15.12.2017 | Ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklary ýakylyp, hemmämiziň söýgüli baýramçylygymyz bolan Täze ýylyň ýakynlaşyp gelýändigini dabaraly buşlady.Müňlerçe çagalaryň we uly ýaşly türkmenistanlylaryň hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynyň gatnaşmagynda şowhunly çäräniň dabarasy “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirildi.

Bu ýerde iň belent we owadan bezelen Baş arça oturdyldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan asylly däbe görä, çagalaryň paýtagtymyzyň owadan künjekleriniň biri bolan Köpetdagyň eteginde ýaýylyp gidýän bu ajaýyp şäherçesinde gyş ertekileriniň jadylaýjy güýji başlanýar.

Onda gözüňi baglaýjy başdan geçirmeler, garaşylmadyk sowgatlar hem-de täze tanyşlyklar jemlenýär.Baýramçylyk aýratyn-da çagalara uly şatlyk eçilýär. Çagalar Täze ýylyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbabadan hem-de Garpamykdan hakyky täsinlikleri we arzuwlarynyň hasyl bolmagyna garaşýarlar.

Täze ýyla bagyşlanyp dürli çärelerdir baýramçylyk dabaralary, owadan aýdym-sazlar we sahnalaşdyrylan çykyşlary bilen çagalar baglaryna we mekdeplere, medeni merkezlere baryp, körpelere ýatdan çykmajak täsirleri bagyş eder.Häzirki dabarany gurnaýjylar tagallalaryny gaýgyrman, “Älemiň” öňündäki meýdançany özgerdip, gündogar ýurtlaryna mahsus görnüşe getirdiler.

Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen ajaýyp kitabyndaky rowaýatlar esas edilip alyndy. Çünki bu kitabyň ady ýurdumyzda Täze—2018-nji ýylyň şygaryna öwrüldi.Ençeme asyr mundan öň ýurdumyzyň çäginden geçen bu ugruň kerwenli söwda ýollary söwda-ykdysady aragatnaşyklarynyň netijesinde Gündogaryň we Günbataryň siwilizasiýalaryny ýakynlaşdyrmak bilen birlikde, halklara täze bilimleri ýetirmek bilen, olary ruhy-medeni gymmatlyklar bilen baýlaşdyrypdyr. Şu pikir hem, dürli öwüşginli yşyklandyryjylaryň şöhleleri bilen häzirki ertekide çeper keşpde beýanyny tapyp, çagalara biziň şöhratly taryhymyzyň sahypalaryny, onuň beýik gahrymanlarynyň keşplerini açýar.

Kuwwatly gala diwarlary bilen galdyrylan gadymy gündogar şäheriniň derwezeleriniň görnüşindäki uly geçelgeler jadyly patyşalyga çagyryp, olar her dürli öwüşginler bilen şugla saçýar.Galanyň gorag diňleriniň arasynda bolsa “2018” diýen sanlar ýalpyldap özüne çekýär.

Dürli LED-gurluşlar kerwensaraýlaryň hem-de gündogar bazarlarynyň keşbini we Täze ýyla degişli döwrebap nyşanlar bilen utgaşyklykda janlandyrýar.Türkmen ertekileriniň iň meşhur gahrymanlarynyň biri bolan Ýarty gulak köp sanly dostlaryny bereketli saçagyň başyna tagamdan datmaga çagyrýar.

Belent sesli söwdagärler öz harytlaryny mahabatlandyrýarlar. Üsti gündogar ýurtlarynyň bol bereketli nygmatlary, Täze ýyl sowgatlary hem-de çagalaryň oýnawaçlary bilen doly düýeleriň kerwenini kuwwatly gorag itleri goraýar.Ajaýyp suw çüwdürimi diod ýagtylykly akymlar bilen ýalpyldaýar, onuň garşysynda bolsa uly türkmen ak öýi dikilipdir.

Onuň ýanynda çagalar alabaý bilen oýnaýarlar.Gündogar senenamasyna boýunça 2018-nji ýylyň nyşany it bolansoň, ýurdumyzda Wepaly diýen alabaý onuň şekiline öwrüldi.Paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň netijesinde onuň keşbi dünýäniň köp ýurtlarynda meşhurlyk gazanyp, tanaldy.

Biziň Täze ýyl ertekimiziň gahrymany batyrgaý, merdana, buýsançly Wepaly maşgala ojagynyň hem-de abadançylygyň goragynda duran ynamly dostdur.Gündogar ertekileriniň hökmany bolan görnüşleriniň biri jadyly sandykdyr.Milli nagyşlar bilen gözüňi gamaşdyrýan sandyk baýlyklary bilen özüne çekýär.

Sagatlaryň şekilleri bolan derwezeleriň dördüsi bolsa tamamlanyp barýan ýylyň minutlaryny hasaplaýar.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ägirt uly owadan kitaby aýratyn ünsüňi çekýär.

Kitapda beýan edilenler esasynda täsir galdyrýan şeýle gadymy şäher döredildi.Depesinde “2018” ýazgyly sekiz burçly ýyldyz bolan beýikligi 38 metre golaý owadan bezelen ajaýyp arça bu ýerde guralan dabaranyň özüne çekiji esasy güýjüdir.

Ol her dürli oýnawaçlaryň müňlerçesi bilen toý görnüşinde ýalpyldap, gözüňi gamaşdyrýar. Ýanyp-öçýän owadan öwüşginli çyralaryň 2 müň metre golaýy ýaşyl arçany äpet uly ekrana öwürdi.Bu belent arçanyň daşyndan seredeniňde milli haly gölleri biri-biriniň yzyndan ýalpyldap öwşün atýar.

Baş arçanyň töwereginde ýaş aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi, halk döredijilik we tans toparlary, Täze ýyl lybaslaryny geýnen sirk we teatr artistleri, türkmen ertekilerimiziň gahrymanlary ýygnanyp, jadyly çykyşlaryň başlanmagyna şadyýan garaşýarlar.

Aýazbaba we Garpamyk olara baýramçylyga gelmäge howlukýar.Aksakally goja uzak Köýtendagdan aşaklygyna inip, Hoja kerweniň, Akpamygyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen täze kitabyndaky gadymy rowaýatlary gürrüň berip gelýän onuň ýedi doganynyň ugratmagynda Watanymyzyň ähmiýetli taryhy ýerleri boýunça syýahatçylyga ugrady.

Gadymy Horasanyň iri şäherleriniň biri bolan Orta Asyr Amul galasy Lebap welaýaty boýunça ýolda ilkinji nokat boldy. Ýüpek ýoluň söwda çatrygynda ýerleşen şäher beýik medeniýeti we ylmyň gazananlary bilen şöhratlanyp, Merkezi Aziýanyň gündogar böleginde ýaşan halklaryň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň gülläp ösmegine ýardam edipdir.

Galanyň ýanynda ýaýlyp gidýän bazar türkmen halkynyň däplerine laýyklykda milli tagamlar bilen myhmanlary şadyýan garşylady.Mary welaýatynda syýahatçylar Türkmenistanda iň gadymy iri gurluşlaryň biri bolan meşhur Soltan Sanjaryň kümmetine baryp gördüler.

Orta asyr golýazmalarynda ýatlanyp geçilýän, ýer ýüzünde saklanyp galan binagärlik ýadygärlikleriniň sany köp däldir.Bu ajaýyp kümmet asyrlaryň içinden geçip, biziň günlerimize çenli türkmen halkynyň beýik işleriniň subutnamalaryny alyp geldi.

Onuň diwarlarynyň ýanynda gündogar bazary gaýnap joşýar, söwdagärler Aýazbaba harytlaryny mazamlap çagalar üçin sowgatlary satyn almaga çagyrdylar.Gyşyň hökümdary öňler Gürgenç diýlip atlandyrylan Gadymy Köneürgenje hem baryp gördi.

Geçmişde ussat gurluşykçylaryň, suratkeşleriň we bezegçileriň şäheriniň esasy gözellikleri—olaryň bina eden Daşoguz welaýatyndaky binagärlik merjenleridir.Olaryň hatarynda orta asyr binagärliginiň hakyky sungat eserleri—sopylar şyhy Nejmeddin Kubranyň kümmeti, biziň günlerimize çenli saklanyp galan Törebeg hanymyň kümmeti bar.

Bu ýerde Aýazbaba we onuň ýoldaşlary bagşylaryň ýerine ýetirmeginde dessanlaryň egsilmejek gözelliginden lezzet aldylar.Balkan welaýatynda jahankeşdeleri Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde—keşbi başga planetalaryň gurluşyny ýatladýan Aýly daglaryň jülgesinde garşyladylar.

Bu ajaýyp ýerde aksakal goja ýerli çeper höwesjeňler topary bilen bilelikde gadymy “küşt depdi” tansyny ýerine ýetirdi.Milletiň taryhy medeni däplerini we ruhy tejribesini şöhlelendirýän folklor döredijiliginiň aýdyň nusgasy hökmünde “küşt depdi” tansy şu ýyl milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizildi.

