15 ýyllyk toparyndan gaýtdy

Fransiýaly derwezeçi Stiw Mandanda 15 ýyllap çykyş eden kluby “Marselden” gaýtdy. 37 ýaşyndaky derwezeçi Fransiýanyň başga bir kluby “Renniň” düzümine goşuldy.Ol täze kluby bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. 2007-nji ýyldan bäri “Marseliň” esasy düzüminde çykyş edip gelýän Mandanda 613 gezek meýdança çykdy.

Mandanda 2016/17 möwsüminde “Kristal Palasda” hem oýnady.Mandanda Fransiýanyň milli ýygyndysynda-da 34 duşuşyk geçirdi.

Horwatiýaly tälimçi Igor Tudor “Marsel” bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Şeýle-de, “Marsel” topary transfer meselesi boýunça düşünişmezlikden soň argentinaly tälimçisi Horge Sampaoli bilen ýoluny aýrypdy. Topar onuň ornuna horwatiýaly geçen möwsüm “Serie A”-da “Hellas Werona” tälim beren Igor Tudor bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Marsel” Sampaoliniň tälimçiliginde çempionaty 2-nji orunda tamamlapdy.

Ýene degişli makalalar

“Galatasaraý” 2 oýunçyny transfer etdi
Türkmenistan: Sport ýedi günde 13 duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer
“Bawariýa” londonlylaryň 2 futbolçysyny 116 million ýewro transfer etdi
Diňe logotipinde guşuň şekili bolan toparlarda çykyş edýär
Angliýaly meşhur tälimçi aradan çykdy
Nýukasl Mançester Sitini ýaryşdan çykardy