16.01.2021 | Türkmenistan Owganystan: kontinental ähmiýetli taslamalar amala aşyryldy

Şu gün paýtagtymyzda guralan brifing möhüm düzümleýin desgalaryň üçüsiniň -- Kerki (Türkmenistan) Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, “Akina-Andhoý” beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň, şeýle hem iki ugur - Ymamnazar (Türkmenistan) Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegine bagyşlandy.

Çärä ministrlikleriň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri hem-de 15 ýurtdan žurnalistleriň 30-dan gowragy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly bu çärä goşuldylar.

Brifingiň dowamynda bu taslamalaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, Owganystany sebit we halkara ykdysady işlere yzygiderli gatnaşdyrmaga, bu ýurduň yklymyň ulag-logistika aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen nobatdaky anyk ädimlerdigine aýratyn üns berildi.

Ikitaraplaýyn, sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi, sebitde umumy geoykdysady hem-de syýasy ýagdaýa oňyn täsiri bilen baglylykda, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajyplygy bellenildi.

Şeýle hem geoykdysady we geosyýasy ähmiýetliligi bilen sebit çäklerinden çykmak bilen, Türkmenistanda hem-de Owganystanda düzümleýin desgalaryň gurulmagy iki ýurduň çäklerinde Merkezi hem-de Günorta Aziýany Ýewropa we Ýakyn Gündogar bilen birikdirýän ulag-kommunikasiýa aragatnaşygynyň hem-de yklym derejesinde energiýa üpjünçiliginiň täze zolagynyň kemala gelýändigini aňladýandygy nygtaldy.

Bu bolsa, öz gezeginde, Durnukly ösüş babatda ulag we energetika ulgamlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aňladýar, ýurdumyz şol başlangyçlar bilen BMG-de çykyş edýär.

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, serhedara demir ýol menzilleriniň, köprüleriň, goňşy we beýleki ýurtlaryň gatnaşmagynda elektrik geçirijileriň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryň gurluşygy, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ugry boýunça “Lapis-Lazuli” ulag geçelgesiniň işe girizilmegi boýunça işler mysal hökmünde getirildi.

Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleýin edaralary, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň wajypdygy bellenildi.

Şeýle hem köptaraplaýyn gyzyklanmalaryň gabat gelýändigi, hyzmatdaşlaryň ulag we energetika akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanmalary nygtaldy. Bu bolsa Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly birnäçe integrasiýa birleşmeleriniň bu taslamalara goşulyşmagy üçin şert döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn türkmen-owgan düzümleýin taslamalara sebit, goňşy hem-de beýleki döwletleri birleşdirýän hem-de Ýewraziýada toplumlaýyn yklym hyzmatdaşlyk ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen giň geoykdysady giňişligi döretmek boýunça has uly meýilnamanyň esasy bölegi hökmünde garalmalydyr.

Brifingde ýurdumyzyň Owganystana syýasy-diplomatik we ykdysady kömegi bermäge gönükdirilen ýörelgesiniň üýtgewsizdigi ýene bir gezek tassyklanyldy, munuň özi Türkmenistanyň bu döwlet bilen hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin bir bitewi strategiýasyny düzýär.

Şular ýaly hyzmatdaşlygyň esasynda iki doganlyk halklaryň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk taryhy däplerine bolan daýanjynyň, Owganystanyň sebit we yklym durnuklylygyň, howpsuzlygyň aýrylmaz hem-de wajyp bölegidigi, owgan halkynyň we ýolbaşçylarynyň kynçylyklary ýeňip geçmek hem-de ýurtda parahatçylyga, ylalaşyga, onuň ykdysady ösüşine ýetmek ukybyna berk ynamynyň durýandygy nygtaldy.

Şeýle-de brifingde Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň geňeşçisi Ahmad Tarik Nurzade, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň direktory Çang Çing Ýu we beýlekiler çykyş etdiler.

Çärä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren bu başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň elektrik energiýasynyň eksport möçberleriniň artmagyna we çäkleriniň giňeldilmegine, tutuş sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň ösdürilmegine ýardam berýändigini bellediler.

Ady agzalan desgalaryň ulanylmaga berilmegi iki döwletiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, energetika we kommunikasiýa ulgamlaryndaky gatnaşyklaryna, häzirkizaman halkara ykdysady gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam edýär.

Brifingiň jemleýji böleginde daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň, hususan-da News Central Asia (Pakistan), TRT (Türkiýe) we Agence France Press (Fransiýa) agentlikleriniň wekilleriniň, sowallaryna jogap berildi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ METBUGAT BRIFINGI BARADAKY PRESS-RELIZ
Möhüm taslamalara bagyşlanan metbugat ýygnagy
Türkmenistan Owganystan: kontinental ähmiýetli taslamalar amala aşyryldy
Türkmenistan Arkadag şäheri üçin 5 milliard dollar sarp eder
Türkmenistanyň ÝAÖB we AÖB bilen gatnaşyklary DIM-de geçirilen duşuşygyň gün tertibinde
26.08.2019 | Türkmenistan — Singapur: işewür toparlaryň hyzmatdaşlygynyň geljegi