15-nji iýul Demokratiýa we Milli Jebislik Güni

15-nji iýul Demokratiýa we Milli Jebislik Güni

Mundan ýedi ýyl ozal, 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýe hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyny başdan geçiripdi. FETÖ atly terror guramasy Türk ýaragly güýçleriniň düzümine siňdiren tarapdarlaryndan peýdalanyp, döwletimize hem-de döwletimiziň wekilçilik edýän gymmatlyklaryna garşy hyýanatçylykly hüjüm synanşygyny etdi.

Prezidentiň kompleksi, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi bombalandy; Türkiýe radio-telewideniýe guramasy bilen bilelikde ençeme döwlet edarasy dönükler tarapyndan ele geçirilmäge synanşyldy.

Ankaranyň we Stambulyň asmanynda harby uçarlar bilen, köçelerde tanklar bilen hemle atyldy.

Elbetde halkymyz muňa ünssiz çemeleşmedi….

Müňlerçe raýatymyz Prezidentiň hem çagyryşy bilen agdarlyşyk synanşygynyň öňüni almak üçin şäherleriň meýdanlaryna, köçelere çykdy; janyny orta goýup, tanklaryn öňünde durdy; dik uçarlardan edilen hüjümlere garşylyk görkezdi. Deňi-taýy görülmedik edermenlik bilen watanyna, döwletine, demokratiýasyna eýe çykdy.

Halkyň ygrarlylygy saýasynda döwletimiz agdarlyşyk synanşygyny üstünlik bilen yza serpikdirdi. Watan ugrunda 251 raýat şehit boldy, ýüzlerçesi ýaralandy.

15-nji iýul demokratiýa ýeňişiniň simwoluna öwrüldi: “Demokratiýa we Milli Jebislik Güni” diýip, yglan edildi.

Şehitlerimizi we gahrymanlarymyzy hormat bilen hatyralaýarys.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň ýene-de 4 şäheri 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik gününi ykrar etdi
Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
Şu gün Fetullahçy terror guramasynyň hyýanatçylykly agdarlyşyk synanyşygynyň 8-nji ýyly
15-nji iýul Demokratiýa we Milli Jebislik Güni
Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
“Millete Ýarag Çeýäne 2016-njy Ýylyň 15-nji Iýulynda Bolşy Ýaly Ýene-de Garşy Durmaga Dowam Edýäris"
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny