16.03.2018 | “Beýik-Bina” hususy kärhanasy Aşgabatda Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezlerini gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Tähran köçesiniň ugrunda Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan binalar toplumyna barýan köçeleriň we ýanýodalaryň, estakada görnüşli köprüleriň, suw çüwdürimleriniň, çagalar dynç alyş meýdançalarynyň, emeli kanalyň hem-de olara degişli bolan gök zolaklaryň taslamalaryny düzmek we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Beýik — Bina” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we desgalary 2021-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Berkarar Söwda-dynç alyş merkezinde Täze ýyl ýarmarkasy we ussatlyk sapaklary başlanýar
BILDIRIŞ
Türkmenistanyň Senagatçylar birleşigi $3 milliard dollar möçberinde döwlet kreditini aldy
Ösüşleri nazarlaýan täze taslamalar
12.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika