“Garaşsyzlyk ýyllarynda jemgyýetiň geçmişde ata-babalarymyzyň dünýä ösüşleriniň taryhyna saldamly goşant goşan döwürlerine gyzyklanmasy aýdyň ýüze çykdy” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ýazýar. “Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde, seýle hem orta asyrlarda, Amulyn, Merwiň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýakyn Gündogara çenli, Köneürgenjiň üsti bilen Orta Gündogar ýurtlaryndan Russiýa çenli, Zemmden Hindistana çenli möhüm söwda ýollary geçipdir.
Eziz Diýarymyzyň çäginde Ýüpek ýolunyň nähili uly bolandygyna saýatlyk edýän gadymy döwrüň uly hem-de kiçi äherleriniň onlarçasy bardyr.Olar baradaky ýatlamalar hem ynsan hakydalaryny nurlandyrýar” diýip, awtor dowam edýär.
Hakykatdan hem türkmen topragynda saklanyp galan ýadygärlikler, şol sanda söwda ýollarynyň ugrunda joş urýan durmuşyň şaýatlary bolan ýadygärlikler ildeşlerimize hem-de nesillerimize köp zatlary gürrüň bermäge ukyplydyr. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän 2018-nji ýylyň başynda döwürleriň hem-de nesilleriň, milletimiziň bahasyna ýetip bolmajak mirasynyň we onuň geljeginiň arabaglanyşygyna göz ýetirmek üçin olar barada gürrüň bermek möhümdir.
Bu mowzuk hormatly Prezidentimiziň ýokarda agzalyp geçilen kitabynda milli taryhymyzdan mysallar, gadymy rowaýatlardan parçalar, ýurdumyzyň häzirki durmuşyndan wakalar esasynda açylyp görkezilýär.Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde we işjeň hereket etmeginde türkmen halkyna möhüm orunlaryň biri degişlidir.
Sebitde we yklymda işjeň hereket edýän ýurdumyz häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldip, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda halkara syýasy, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmak üçin esas bolup hyzmat edýän ulag-logistika ulgamyny işjeň ösdürýär. Ýakyn wagtda bize örän wajyp, hakyky taryhy wakalar garaşýar—Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, şeýle hem şu ugur boýunça optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň düýbi tutular. Şol bir wagtyň özünde Serhetabat — Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek dabarasy bolar.
Türkmenistan bu ýoly öz serişdeleriniň, maddy-enjamlaýyn we işgärler serişdeleriniň hasabyna gurdy.Bularyň ählisi Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde döretmek işinde möhüm tapgyrlardyr, çünki wagt bir ýerde durmaýar, ýurdumyz hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döredip, parahatçylyk döredijilik wezipesini iş ýüzünde durmuşa geçirýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan özüni täze halkara syýahatçylyk merkezi hökmünde ynamly ykrar etdirýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda hem-de goldaw bermeginde pudagyň innowasion düzümi, onuň häzirki zaman netijeli nusgasy döredilýär.
Türkmen halky gadymdan bäri baý myhmansöýerlik däpleri bilen şan-şöhrata eýe bolupdyr.Biziň günlerimizde bu däpler täze öwüşgine eýe bolup, syýahatçylyk babatda iň döwrebap ýörelgeleri özünde jemleýär.Taryhy-medeni özboluşlylyk hem-de baý milli miras, şol sanda bütin dünýäde meşhur türkmen halylary hem-de ahalteke bedewleri, gadymyýetiň ýadygärlikleri we täsin tebigy ekologiýa ulgamlary ýurdumyza bu ulgamda halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga, dünýäniň syýahatçylyk bazarynda has möhüm orny eýelemäge mümkinçilik berýär.
Has meşhur ugurlaryň biri Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahat etmekden ybaratdyr.Onuň desgalary özüne ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri birleşdirýär.Adamzat ösüşiniň aýdyň täsinligine öwrülen bu taryhy ýoluň täze hili diňe bir döwletleriň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda däl, eýsem, medeni, ynsanperwer, sport ulgamyndaky gatnaşyklarynda öz beýanyny tapýar.
Paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen “Aşgabat 2017” oýunlary hem munuň aýdyň mysaly bolup biler.Bu oýunlara diňe bir Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň 64-siniň toparlary, bosgun türgenler däl, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinden köpsanly žurnalistler, tomaşaçylar hem-de syýahatçylar gatnaşdylar. Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Amuldan Hazara çenli Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça awtoralli ýaryşynyň geçirilmegi Türkmenistanda halkara gatnaşyklarynyň sport ugrunyň dowamy bolar.
Daşary ýurtlardan rallä gatnaşjaklar diňe bir türkmen halkynyň mirasy bilen tanyşman, eýsem, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ýurdumyzyň sebitleriniň ylmy-tehniki we senagat taýdan ösüşi bilen bilelikde bu meşhur ýerlere geljek täze durmuşy öz gözleri bilen görerler.
Häzirki döwürde ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm ulag merkezi hökmündäki ornuny barha berkidýär. “Türkmenistan bu halkara söwda-medeni ýolunyň ýüregi hereketlendiriji güýji hökmünde taryhyň sahnasynda esasy orny eýeledi.
Bu günki gün Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy biziň ählimizi öz halkymyzyň taryhyna ýaňadan nazar aýlamaga iterýär, seýle-de milli äheňlere uçursyz uly ähmiýet bermezden, beýleki halklaryň medeniýetine düşünmegi öwredýär ýa-da Beýik Ýüpek ýoluna dahylly ähli taryhyň medeniýetleriniň özara gatnaşygyna daýanýandygyny aýdyň görkezýär” diýip, milli Liderimiz ýazýar.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem bütin dünýäde, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly adamzat ösüşine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny giňden wagyz etmegiň zerurdygyny belleýär. Şu möhüm wezipeden ugur almak bilen, TDH “Amuldan — Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri” atly umumy sözbaşy we “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen sözbaşy astynda makalalar toplumyny taýýarlady. Şu gün biz okyjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabyna bagyşlanan mowzuklaýyn tapgyrdan birinji makalany hödürleýäris.
Milli Liderimiziň kitabynyň ady 2018-nji ýylyň şygaryna öwrüldi.Orta asyr eýýamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ähli ugurlarynda — Ortaýer deňzinden başlap, Hytaýa çenli aralykda her 30 — 40 kilometrden dynç almak we söwda kerwenlerini goramak üçin diwarlardan ybarat bolan kerwensaraýlar gurlupdyr.
Olar kerweniň irden bir duralgadan çykyp, agşam beýleki duralga baryp bilmegi üçin geçýän ýolunyň wagtyny nazara almak bilen gurlupdyr. Ýol ugrunda myhmanhanalaryň ýerleşişi görkezilen aýratyn maglumatnamalar hem bolup, şol jaýlar kerwensaraý diýlip atlandyrylypdyr.
Kähalatda olar harby birikmeleriň berkitmelerine goşulypdyr.Kerwensaraýlaryň şäher binalary goranyşa mäkäm bolmandyr hem-de şäherleriň merkezinde — bazarlaryň golaýynda gurlupdyr.Kerwensaraýlar Türkmenistanyň çäginde yslam dinine çenli döwürde peýda bolupdyr.
Sasanidleriň, mümkin parfiýa döwrüniň söwda galalarynyň ýykylan diwarlary saklanyp galypdyr: olaryň esasy wezipesi goranyş häsiýetli bolupdyr, emma söwda kerwenlerini kabul etmäge we hyzmat etmäge niýetlenipdir.Emma şeýle binalaryň köpçülikleýin gurulmagy diňe musulmançylyk eýýamynda — VII asyryň ikinji ýarymynda Orta Aziýanyň yslamy kabul eden ilkinji ýyllarynda başlanypdyr.
Bu ýerde harby galalary gurlupdyr, araplar olary “rabatlar” ýa-da “ribatlar” diýip atlandyrypdyrlar.Olarda “gaziler”—“din ugrunda göreşijiler” diýen harby otrýadlar ýerleşdirilipdir.Soňra olarda kerwenleri bolan täjirler we beýleki ýolagçylar mesgen tutupdyr—rabatlar hemişelik howlularyň goşmaça wezipesini ýerine ýetiripdirdir.
Munuň özi adalgalaryň üýtgemegine getiripdir hem-de IX asyrdan başlap kerwensaraýlar rabatlar diýlip atlandyrylyp başlanypdyr. Şol döwre çenli “rabat” sözüniň ilkibaşdaky manysy eýýam ýitipdir.Türkmenistanda we goňşy ýurtlarda XI asyra çenli kerwensaraýlaryň wezipesini gorag howlusy bolan ýaşaýyş köşkleri ýerine ýetiripdir.
XI asyryň ahyryna çenli bu sebit üçin häsiýetli bolan hemişelik ýaşalýan howly görnüşi kemala gelipdir.Gönüburçly ýa-da inedördül, emma hemişe simmetriki bolan desgalaryň gurluşy ýaşaýjylar üçin otaglar, ammarlar, mallar we ot-iým üçin telärleri bolan içki howluny öz içine alypdyr.
XI — XII asyrlaryň desgalaryna meňzeş bolan kerwensaraýlardan başga-da, Merkezi Aziýanyň uly söwda ýollarynyň dürli ýerlerinde bina edilen ýaşaýyş köşkleri we serhet galalary bolupdyr.Dehistanda, Horasanda we Horezmde rabatlaryň — kerwensaraýlaryň gurluşygy Beýik Seljuklar hem-de olaryň ýerine geçen horezm şalarynyň — Anuşteginidler neberesinden bolan soltanlaryň dolandyran eýýamynda, ýagny, XI — XIII asyrlaryň başynda giňden ýaýbaňlanypdyr. Şol döwrüň syýahatçylarynyň we geograflarynyň subutnamalary boýunça şeýle desgalaryň müňlerçesi bolupdyr.
Olaryň hemmesi ähtimal monumental bolmandyr, emma döwlet tarapyndan gurlan desgalar onuň abraýyny artdyryp, döwürdeşlerini binagärlik gözelligi, bezelişi we amatlylygy bilen haýran galdyrypdyr.Baryp VIII asyrda Horasanyň soňky omeýýadlar hökümdarlarynyň biri Asad ibn Abdullah sähralyklarda gurduran myhmanhana — kerwensaraýlaryna döwürdeşleri şeýle baha beripdirler: “Bu ýere gündogardan syýahatçy gelýär, beýlekisi günbatardan gelýär, emma bir kemçilik hem tapmaýar”.
Möhüm söwda ýollarynda iri kerwensaraýlary gurdurmak döwlet häkimiýetiniň erk-ygtyýary bolupdyr — ol parasatly hökümdaryň wezipe borjuna giripdir hem-de onuň ýurduň rowaçlygy barada edýän aladasyny görkezipdir.Soltanyň, hanyň ýa-da emiriň şan-şöhraty onuň buýrugy boýunça gurlan kerwensaraýlaryň sanyna we ajaýyplygyna bagly bolupdyr: Uzak ýoldan gelip, saýaly hem-de owadan kerwensaraýa girýän ýolagçy özüniň howpsuzlygy we amatlylygy barada alada edýän hökümdaryň myhmany ýaly duýmaly eken.
Ine, şonuň üçin uly “şa” kerwensaraýlary hasaply peýdakeşlikden daşda bolupdyr: olar hakyky “kerwen köşkleri” bolup, timarlanyşy hem-de ölçegleri bilen aklyňy haýran edipdir, olaryň bezemek we enjamlaşdyrmak üçin döwlet serişde gaýgyrmandyr.
Olar gurluşy boýunça hem hakyky köşklerden kän tapawutlanmandyr.Beýik Seljuklar döwründe bina edilen meşhur kerwensaraýlaryň ikisi şeýle desgalaryň aýdyň mysallary bolup durýar: olar Amuldan Gürgenje barýan ýoluň ugrundaky Daýahatyn hem-de Sarahsdan Nişapura gidýän ýoluň ugrundaky Rabati-Şarafdyr. Şäherara kerwensaraýlar galyň diwarlary we mäkäm derwezeleri bilen tapawutlanan köpçülikleýin gurlan desgalar bolupdyr.
Olarda ýolagçylaryň dynç alýan otaglaryndan başga-da, söwda dükanlary we düýeler, atlar hem-de şahly mallar üçin ýataklar, ussahanalar, hammamlar göz öňünde tutulypdyr.Bu ýerde kerwensaraýlary we olaryň ýaşaýjylaryny garakçylaryň çozuşlaryndan goran harby toparlar gulluk edipdir.
Uly kerwensaraýlar, mundan başga-da, söwda merkezleri bolup hyzmat edipdir, olarda harytlary satyp ýa-da çalşyp bolupdyr.Kerwensaraýlaryň köpüsinde düşleýänleriň dynç almagy üçin saz çalnypdyr.Bu ýerde käbir halatlarda humarlandyryjy içgileri hem satyn almak mümkin bolupdyr, olar Andaluziýanyň, Heresiň we Şampaniýanyň baýyrlyklarynda ösdürilip ýetişdirilen üzümden taýýarlanylypdyr.
Burgund, hios, kipr hem-de falern çakyrlarynyň dürli görnüşleri hödürlenipdir, olar alys ýurtlardan gelen täjirleriň uly islegine eýe bolupdyr.Musulmanlar üçin bolsa derweze tarapda hökmany suratda namaz okalýan otaglar göz öňünde tutulypdyr.
Käbir kerwensaraýlaryň howlusynda uly bolmadyk metjitler hem bolupdyr.Kerwen ýollarynyň ugurlarynda töleg almazdan hyzmat edilipdir.Diňe şäherlerde ýolagçylar düşlemek üçin pul töläpdirler.Garagum çölünde köp asyrlaryň dowamynda yzygiderli gatnawlar netijesinde emele gelen gadymy yzlary saýgarmak bolýar. Çölüň tutuş ugry boýunça guýular toplumlarynyň birnäçesi bolupdyr, olaryň atlarynyň häzirki döwür Türkmenistanynyň kartalarynda hem saklanyp galanlary bar.
Guýular Nusaýdan Merwe çenli demirgazyk tarapda hem-de demirgazyk-gündogar Gürgenç we Hywa tarapda aýratyn köp bolupdyr.Bu ugurda gür sazaklar bilen örtülen belent çägelik depeleriň arasyndaky Tumşukly guýynyň golaýyndaky uly kerwensaraý beýlekilerden has abat saklanyp galypdyr.
Ol Merwiň seljuklar bölegi Soltan galadan 150 kilometrlikde ýerleşýär.Munuň özi tutuşlygyna çig kerpiçden gurlan, öň taraplary biri-birine gysby ýerleşdirilen ýarym sütünleriň hatary görnüşinde bezelen şol döwre mahsus ýadygärlik binasydyr.
Epinli diýlip atlandyrylýan diwarlar Merwiň we Horezmiň binagärleriniň özboluşly gurluşyk usulydyr, şeýle usul Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň hiçisinde gabat gelmeýär.Diňe Buharanyň we Samarkandyň arasyndaky çöllükde ýerleşýän XI — XII asyrlara degişli Rabati-Mälik ýadygärligi bu kadadan çykylmagynyň mysalydyr.
Tumşukly guýusynyň golaýyndaky kerwensaraýyň burçlary tegelek diň görnüşinde bolup, olaryň biri beýlekisinden has berk bolup görünýär.Bu ýadygärlik häzirki wagtda hem ýokarky bölegini ýitirse-de, 10 metr belentlikde seleňläp daşdan görünýär.
Munuň özi duýduryş diňidir hem-de kerwenler üçin ugur görkezijidir.Gijelerine onuň depesinde ot ýanyp, kerwenleriň azaşmazlygyna ýardam beripdir. Şonuň ýaly ýol görkeziji otlar, adatça, çöllük ýerlerde gurlan ähli kerwensaraýlarda bolupdyr, emma, soňra kerwenler arkaly söwdalar bes edilenden başlap, şol binalara gözegçilik edilmändir, ýol görkeziji diňler minaralar hökmünde kabul edilipdir.
Hut şol sebäpli-de, bu kerwensaraýy halk Minara diýip atlandyrypdyr.Amul bilen Merwiň aralygyndaky uzynlygy 210 kilometre deň bolan ýol Amyderýanyň çep kenaryndaky hem-de Murgap derýasynyň boýundaky iri iki sany jülgäni birleşdiripdir.
Emma, şeýle hem onuň aglaba bölegi Garagumuň çägelikleriniň we takyrlarynyň üstünden geçipdir.Beýik Ýüpek ýolunyň bu möhüm böleginde olaryň ornuny tutup biljek başga hiç hili ýollar hem-de yzlary äşgär duýulýan ýaşaýyş künjekleri bolmandyr, emma kerwensaraýlaryň hem-de guýularyň ýanynda dynç almak hem-de gijeleri geçirmek üçin niýetlenen has ownuk menziller ýeterlik bolupdyr.
Häzirki wagtda diňe olaryň harabalyklary galypdyr, olaryň köp bölegini çäge basypdyr.Emma gatnaw ýollarynyň yzlary tutuş ugur boýunça oňat saýgarylýar.Bu çäkler baryp 1952-1953-nji ýyllarda akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygyndaky Günorta Türkmenistan toplumlaýyn arheologiýa topary tarapyndan ilkinji gezek barlanyldy hem-de meýdan arheologiýa-topografiýa derňewleri geçirildi.
Akademigiň “Merwden Horezme we Mawerennahre orta asyr söwda ýollary” atly düýpli işinde bu barlaglaryň netijeleri beýan edilýär. Şol döwürden bäri ýadygärlikleriň ýüze çykarylan ýerlerine hünärmenler baryp görmändirler hem-de olar köp ýyllaryň dowamynda ünsden düşürilipdir.
Diňe 60 ýyldan soň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek we rejelemek boýunça milli müdirliginiň hem-de London uniwersitet kolležiniň Arheologiýa institutynyň hünärmenleriniň bilelikdäki tagallalary bilen şol binalar täzeden “açyldy”.
Unudylan ýadygärlikleriň takyk çäk salgylary kesgitlenildi, olar surata düşürildi, zerur bolan ölçeg işleri bitirildi.Bu ýerlerde orta asyr arap ýol görkeziji gollanmalarynda bellenilen salgylara laýyklykda rabatlaryň hatary saýgarylýar.
Olaryň hatarynda arap ýol görkezijilerinden mälim bolan kerwensaraý galyndylary bilen Tahmalaç desgasy aýratyn saýlanýar, ol köşk-gala çalym edýär.Bu ýadygärlik giň takyrlygyň merkezinde ýerleşýär.Bu inedördül belent binýatda öň tarapky bölegi ýerleşdirilen hem-de ýokarky gatynda gümmezli dokuz otagy bolan palçykdan salnan binadyr.
Ondan bary-ýogy 5 kilometr uzaklykda Orta Aziýadaky iň uly XI asyryň Akjagala atly kerwensaraýy seleňleýär.Onuň ýeke-täk girelgesi düýpli portal görnüşinde ýerine ýetirilipdir, esasy öňdäki girelgesi ýarym aýlaw sepli görnüşde bezelipdir.
Onuň burçlarynda inedördül diňler dikilipdir.Bu kaşaň “myhmanhananyň” iki howlusy bar.Onuň birinjisi has giň bolup, mallar hem-de harytlar üçin niýetlenen saraýlaryň iki hataryndan ybaratdyr.Girelgäniň solunda we sagynda umumy peýdalanmak üçin giň gümmezli otaglar ýerleşdirilipdir. Ölçegleri kiçiräk bolan bezegli eýwanly ikinji howlynyň üsti açyk saraýlary we ýaşaýyş otaglary-hüjreleri bolupdyr.
Bu ýerde mährably ýörite namaz okalýan otag hem göz öňünde tutulypdyr.Köpsanly otaglar we zallar aýlaw görnüşde birikdirilipdir.Bir döwürlerde örän kaşaň kerwensaraý Orta Aziýa üçin düýbünden gaýtalanmajak ýadygärlikdir.
Akjagala kerwensaraýynyň galyndylaryny hemmetaraplaýyn öwrenen akademik Galina Pugaçenkowa bu binany XI asyra degişli diýip hasaplaýar.Daýahatyn kerwensaraýy aýratyn tapawutlanýar, ol ylmy neşirlerde hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen köp sanly makalalar netijesinde häzirki döwürde has meşhurdyr.
Bu kerwensaraý Amyderýanyň çep kenarynda, Amuldan Gürgenje tarap ýolda ilatly ýerlerden alysdaky çöllük zolakda ýerleşýär.Onuň binagärlik görnüşiniň aýratynlyklary seljuk eýýamynyň ussat binagärlik sungatynyň täsin nusgasy bolup durýar.
Daýahatyn şunuň ýaly beýleki desgalardan has oňat saklanyp galypdyr hem-de häzirki wagtda türkmen hünärmenleri tarapyndan bu desgada rejeleýiş işleri geçirilýär.