15 ýurt BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşine saýlandy

10-njy oktýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşine saýlawlar geçirildi.Dürli sebit toparlaryndan 15 orun üçin 17 ýurt bäsleşdi.Ses berişligiň netijesinde, Burundi, Kot-d’Iwuar, Gana, Malawi, Hytaý, Indoneziýa, Ýaponiýa, Kuweýt, Albaniýa, Bolgariýa, Braziliýa, Dominikan Respublikasy, Kuba, Fransiýa we Niderlandlar ýaly ýurtlar Geňeşe girdi.

Agzalan ýurtlar 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, adam hukuklary boýunça Geňeşe üç ýyllap hyzmat ederler.

Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň toparyndan täzelenmäge degişli bolan orun üçin üç ýurt – Albaniýa, Bolgariýa we Russiýa Federasiýasy ýüz tutdy. Bolgariýanyň bu Geňeşe kabul edilmegine 160 ýurt, Albaniýa üçin 123 ýurt we Russiýa üçin 83 ýurt ses berdi. Şeýlelikde Russiýa Geňeşe dolanyp bilmedi.

Sişenbe güni Geňeşe saýlanan Dominikan Respublikasyndan başga ähli döwletler Geňeşiň öňki agzalarydyr.Umuman alanyňda, adam hukuklary boýunça Geňeş 47 ýurdy öz içine alýar.Orunlar aşakdaky ýaly tertipde paýlanýar: Afrika döwletleri – 13 orun, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri – 13 orun, Latyn Amerikasy we Karib döwletleri – 8 orun, Günbatar Ýewropa döwletleri we beýleki döwletler – 7 orun, Gündogar Ýewropa döwletleri – 6 orun.

Birleşen Milletler Guramasynyň islendik agza döwleti, Geňeşiň agzasy hökmünde yzygiderli iki möhlet gulluk etmedik bolsa, adam hukuklary boýunça Geňeşde orun alyp biler.

Adam hukuklary boýunça Geňeşe saýlawlar, 193 agza döwletiň ählisiniň wekilçilik edýän ýeri bolan BMG-niň Baş Assambleýasynda geçirilýär.

BMG-niň Baş Assambleýasy bu mesele boýunça karar kabul etmeli, adam hukuklaryny öňe ilerletmäge we goramaga goşan goşantlary, şeýle hem olaryň dalaşgär bolanda meýletin wadalary we borçnamalary esasynda Geňeşiň agzalaryny saýlamaly.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Albaniýada Saparda Bolýar
Türk metbugatynyň gysgaaça mazmuny
Dünýä Ýurtlary TUSAŞ-a Guralan Hüjümi Ýazgardy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Albaniýa Bileleşige goşulmakçy
Prezident Erdogan Belgrada Bardy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny