“15 Ýyl Ozal Siriýada Ýadro Reaktoryny Hatardan Çykardyk”

“15 Ýyl Ozal Siriýada Ýadro Reaktoryny Hatardan Çykardyk”

Ysraýylyň harby goşuny 15 ýyl ozal Siriaýda gurluşygy dowam edýän ýadro reaktoryny nyşana alandyklaryny we hatardan çykarandyklaryny mälim etdi.

Ysraýylyň harby goşuny tarapyndan berlen beýannamada, Siriýada 15 ýyl ozal guralan howa hüjümi hakynda gizlin maglumatlara goýlan gadagançylygyň düýn bes edilendigi nygtaldy.

Beýannamada, “Ysraýylyň harby uçarlary 2007-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Siriýanyň Deýri Zor etrabyndaky ýadro reaktoryny hatardan çykardy” diýildi.

Hüjümiň ABŞ-nyň şol döwürdäki Prezident Jorj W. Buşyň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen geçirlen gepleşiklerden soň guralandygyna üns çekildi.

Ýene degişli makalalar

Siriýanyň Manbij etrabynda terrorçylykly hüjüm guraldy
Katar Manbiçde Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Zoran Milanowiç Horwatiýanyň Täze Prezidenti Boldy
GALKYNYŞYŇ MILLI ÖWÜŞGINLERI
TBMM-niň başlygy ilkinji daşary ýurt saparyny DKTR-na we Azerbaýjana gurar
“Titanik” gämisiniň ýolagçysynyň haty 12 müň dollara satyldy