15.09.2017 | Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň otuzysynyň baýdaklary galdyrdy

Olimpiýa şäherçesinde ýene-de onlarça ýurduň baýdaklaryny galdyrmak dabarasy boldy. Şol döwletleriň wekiliýetleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler.Dabara Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylarynyň gutlag sözünden soň başlandy.

Ilkinji bolup baýdagy galdyrmak hormatyna Butanyň topary mynasyp boldy.Soňra olimpiýa toplumynyň ýokarsynda Omanyň baýdagy galdyryldy. Üçünji bolup Palau ada döwletiniň ýygyndy toparynyň milli baýdagy belende galýar, soňra Filippinleriň baýdagy galdyrylýar.

Bu ýurduň wekiliýeti “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşýan wekiliýetleriň iň köp sanlysynyň biridir.Bäşinji bolup Kataryň ýygyndysynyň baýdagy galdyrylýar.Soňra Owganystanyň, Amerika Samoasynyň, Kuk adalarynyň, şeýle hem Ýaponiýanyň we Maldiwleriň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagynda ýene-de bäş ýurduň baýdaklary galdyryldy.

Agşam baýdak sütünli meýdançada ýaryşlara gatnaşýan ýurtlaryň milli baýdaklaryny galdyrmak boýunça birbada üç dabara geçirildi. Şol ýurtlaryň wekiliýetlerine Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerineýetiriji komitetiň ýolbaşçysy gutlag sözi hem-de iň gowy arzuwlar bilen ýüzlendi.

Ilkinji gezek Bruneý Darussalam, Yrak, Solomon adalary, Waunatu ýurtlarynyň baýdaklary belende galdyryldy.Günüň ikinji ýarymynda Bahreýniň, Bangladeşiň, Kiribatiniň, Mongoliýanyň, Özbegistanyň baýdaklaryny galdyrmak dabarasy boldy.Olimpiýa toplumynda Awstraliýanyň, Fijiniň, Eýranyň, Palestinanyň, Tuwalunyň baýdaklary galdyrylandan soň, şu günki dabaralar tamamlandy.

Baýdaklary galdyrmak çäresi ýurtlaryň her biriniň Senasynyň owazynyň astynda hormat garawuly rotasynyň esgerleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda amala aşyryldy.Bu şanly waka mynasybetli ýygyndy toparlaryň kapitanlary ýadygärlik sowgatlaryny aldylar.

Dabara gatnaşan ýygyndy toparlaryň agzalaryny artistler mübärekläp, köpöwüşginli baýramçylyk çykyşlaryny hödürlediler. Şeýlelikde, 13-nji we 14-nji sentýabrda bolan dabaralary nazara almak bilen, Olimpiýa şäherçesiniň baýdak sütünlerinde eýýäm oýunlara gatnaşýan wekiliýetleriň, milli ýygyndylaryň 30-synyň baýdaklary parlaýar. Şeýle hem şu gün Olimpiýa şäherçesinde 17-nji sentýabrda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň dabaraly açylyşynda boljak köpçülikleýin dabara esasy taýýarlyk çäresi geçirildi.

Bu sabyrsyzlyk bilen garaşylýan ajaýyp pursatlara sanlyja sagat galdy, şonda Olimpiýa şäherçesiniň baş meýdançasynda Aziadanyň alawy ýakylar hem-de köpsanly ýaryşlara we uly sport, dostluk we parahatçylyk baýramçylygyna resmi taýdan badalga berler.

Ýene degişli makalalar

Täze ýyl nirä, haçan gelýär?
Dünýäde Täze ýyly ilki bolup, Kiribati garşylady
Täze ýyl nirä, haçan geldi?
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy