15.09.2017 | Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri hem-de käbir resminamalaryň taslamalary girizildi.

Hormatly Prezidentimiz gün tertibine girizilen meselelere geçip, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarowa söz berdi.Wise-premýer Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, kärhanalaryň hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky guramalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny tölemek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudaklary okgunly ösdürmegiň hem-de diwersifikasiýa ýoly arkaly tutuş ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň durnukly ösüşini saklamak meselesine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryny kämilleşdirmek babatda kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow ulag we aragatnaşyk toplumlaryň pudaklarynda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer milli Liderimiz tarapyndan demir ýol, howa, awtomobil we ulagyň beýleki görnüşleriniň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag düzümleriniň köp şahaly sebit düzümlerini kemala getirmäge işjeň gatnaşyjy bolýandygyny belläp, ulag geçelgeleriniň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine hem-de umuman, sebitde durnuklylygyň, howpsuzlygyň we durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag pudaklarynyň ählisini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi, olar halkara ülňüleriniň ýokary talaplaryna laýyklykda işlemelidir.

Milli Liderimiz Türkmenistanda aragatnaşygy we telekommunikasiýa düzümlerini ösdürmek baradaky meselelere geçmek bilen, bu ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýerden degişli meseleleriň çözülmegi üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Häzirki döwürde gaz geçirijiniň türkmen böleginde işler alnyp barylýar.

Bu ugurda “TAPI Pipeline Сompany Limited” paýdarlar kompaniýasy tarapyndan tehniki maslahatçy—Germaniýanyň “ ILF Beratende Ingeniure GmbH” hem-de hukuk maslahatçy—Beýik Britaniýanyň “Allen and Overy LLP” kompaniýalary bilen bilelikde gaz geçirijiniň Owganystanyň we Pakistanyň çäginden geçjek böleginiň gurluşygyna başlanmaly döwre çenli durmuşa geçirilmeli çäreleriň deslapky tapgyrlary kesgitlenildi.

Hususan-da, gaz geçirijiniň degişli böleginiň gurluşygyna 2018-nji ýylyň başynda girişmek hem-de 2019-njy ýylda tebigy gazy akdyryp başlamak maksady bilen, dürli göwrümli enjamlary we turbalary satyn almak üçin halkara bäsleşigini sentýabr aýynyň aýagyna çenli geçirmek meýilleşdirildi. Şeýle hem gaz geçirijiniň ugrunda guruljak gaz gysyjy beketleriň we beýleki ugurdaş desgalaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendigini belledi. Ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir sebit üçin ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem ol ählumumy energetika howpsuzlygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär.

TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi müňlerçe iş orunlarynyň, degişli elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk we durmuş düzümleriniň döredilmegine mümkinçilik berer.Tutuşlygyna alanyňda, bu taslama ykdysady, durmuş we ynsanperwer häsiýetdäki meseleleriň giň toplumynyň çözgüdini, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň berkidilmegini şertlendirer diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu iri energetika taslamasyny öňe ilerletmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Güýzlük bugdaý ekişi dowam edýär.Pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär.Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatynda bellenilen sepgitlere ýetmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagty ýygymy barada aýtmak bilen, bu örän möhüm oba hojalyk möwsümini öz wagtynda tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi, munuň obasenagat toplumynyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy, eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, ýurdumyzyň dokma senagatynyň gymmatly çig mal bilen üpjün edilmegi üçin uly ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzyň ekerançylary üçin güýzlük bugdaý ekişi hem uly synag bolup durýar diýip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň ähmiýetini belledi, munuň özi ozaly bilen, ekologiýa abadançylygyny saklamak, türkmenistanlylaryň mynasyp durmuşy üçin amatly şertleri döretmek babatda möhümdir diýip, milli Liderimiz paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ekilen nahallara ideg etmek boýunça işleri göwnejaý derejede guramak barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça uzakmöhletleýin maksatnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagat pudagyndaky syýasatynyň durnukly, täzeçil ösüşe, milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilendigini belledi. Ýurdumyzyň bazarlaryny daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, uly islegden peýdalanýan önümler bilen doly üpjün etmek, taýýar önümleriň eksportunyň möçberini artdyrmak boýunça senagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz netijeli bazar çemeleşmelerini ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew paýtagtymyzy düzümleýin ösdürmek, onuň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, gök zolaklaryň çägini giňeltmek, şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Seýilgähleri, ýollary we ýaşaýyş toplumlaryndaky ýanýodalary abatlamak, şäheri bagy-bossanlyga büremek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hem aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine ulgamlaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýdyp, abadanlaşdyrmagyň we bagy-bossanlyga büremegiň şäher hojalygynyň işiniň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ilatyň ýokary durmuş derejesiniň we oňaýly gurşawyň üpjün edilmegi ugrunda bu ulgamda döredilýän şertleriň döwrebap ýagdaýda bolmalydygyna ünsi çekip, paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyny we binalaryň bezegini gowulandyrmaga toplumlaýyn esasda çemeleşmegi talap etdi. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen durmuş-ykdysady wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde täze desgalaryň gurluşygy boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Döredijilik çäreleriniň maksatnamasyna belli estrada aýdymçylarynyň, sirk artistleriniň, tans we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary esasynda taýýarlanylýan konsertler girizildi. Ýurdumyzyň kinokonsert merkezlerinde täze filmleriň, teatrlarda bolsa tomaşaçylaryň arasynda meşhurlyk gazanan sahna oýunlarynyň görkezilişi bolar. Şu aýda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, neşir önümleriniň sergileri guralar.

Milli medeni-taryhy mirasymyzy giňden wagyz etmek, ýurdumyza dünýä syýahatçylaryny çekmek boýunça alnyp barylýan işler dowam edýär. Şu maksat bilen Türkmenistanyň syýahatçylyk kartasy, paýtagtymyzyň ajaýyplyklary bilen tanyşdyrýan ýörite ugurlaryň çyzgysy taýýarlanyldy we türkmen halkynyň belli şahsyýetleri hakynda kitaplar neşir edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli meýilleşdirilen çärelerde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhunyň öz beýanyny tapmalydygyny, türkmen halkynyň milli mirasynyň we maddy medeniýetiniň, döwletimiziň dürli ugurlar boýunça häzirki döwürde gazanýan üstünlikleriniň giňden wagyz edilmelidigini aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu Konsepsiýa maglumat bilim ulgamyny döretmäge we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Bilim ministrliginiň garamagynda innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmeginiň, şol ýerde-de elektron bilim gorlaryny özünde jemleýän merkezi serweriň ýerleşdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.Merkezde döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, şol sanda elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audio materiallar, interaktiw-multimediýa programmalary, tanyşdyryşlar we beýlekiler işlenip taýýarlanylar.

Bu ýerde ylym we bilim ulgamynda dünýä täzelikleri öwreniler, ensiklopediýalar we sözlükler dörediler.Merkezi serwerde ýerleşdiriljek elektron bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň hemmeler (okuwçylar, talyplar, ata-eneler, bilim işgärleri we beýlekiler) üçin mydama elýeterli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, bilim edaralary özara ýeke-täk bilim toruna meýilnama laýyklykda tapgyrlaýyn birikdiriler.

Bilim edaralaryny dolandyrmak işine maglumat kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylar.Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we taslamany makullap, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň ýaşaýan ýerine garamazdan, milli we halkara ölçeglerine, häzirki döwrüň maglumat jemgyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli bilim hyzmatlaryny almak üçin deň mümkinçilikleri üpjün etjekdigini belledi.

Munuň özi raýatlarymyza goşmaça we üznüksiz bilim almaga, kämil usullar arkaly hünärini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky” Karara gol çekip, dünýäniň iň gowy tejribesiniň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda innowasiýa maglumat merkezini döretmek boýunça guramaçylyk meseleleriniň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy.

