanyşdyrýar.Aziýa ýurtlarynda giň meşhurlyga eýe bolan amallaryň bu görnüşi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam eder.

Oňa geçilmegini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna ýurdumyzyň üstünlikli goşulyşmagy üçin zerur esasy wezipeleriň hataryna goşýar.Türkmen tranzit hojalyk jemgyýetiniň diwarlyklary hem myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Olar ýurdumyzyň kärhanalary we dükanlary tarapyndan plastik kartlarynyň kömegi bilen bank amallaryny geçirmek mümkinçiligine eýe bolan POS — terminallaryň döwrebap görnüşlerini oturtmak boýunça mümkinçilikler bilen tanyşdyrdylar.Milli Liderimiziň döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny sanlaşdyrmak hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňde goýan wezipesi ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň kompaniýalary öz işine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrýarlar, bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam edýär. Ýurdumyzyň telekeçileri öz işine döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýarlar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde kerpiç, demir-beton gurluşlary, gidroörtüji serişdeleri, çagyl, izogam, penopolistirol, keramzit, dürli emulsiýalary, elektrokabel we şlanglary, aýmança daşlaryny, ýag hem-de howa süzgüçlerini, akkumulýatorlary we beýlekileri öndürýän döwrebap zawodlar üstünlikli işleýär.

Sergide ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini görkezen kärhanalaryň hatarynda Maksatly geňeş, Çaly, Ak bulut, Daşly gala we beýleki hususy şereketler bar.Soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy kärhanalary halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini özleşdirdiler. Şolaryň hatarynda ýerli çig maldan öndürilýän hem-de daşary ýurtlardan getirilýän görnüşiniň ornuny tutýan aýna mozaikasyny görkezmek bolar, olary türkmen şäherleriniň binalaryny bezemekde ulanýarlar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň import harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça türkmen önüm öndürijileriniň öňünde goýan wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň telekeçileri gön önümlerini çykarmagy ýola goýdular.

Olar üçin çig mal ýerli maldarçylyk toplumlaryndan gelip gowuşýar.Netijede, önümleriň täze görnüşini, şol sanda döwrebap ýokary hilli aýakgaplary öndürmek mümkinçiligi peýda boldy, olar eýýäm içerki bazarda daşary ýurt görnüşleri bilen üstünlikli bäsleşýär, geljekde bolsa eksporta ugradylar.

Türkmen telekeçileriniň öndürýän — Röwşen, Sada dostluk şereketleriniň erkek adamlar üçin aýakgaplary hem-de Inçe hyzmat şereketiniň zenanlar üçin aýakgaplary munuň aýdyň mysalydyr.Sergi bu ýere gelenleri söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek babatda hem telekeçileriň üstünlikleri bilen tanyşdyrýar.

Häzir olar ýöriteleşdirilen dükanlary açýarlar, françaýzing ýörelgesi boýunça söwda işlerini guraýarlar.TSTB-niň agzalarynyň paýtagtymyzda guran Berkarar, Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy, Aşgabadyň ýalkymy iri söwda merkezlerindäki marketler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Aýry-aýry diwarlyklar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň TSTB-niň agzalaryna ynanan iri taslamalaryna bagyşlandy.Giň gerimli sergide Türkmen Awtoban ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti wekilçilik edip, ol hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň hem-de onuň desgalarynyň taslamasyny we gurluşygyny amala aşyrýar.

Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurulmagy ýurdumyzyň ýollarynyň geçirijilik ukybyny, logistika hyzmatlarynyň hilini we dessinligini artdyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berer.

Awtoban Türkmenistanyň çäginden geçýän ýük daşamalaryny çaltlandyrmaga we artdyrmaga mümkinçilik döreder. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan bilen ulag gatnaşygy babatda uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen birleşdirýän Aşgabat — Türkmenbaşy ýoly bilen awtobanyň kesişmegi Hazarda Halkara deňiz portuna — deňiz arkaly halkara, Ýewropa tarapa, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna ýük akymlaryny gös-göni çykarar.

Sergide diwarlyklaryň ýene-de biri Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky akwaparka bagyşlandy.Onuň gurluşygynyň TSTB-niň agzalaryna ynanylmagy halkara derejeli häzirki zaman deňiz şypahanasyny ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.

Mälim bolşy ýaly, bu juwan şypahanany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagyna bermek kararyna gelindi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, işewürligiň hut çeýeligi we ykjamlylygy, onuň bazar ýagdaýyny inçeden duýmagy, tiz özleşdirijilik, gujur-gaýrat hem-de başlangyç öňe tarap batly gitmek üçin häzir üýtgäp durýan ykdysady ýagdaýlarda zerurdyr.

Munuň üçin döwlet tarapyndan ähli zerur bolan çäreler görlüp, milli Liderimiziň goldaw bermegi bilen, şonuň ýaly meýilnamalara we başlangyçlara giň ýol açylýar.TSTB-niň döredilen ilkinji ýylynda bu birleşme agzalaryň 500-sini birleşdirip, olaryň güýji bilen milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işler ýola goýlup başlandy.

Häzir bu birleşme öz hatarlarynda telekeçileriň 22 müňden gowragyny birleşdirýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň telekeçiligi ösdürmäge berýän goldawy netijesinde, senagat önümleriniň möçberi 20,7 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi bolsa 21,7 göterim köpeldi.

Hususy kärhanalaryň 2018-nji ýylda daşary ýurtlara eksport eden azyk harytlarynyň umumy möçberi, 2017-nji ýyla garanyňda, 63,8 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň mukdary 57,1 göterim artdy. Şeýlelikde, TSTB-niň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini ýerine ýetirmek bilen, azyk bolçulygyny üpjün etmäge, oba hojalyk pudaklaryny ösdürmäge uly goşant goşýarlar.

Munuň şeýledigini içerki bazary towuk eti, ýumurtga we towuk önümleri bilen üpjün edýän Guş toplumy, Hoş zaman, Nurly meýdan, Altyn jüýje hem-de beýlekiler sergide görkezdiler.Geçen ýyl Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerli Sähra gurluşyk hususy kärhanasy tarapyndan bir ýylda ýumurtganyň 5 million sanyny hem-de towuk etiniň 500 tonnasyny öndürmäge ukyply guşçulyk toplumy guruldy.

Onuň işini üpjün etmek üçin telekeçilere 100 gektar ýer uzakmöhletleýin ulanylmaga berildi.Sergide iri önüm öndürijileriň — Bereketli, Altyn hilal, Ajaýyp ussat halal önümleri ýaly hususy kärhanalaryň süýt, şöhlat we et önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi.

Işewürlik ýurdumyzda ýokary hilli sygyr etini öndürýän kuwwatly maldarçylyk toplumlaryny döretmek boýunça anyk ädimleri ädýär. Şeýlelikde, geçen ýylyň dekabrynda Ajaýyp ussat halal önümleri hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynda maldarçylyk toplumyny gurup, onuň üçin Germaniýadan ýokary hilli sygyr etini öndürmek maksady bilen, aberdin-angus tohumyndan bolan sygyrlar satyn alyndy.

Etiň bu görnüşi örän näzik, şireli, az-kem ýagly bolup, tagamly nygmatlara hem-de dünýä restoranlarynyň aýratyn isleg bildirýän önümleriniň hataryna girýär.Sergi bölümlerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, TSTB-niň agzalaryna kärendesine berilýän oba hojalyk meýdanlarynda, sany ýylsaýyn artýan ýyladyşhana hojalyklarynda ýetişdirilen dürli gök we miwe önümlerini görmek bolýar.

Suwarmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny, ýokary hilli serişdeleri hem-de tehnikalary peýdalanmagyň esasynda, gök ekerançylyk, bagçylyk we gülçülik ýaly ugurlar işjeň ösdürilýär.Sada türkmen, Altyn gala gurluşyk hususy kärhanalarynyň, Ýigit hojalyk jemgyýetiniň önümleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Balyk önümleriniň dürli görnüşlerinden ybarat bolan diwarlyklar uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden bolan kiçi we orta telekeçiler şolary köpeltmek bilen meşgullanýarlar.Balygy gaýtadan işlemek boýunça Hazar balyk iri önümçilik toplumynyň diwarlygy hem ünsüňi özüne çekýär.

Toplum sergide uly bolmadyk suw howdanyny döredip, oňa dünýäde iri emeli köl bolan Altyn asyr Türkmen kölünden tutulan balyklary goýberdi.Mälim bolşy ýaly, Hazar balyk açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti türkmen kölünde balykçylyk hojalygyny döretmegi meýilleşdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji fewralda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde onuň taslamasy bilen tanyşdy. Şeýlelikde, ýurdumyzyň işewürligi diňe Türkmenistanyň däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň ekologiýasyna oňaýly täsir etjek sebitde iri taslamany amala aşyrmaga goşuldy. Ýeri gelende aýtsak, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Ahalbalyk, Balkanbalyk, Daşoguzbalyk, Lebapbalyk we Marybalyk kärhanalaryny hususylaşdyrdylar.

Munuň özi balyk önümleriniň möçberini we hilini has-da artdyrmaga, döwlet-hususy bäsdeşligiň hem-de umuman, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, azyk senagatynyň önümçiligini ýokarlandyrmaga, netijede, watandaşlarymyzyň has sazlaşykly iýmitlenmegine ýardam etmelidir.

Umuman, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazananlarynyň sergisi hormatly Prezidentimiziň uly goldaw bermegi netijesinde, ýurdumyzyň hususy pudagynyň sazlaşykly ösüşiň ýoluna ynamly düşendigine hem-de önümçiligiň we marketingiň döwrebap tehnologiýalaryny özleşdirmek bilen halkara derejesine çykyp, täze iş orunlaryny döretmek bilen raýatlarymyzy iş bilen üpjün edýändigini, bazary täze önümler bilen doldurýandygyny aýdyň görkezdi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde, TSTB-niň binasynyň mejlisler zalynda guramanyň agzalarynyň ýygnagy geçirildi.Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda işewürligi ösdürmek üçin iň gowy şertler döredilip, telekeçileri goldamaga gönükdirilen kanunçylyk namalary kabul edilýär we döwlet maksatnamalary işlenip taýýarlanylýar.

Bularyň hemmesi milli ykdysadyýetimizi batly depginler bilen ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, ata Watanymyzy ösdürmäge ýardam edýär. Çykyşlarda we habarlarda meseleleriň giň topary, şol sanda Türkmenistan — rowaçlygyň Watany diýen şygar astynda geçýän ýylda TSTB-niň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň geçirýän işleri bilen bagly meseleler barada aýdyldy. Şeýle hem TSTB-niň, derňew toparynyň guramaçylyk işiniň netijeleri, guramaçylyk we beýleki meseleler hakynda hasabatlar diňlenildi.

Birleşmäniň döredilmeginiň 11 ýyllygy mynasybetli yglan edilen Ýylyň öňdebaryjy işewüri atly bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi. Ýygnaga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda milli Liderimize ýurdumyzyň telekeçilerine hemmetaraplaýyn berýän goldawy, serginiň üstünlikli geçirilmegine ýardamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, geljekde hem ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine öz ussatlygyny, bilimlerini we tejribesini bagyş etmäge taýýar adamlaryň hatarynda gadam urjakdyklaryna ynandyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi
01.03.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda balyk tutmak üç esse köpeldiler
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
04.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
Jemgyýetçilik ösüşiniň bähbidine ylmyň we işewürligiň hyzmatdaşlygy