Syýahatçylar ýurdumyzyň gözel ýerleri boýunça gezelençlerini tamamlap, Ahalyň dag etegindäki düzlüginde beýik ak öýüň—“Nowruz ýaýlasynyň ak öýüniň” ýanynda saklandylar.Bu bina şu ýylyň Garaşsyzlyk gününiň öňýanynda dabaraly açyldy. “Ak öý” köklerimize, gözbaşlarymyza, halkymyzyň ruhy-gymmatlyklaryna wepalylygy alamatlandyrýar, dessurlara, maşgala däplerine hormat goýmagyň, öý-ojagyň mukaddesliginiň, agzybirligiň ýüze çykmasyna öwrüldi. Şu ýerden bolsa hoşniýetli arzuwlar we ak ýollar bilen ugradylan Aýaz-- baba we dostlary paýtagtymyza tarap ugradylar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden baýramçylyga gelen çagalardan doly awtobuslaryň kerweni bilen barýan ak ulaglaryň baýramçylyk görnüşde bezelen hatary ak şäherimiz Aşgabada gelýär.

Däbe görä, ulaglaryň hatary tamamlanyp barýan 2017-nji ýyly alamatlandyrýan ajaýyp wakalaryň bolan ýerlerinden geçýär.Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda bina edilip, ulanmaga tabşyrylan täze desgalar binagärlik toplumyň gözelligini hem-de özboluşlylygyny artdyrdy.

Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllygynyň öň ýanynda binalaryň toplumynyň dabaraly açylyşy Aşgabadyň günorta-günbatar böleginiözgertdi.Ol ýerde degişli düzümleri bolan ak mermerli täze belent gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi peýda boldy.

Ulaglaryň şadyýan hatary ýoluň barşynda saklandy.Olary aýdym-sazly tans folklor toparlary mübäreklediler. Çagalar höwesjeň toparlarynyň artistleri öz döredijilik sowgadyny hödürledi.Arçabil şaýoluna ýetip hem-de ak ulagyny okgunly ahalteke bedewleri bilen eýerlenen ak gar ýaly ap-ak paýtuna çalşyp, Aýazbaba hem onuň ýoldaşlary ýol boýunça agşamky asmanda binagärlik desgalaryna owadan şugla saçýan görnüşleri synlap, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyna geldiler.

Ine-de, bagtyýar çagalaryň şatlyk-şowhunly aýdymlary bilen garşylanýan uzak garaşdyran myhmanlar şöhleler bilen ýalpyldaýan derwezäniň içinden geçdiler we ajaýyp baýramçylyk ýurdumyzyň Baş arçasy gurnalan meýdançany doldurdy.Dabaralaryň baky ýaşyl öwüsýän gahrymanyň töwereginde teatr toparlaryň, çagalar we ýetginjekler köşgüniň ýaş artistleriniň, sungat mekdepleriniň, şeýle hem meşhur estrada ýerine ýetirijileriň gatnaşmagynda şowhunly Täze ýyl çykyşlary ýaýbaňlandy.

Bagtyýar gülküler, degişme ýomaklar, şadyýan tanslar hem-de türkmen halk ertekilerindäki söýgüli gahrymanlaryň gatnaşmagyndaky sahnalar—üýtgeşik başdan geçirmeleriň şeýle şüweleňleriniň ählisi diňe bir çagalary däl, eýsem uly ýaşlylary hem gurşap aldy.

Aýaz babadan alnan sowgatlar çagalar üçin iň oňat sylag boldy.Türkmenistanlylaryň hem-de häzirki dabaralara gatnaşyjylaryň adyndan Aýazbaba we Garpamyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Täze 2018-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, bagtyýarlyk we saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ägirt uly başlangyçlaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw edýärler.

Olar çagalar baradaky ýadawsyz aladasyna, ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegine şertleriň döredilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirýärler. Çagalaryň islegi hem-de Aýazbabanyň jadyly taýagynyň täsiri bilen owadan arçanyň ýalpyldap öwüşgin atmagy Täze ýyl şüweleňiniň esasy pursady boldy.

Yşyklar arçanyň goýnundan üznüksiz akym deý hereket etdi.Bu ýagdaý dabara gatnaşyjylaryň döwre gurap giňden tans etmegine beslendi. Şu pursatda ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň baş meýdançalarynda gurnalan ähli Täze ýyl arçalarynyň yşyklary hem ýakyldy.

Ol ýerlerde hem şu gün ajaýyp çykyşlar geçirilýär, goşgular we aýdymlar ýaňlanýar, bagtyýar çagalar gol tutuşyp, arçalaryň daşyndan aýlanyp tans edýärler. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky dabara çagalar horunyň, meşhur estrada aýdymçylaryň gatnaşmagyndaky konsert bilen tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

15.12.2017 | Ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Köýtendag täsinlikleri bilen jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär
Baş Täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasy yşyklaryny ýakdy
Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasynda yşyklar ýakyldy