Netijeli sanly bilim ulgamynyň üpjün edilmeginiň adam kuwwatyny ýokarlandyrmaga hem-de ykdysadyýete we beýleki ulgamlara innowasion serişdeleri çekmäge mümkinçilik berjekdigi äşgärdir.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 72-nji maslahatyna hem-de BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň Ženewada geçiriljek 36-njy mejlisine gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň öz işine başlan 72-nji maslahatynyň gün tertibine häzirki zamanyň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamy boýunça möhüm meseleleri giriziler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň möhüm talaplaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan ileri tutulýan ugurlary we başlangyçlary barada hasabat berdi.

Sebitleýin we ählumumy möçberde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek Türkmenistanyň işjeň başlangyçlarynyň esasy maksady bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, ählumumy abadançylygyň bähbidine ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goldaw bermäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlemegi meýilleşdirýän döredijilikli başlangyçlary hut şu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.Milli Liderimiz netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň mümkinçilikleriniň geljekki ugurlaryny we tutuş adamzat üçin möhüm bolan wajyp halkara meseleleriniň deňeçer çözgüdiniň işlenip taýýarlanylmagynyň döwletimiziň öňe sürýän esasy ugurlarynyň biridigini nygtap we bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe degişli görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz S.Garajaýewi başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) baş konsuly wezipesinden boşatmak hakyndaky Karara hem-de oňa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hem-de ony Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de Ýaşulularyň maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.Häzirki wagtda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenleriniň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalary hem-de özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Deputatlar ilata kabul edilen kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça yzygiderli iş alyp barýarlar, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy bilen tanyşýarlar, möhüm meseleleriň çözülmegine ýardam edýärler we dürli jemgyýetçilik çärelerine gatnaşýarlar. Ýaşulularyň maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Guramaçylyk meseleleri bu işe jogapkär düzümleriň ählisi bilen ylalaşykly çözülýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady maksatnamalary hem-de taslamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, milli parlamentiň netijeli kanunçykaryjylyk işiniň—kanunlary döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak Ýaşulularyň maslahaty barada durup geçip, umumymilli forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.Soňra mejlise çagyrylan Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.

Berdiýew harby we hukuk goraýjy edaralardaky işleriň umumy ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmek, maşgala agzalarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolan hem-de “açyk gapylar” syýasatyny ýöredýän Garaşsyz Türkmenistanda parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berip, geljekde hem harby ulgamda, ozaly bilen bolsa, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de pugtalandyrylmagyna, şeýle hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns beriljekdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňünde ak mermerli paýtagtymyzda arassaçylyk we abadanlaşdyrmak işlerini üpjün etmek, seýilgäh zolaklarynyň gerimini giňeltmek, dürli gülleri ekmek we ozal bar bolanlaryna degişli derejedäki idegi ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde şäheriň ilatynyň durmuş üpjünçiligini, ekologiýa derejesini has-da gowulandyrmak ugrunda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreler hakynda habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň, ýerine ýetirilýän gurluşykçylaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini, degişli arassaçylyk işleriniň ýokary derejede geçirilmelidigini we şäheriň ýol-ulag düzüminiň yzygiderli kämilleşdirilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow, Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew, lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew we Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak, bu ulgamda bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryňhäkimleriniň hasabatlaryny diňläp, olaryň her birine ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaý ekişini we pagta ýygymyny bellenilen möhletlerde, ýokary hilli tamamlamak bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk we eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler, türkmen halkyna bolsa Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda abadançylyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

15.09.2017 | Türkmenistan “TOPH” gaçgeçirijisiniň owgan bölegini gurmaga taýýarlanýar
Türkmenistan TOPH-y 2019-njy ýylda işe girizmekçi, ýogsa ozal onuň 2020-nji ýylda tamamlanjagy aýdylypdy
Türkmensitan TOPH-yň howpsuzlygy barada aladalanýar
Türkiýe we Siriýa ýertitremelerinde diri galanlaryň haýran galdyryjy taryhlary
“Dollar global ulgamda ygtybarlylygyny ýitirendigini ýene-de bir gezek görkezdi”
Berat Albaýrak Germaniýada saparda bolýar