15.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

Şu gün, “Merkezi Aziýa + Russiýa” derejesinde daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň baştutanlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Häzirki wagtda köpugurlylyk esasynda dowam edýän bu däp bolan gatnaşyklar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynda aýratyn stretegik orny eýeleýär.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça birnäçe derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni alyş meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamak hem-de sebit ýurtlaryna bolan durmuş-ykdysady täsirlerini ýeňip geçmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapy şeýle hem ýurdumyzda pandemiýa howpuna garşy durmak boýunça geçirilýän çäreleri beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine gatnaşyjylara wideo aragatnaşyk arkaly ýüzlenmesiniň dowamynda beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda ylmy diplomatiýanyň gurallaryny ulanmak hem-de döwletleriň degişli edaralarynyň, ilkinji nobatda saglygy goraýyş ministrlikleriniň we arassaçylyk-epidemiologiki gulluklarynyň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Ministrler Owganystan Yslam Respublikasynda dowam edýän ýagdaýy göz öňünde tutup, sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bu ýurtdaky ýagdaýlaryň kadalaşdyrylmagy, umumymilli raýdaşlygyny parahatçylykly gepleşikler arkaly ýola goýmak üçin şertleriň döredilmegi hem-de Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwer kömegini bermek ugrunda çykyş edýändigini tassyklady.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary umumy howplar we wehimler boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek meseleleri barada hem pikir alyşdylar. Bu ugurda umumy kabul edilen kadalaryň we ýörelgeleriň göz öňünde tutulmagy bilen, sebitleýin hem-de halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurlygy nygtaldy.

Ýewraziýa giňişliginde deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şol sanda söwda-ykdysady hem-de maýa goýum babatda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň ýollary hem-de görnüşler barada pikikr alşyldy.

Pandemiaýadan soňky döwürde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, oňyn nyrh şertleriniň üpjün edilmegine we bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlandyrylmagyna itergi berjek Merkezi Aziýa döwletleriniň, Russiýa Federasiýasynyň we Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlarynyň ulag-logistika ulgamyndaky ähmiýetli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň aýratynlyklary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygy seljerdiler we bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen “Ýewraziýanyň kalby” başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy.

Mejlisiň ahyrynda, ministrler şu derejede özara hereketleri dowam etmäge ygrarlydyklaryny nygtamak bilen, hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlary boýunça Beýannamany kabul etdiler.

Şu gün ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara walýuta gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri bilen onlaýn tertibinde duşuşyk geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýäniň we sebitiň öňdebaryjy banklary bilen maýa goýum babatdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işler Türkmen döwletiniň köp taraply ykdysady kuwwatynyň durmuşa geçirilmegini, mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün edýär.

Milli Liderimiziň çuňňur oýlanyşykly we täzeçil syýasaty netijesinde, Watanymyz gysga döwrüň içinde dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşdy.

Merkezi Aziýa sebitinde amatly geosyýasy ýagdaýy eýeleýän Türkmenistan sebit we ählumumy möçberde umumy ösüşiň talaplaryna laýyk gelýän has täze ykdysady gatnaşyklaryň kemala getirilmegine mynasyp goşant goşýar.

Abraýly maliýe düzümleriniň ýurdumyza iri maýa goýum serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanmalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ykdysady syýasatyna hem-de Türkmenistana ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş we ägirt uly kuwwaty bolan ýurt hökmünde uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn duşuşygynda birnäçe ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garaldy. Hususan-da, ählumumy ykdysadyýetde emele gelen ýagdaý we COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek bilen baglylykda geljekki meýilnamalar barada maglumatlar beýan edildi.

Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça wise-prezidenti hanym Anna Beýerde hem-de Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk bilen bolan wideomaslahatyň dowamynda koronawirus ýokanjyna garşy göreşmegiň guralyny işläp taýýarlamak maksady bilen Türkmenistany maliýeleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diýarymyzyň energetika, ulag ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, ähli düzümlere döwrebap maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, oba hojalygy bilen baglanyşykly pudaklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn geljek üçin kesgitlän esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gök, bakja we miwe önümçiligini ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek babatda pikir alyşma boldy.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýalaşdyrmakda, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän mukdaryny hem-de görnüşlerini artdyrmakda, azyk bolçulygyny we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda hususy telekeçilige möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, kiçi we orta telekeçilik daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak babatda Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüşinde möhüm orun eýeleýär.

Şu nukdaýnazardan hususy pudagyň wekilleriniň taslamalaryna goldaw bermek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bütindünýä banky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bu ugurda bar bolan kuwwaty nazara alyp, türkmen tarapyna Doing Business (işewürligi alyp barmak) taslamasynyň soňky derejesi we oňa goşulmagyň ýagdaýy barada maglumat berdi.

COVID-19 yň ählumumy ykdysadyýete täsiri hem-de durnukly ösüşe goldaw bermek maksady bilen Bütindünýä walýuta gaznasynyň jogap çäreleri Wekilçilikli toparyň öňdebaryjy ýurtlarynyň merkezi banklarynyň we maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary bilen Halkara walýuta we maliýe komitetiniň şu gün geçirilen onlaýn mejlisiniň özenini düzdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki ýagdaýda gyssagly hereket etmek üçin goldaw bermek ählumumy ykdysady çökgünlik şertlerinde oňyn netije berer we häzirki ýagdaýyň durnuklaşmagyna ýardam eder.

Şeýle hem Bütindünýä bankynyň Wekilçilikli toparynyň hem-de Bütindünýä pul gaznasynyň ýurtlaryň 9-synyň arasynda şu gün göni aragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ertir Ösüş boýunça komitet, Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň departamentleriniň ýolbaşçysy hem-de Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan boýunça wekilhanasynyň baştutany bilen wideomaslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň gün tertibine orta möhlet üçin netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri giriziler.

Şu gün Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi onlaýn görnüşinde alymlaryň halkara duşuşygyny gurady.

Maslahat “Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýeti” atly mowzuk bilen baglanyşykly boldy. Paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen wideomaslahat bilen birlikde, alymlar tarapyndan ýurdumyzyň dürli ýadygärliklerinde ýüze çykarylan tapyndylarynyň sergisi guraldy.

Duşuşyga Beýik Britaniýadan, Russiýadan, ABŞ-dan, Italiýadan, Ispaniýadan we Fransiýadan arheologlar gatnaşdylar. Olar indi ençeme ýyllardan bäri Türkmenistanyň çäginde ylmy ekspedisiýalarda üstünlikli işleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni gymmatlyklary aýawly saklamaga we artdyrmaga hem-de bu pudagyň hünärmenleriniň öňünde duran wezipeleri üstünlikli çözmek üçin hukuk binýadyny döretmäge uly üns berýär.

Türkmenistanyň “Milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny goramak hakyndaky” Kanunyna hem-de Türkmenistanyň “Medeniýet hakyndaky” Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan taryhy, arheologik, şähergurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy landşaftyň desgalarynyň goralýan zolaklaryny guramagyň Tertibi munuň aýdyň subutnamasydyr.

2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goralmagyny üpjün etmek meseleleri hakyndaky” Karara gol çekilmegi nobatdaky möhüm ädim boldy. Şol Karara laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde ýergurluşyk, ýer, ýol-gurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny ylalaşmagyň Tertibi tassyklanyldy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, bu ulgamda ýörite ygtyýarly edara bolup durýan Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýanynda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak we abadanlaşdyrmak boýunça gazna döredildi.

Şu günki maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ýadygärlikleri goramagyň özboluşly ulgamy hereket edýär. Ýerlerdäki döwlet taryhy-medeni goraghanalar Milli müdirlige degişli guramalar bolup durýar.

Şeýle goraghanalaryň jemi sekizisi, ýagny, “Nusaý”, “Köneürgenç”, “Gadymy Merw”, “Gadymy Dehistan”, “Kerki”, “Abywerd”, “Köne Sarahs” we “Gökdepe galasy” goraghanalary bar. Milli taryhy-medeni mirasy düýpli öwrenmek maksady bilen, Türkmenistan dünýäniň köp ýurtlarynyň esasy ylmy merkezleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.

Duşuşykda Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň direktorynyň orunbasary Natalýa Solowýowa Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Ýylgyndepe eneolit ýadygärligini öwrenmek boýunça köpýyllyk türkmen-russiýa hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Bolon uniwersitetinden doktor Barbara Çerazetti çykyşyny Murgap derýasynyň gadymy hanasynda otuz ýylyň dowamynda geçirilen italýan-türkmen ylmy-barlaglaryna bagyşlady.

Taryh ylymlarynyň doktory Nadežda Dubowa Goňurdepede soňky ýyllarda geçirilen türkmen-russiýa ylmy barlaglarynyň netijeleri barada gürrüň berdi. Professor Linni Rouz Gadymy Marguşyň çägindäki ýadygärlikleri öwrenmek boýunça türkmen-amerikan taslamasy bilen tanyşdyrdy. Doktor Hunio Bendezu-Sarmýento we doktor Joanna Lýuilýe bilelikdäki çykyşyny “Ulugdepe-Merkezi Aziýa siwilizasiýasynyň gözbaşy: fransuz-türkmen arheologik ekspedisiýasynyň ylmy-barlaglary” diýip atlandyrdylar.

Professor Karlo Lippolis türkmen-italýan arheologik ekspedisiýasynyň Köne Nusaýda 2019-njy ýylda geçiren ylmy barlaglarynyň netijeleri barada habar berdi. Oksforddan doktor Pol Wordstwort hem-de Nýu-Ýorkyň Metropoliten sungat muzeýinden doktor Martina Rugiadi Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän, orta asyrlara degişli Daňdanakan hem-de Kuşmeýhan ýadygärliklerinde halkara hyzmatdaşlygynyň ilkinji netijeleri barada gürrüň berdiler.

Doktor Hose Luis Blesa Dehistanyň çäginde geçirilen türkmen-ispan arheologik ylmy-barlaglary barada aýtdy.

Londonyň Uniwersitet kollejiniň ýüpek ýoly kafedrasynyň professory öz çykyşyny Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň maglumatlarynyň elektron binýadyny döretmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny bagyşlady.

Geçen ýyllaryň tejribesi taryhy we medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak hem-de öwrenmek boýunça Türkmenistanyň we bu ulgamyň halkara guramalarynyň hem-de esasy ylmy merkezleriň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini görkezýär.

Bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeni syýasaty möhüm orun eýeleýär. Şol syýasatyň üstünligi köp babatda ägirt uly ykdysady we tebigy kuwwata, örän gadymy hem-de baý taryhy-medeni mirasa eýe bolan, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi bilen şertlendirilendir. Bu miras bolsa mähriban halkymyzyň hakyky buýsanjydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenýän arheologlaryň onlaýn-duşuşygy geçirildi
15.10.2020 | Webinaryň temasy medeni mirasy öňwrenmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy
Webinaryň temasy medeni mirasy öwrenmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy
“Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk geçirildi