Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdan daşary mejlisini geçirdi.Onda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe howpsuzlygy üpjün etmek babatda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde duran möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň barşyna garaldy hem-de bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde duran işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, mälim bolşy ýaly, 17-nji sentýabrdan örän möhüm halkara wakasynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanýandygyny belledi. Şu döwürde biziň ýurdumyza köp sanly ýokary wezipeli myhmanlaryň, döwlet ýolbaşçylarynyň, halkara guramalarynyň wekilleriniň hem-de beýleki jogapkär adamlaryň gelmegine garaşylýar.
Türkmenistan V Aziýa oýunlaryny geçirýän ýurt hökmünde bu Oýunlaryň geçirilýän döwründe ýol howpsuzlygy üpjün etmeli. Şunuň bilen baglylykda, 17-nji awgustdan 27-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň ähli çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň güýçlendirilen düzgüni yglan edilýär diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu baradaky buýruga gol çekdi. Şu döwürde ýurdumyzyň ähli harby we hukuk goraýjy edaralary gije-gündizleýin iş düzgünine geçýärler diýip, Belent Serkerdebaşymyz sözüni dowam etdi hem-de serhetleriň ýapylýandygyny, wiza düzgünleriniň çäklendirilýändigini, gümrük gözegçiliginiň güýçlendirilýändigini nygtady. Şu düzgün bilen baglylykda beýleki çäreler hem görülýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ýurdumyza gelmek we ýurdumyzdan gitmek düzgüni boýunça adamlara V Aziýa oýunlaryny üpjün etmek, şahsy we durmuş meseleleri bilen bagly, şeýle hem haýsydyr bir ozal ylalaşylan halkara çärelerine gatnaşmak üçin rugsat berilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ýöne welin, islendik Aýratyn halatlarda bu meselelere ýörite topar tarapyndan serediler. Şu döwürde Aşgabatda göz öňünde tutulan ähli halkara sergileri we çäreler has giçki möhletlere geçirilýär.
Biz bu meselelere düşünmek bilen garaýan beýleki döwletleriň ýolbaşçylaryna minnetdardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ý.Berdiýew Türkmenistanyň goranyş ukyplylygyny pugtalandyrmaga hem-de milli goşunyň kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň çäklerinde görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, harby ulgamda iri möçberli özgertmeleri üstünlikli öňe ilerletmegiň ähmiýetini belledi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goranmak ministrligi tarapyndan amala aşyrylýan işleriň birnäçe esasy ugurlaryna ünsi çekip, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we olaryň maşgalalarynyň oňaýly durmuşy üçin hemme şertleri döretmek boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz alnyp barylýan möhüm işleriň hatarynda edermen we gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etmeli ýaş harby gullukçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek bolup durýandygyny aýtdy.Belent Serkerdebaşymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn ünsi çekdi hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz serhet goşunlarynyň gullukçylarynyň üstüne ýüklenilen jogapkärçiligiň aýratyn wajypdygy barada aýdyp, bu düzümiň işini kämilleşdirmek maksady bilen zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky gullugyň işine gözegçiligi gowşadyp, harby düzgün-nyzamyň pese düşmegine ýol berendigi üçin Döwlet serhet gullugynyň başlygyna berk käýinç yglan etdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy B.Gündogdyýewiň general-maýor harby adyny polkownik harby adyna çenli peseltmek hakyndaky Permana gol çekdi.
Içeri işler ministri I.Mulikow hukuk düzgün bozulmalaryň öňüni almak hem-de raýatlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça her ýyl geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde sentýabr aýynda geçiriljek çäreler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, IIM-niň düzüm bölümleriniň işine gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangynlaryň ýüze çykmagyny öňünden duýdurmak, ýurdumyzyň ýollarynda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmek, ýol hereketine gatnaşyjy her bir adamyň öz howpsuzlygyna şahsy jogapkärçiligini düşündirmek boýunça çäreleri guramagy işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem saglygy goraýyş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji edaralar hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ilatyň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgeleri wagyz etmek boýunça çäreleri geçirmegiň wajypdygyny belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy barha golaýlaşýan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ähmiýetini nygtap, jemgyýetçilik düzgün-tertibini saklamak hem-de “Aşgabat 2017” sport çäreleriniň geçirilýän döwründe ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew döwletimiziň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Milli Liderimiz hemişe kanunylylygyň goragynda durmaly bu ulgamyň işgärleriniň üstüne ýüklenilen esasy wezipelere ünsi çekip, ygtybarly, ýokary hünär derejeli işgärleriň saýlanylyp alynmagyna mundan beýläk-de uly üns berilmelidigini tabşyrdy.
Türkmenistanyň Baş prokurory B.Atdaýew prokuratura edaralary tarapyndan geçirilýän işler barada hasabat berdi.Milli Liderimiz hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde, V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe hukuk tertibiniň doly üpjün edilmegi boýunça işleriň utgaşdyrylmagyny amala aşyrmagy tabşyrdy.
Soňra amala aşyrylýan işler barada milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow hasabat berdi.Howpsuzlygyň üpjün edilmegi döwletimiziň okgunly ösüşiniň hem-de halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň kepili bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz bu gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Ý.Söýegow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işi barada hasabat berdi.Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gullugyň öňünde durýan jogapkärli wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, hususan-da, Türkmenistanyň gümrük çäginiň üstünden geçýän ýükleriň göwnejaý barlanylmagyny üpjün etmek üçin çäreleri görmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan anyk işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gullugyň üstüne ýüklenen wezipäniň möhümdigi barada aýdyp, soňky döwürde ýurdumyza gelýän daşary ýurt raýatlaryň sanynyň barha artýandygy we olary mynasyp derejede kabul etmegiň bu düzümiň işgärleriniň sazlaşykly işine baglydygyny nygtady.
Milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň guramaçylykly garşy alynmagyna, olaryň degişli resminamalarynyň resmileşdirilmegine aýratyn ünsi çekdi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyza gelýän beýleki adamlaryň hem wiza düzgünini berjaý edişine gözegçiligi güýçlendirmek barada anyk tabşyryklar berildi.
Soňra Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýew korrupsiýa garşy göreşmek babatda döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça birnäçe düzümlerde geçirilen seljerme işleriniň netijeleri baradaky habar berildi.
Belent Serkerdebaşymyz hasabaty diňläp, gullugyň esasy ygtyýarlyklaryna we wezipelerine ünsi çekdi.Döwlete zeper ýetirilmegi bilen baglanyşykly jenaýatlary ýüze çykarmak, öňüni almak, üstüni açmak hem-de derňemek boýunça amala aşyrylýan işler milli kanunçylyga laýyklykda alnyp barylmalydyr diýip, Belent Serkerdebaşymyz nygtady hem-de bu düzümiň ýolbaşçysyna “Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilýän döwründe harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde bu ugurdaky işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.
Adalat ministri B.Muhammedow Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny has-da özgertmek, ony halkara hukugynyň kadalaryna kybap getirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.Milli Liderimiz alnyp barylýan işleriň ähmiýetini nygtap, hukuk düzgüniniň dünýä tejribesini ýurdumyzyň ýagdaýyna kybap getirmegiň, onuň milli hukuk öwrenijiler tarapyndan işjeň öwrenilmegini gazanmagyň häzirki wagtda bu ministrligiň öňünde goýlan wajyp wezipeler bolup durýandygyny nygtady.
Bu düzümiň ýolbaşçysyna V Аziýa oýunlary döwründe degişli edaralar bilen bilelikde sazlaşykly işleri amala aşyrmak tabşyryldy.Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdan daşary mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.